Baş sahypa

Täzelikler

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

03.02.2024
Card image cap

Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna hem-de döwlet durmuşyna degişli ileri tutulýan meselelere garaldy.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryndan gelip çykýan wezipeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek babatda alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda hünär derejesini ýokarlandyrmak ugry boýunça okaýan diňleýjiler bilen önümçilik-tejribe okuwlary geçirildi.

Şeýle hem parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmak we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berildi. HHR-iň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň Başlygynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygynda ýurdumyza sapar bilen gelen parlament wekiliýeti bilen bolan duşuşygyň barşynda kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmak we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) wekilleriniň ýurdumyza iş saparynyň çäklerinde “Merkezi Aziýada hukuk döwlet gurluşyna ýardam bermek” atly sebitleýin maksatnamanyň ýolbaşçysynyň we bilermenleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanynyň taslamasyny işläp taýýarlamak boýunça iş toparynyň maslahaty geçirildi. Mejlisiň deputatlary ABŞ-nyň Halkara ösüş boýunça agentliginiň “Gender deňligi: mümkinçilikler hem-de hukuklar boýunça halkara we milli tejribe” atly, şeýle-de BMG-niň Ilat gaznasynyň Aýallaryň hukuklary baradaky Konwensiýasy boýunça Milli hasabaty işläp taýýarlamak bilen bagly ýurdumyzyň degişli edaralary bilen bilelikde geçiren okuw maslahatlaryna gatnaşdylar.

Bellenilişi ýaly, deputatlar döwlet syýasatyny, ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleri, amala aşyrylýan özgertmeleri wagyz-nesihat etmek ugrunda geçirilýän çärelere gatnaşýarlar hem-de kanunlaryň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmekde köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly degişli işleri alyp barýarlar.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ugurlarynda düýpli özgertmeleriň geçirilip, kanunçylyk namalarynyň yzygiderli kämilleşdirilýändigini belledi. Kämil kanunlar bolsa döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmekde kuwwatly hukuk binýady bolup çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu ugurda netijeli işleri alyp barmagy dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow “Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň arasynda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň ýurt boýunça Maksatnamasynyň” çäklerinde ykdysady ulgamda geçirilen işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň ýurdumyzdaky wekilhanasy tarapyndan “Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegiň binýady, 3-nji tapgyr” atly taslamanyň gutarnykly görnüşine gol çekmek üçin teklip edilýär. Şunuň bilen baglylykda, Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegiň birinji we ikinji tapgyrlarynda ýerine ýetirmek babatda kesgitlenen wezipeleri amala aşyrmak maksady bilen, 2019 — 2023-nji ýyllarda alnyp barlan işler barada maglumat berildi.

Ýokarda agzalan resminama laýyklykda, 2024-2025-nji ýyllarda taslamanyň üçünji tapgyrynda Durnukly ösüş maksatlaryny ýurdumyzda durmuşa geçirmekde, hasabatlylygy alyp barmakda we gözegçilik etmekde, maliýe esaslaryny berkitmek ulgamynda halkara tejribäni öwrenmekde bilelikdäki işleri guramak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna girmegi meselesi boýunça milli mümkinçiligi ýokarlandyrmak babatda çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň möhüm ugurlarynyň biriniň Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmekden ybaratdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen hyzmatdaşlygy alyp barýandygy bellenildi. Hususan-da, «Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegiň binýady» atly taslamany durmuşa geçirmekde BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen bilelikde alnyp barylýan işlere aýratyn üns çekildi. Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda agzalan taslamanyň birinji we ikinji tapgyrlarynyň üstünlikli ýerine ýetirilendigini kanagatlanma bilen belläp, «Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegiň binýady» atly taslamanyň üçünji tapgyryny 2024-2025-nji ýyllarda amala aşyrmak boýunça teklibi goldady we wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow nebitgaz pudagynyň ylmy-barlag institutlarynyň işleri, hususan-da, ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny önümçilige giňden ornaşdyrmak boýunça görülýän çäreler, bu ulgamda amala aşyrylýan halkara hyzmatdaşlyk barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “Türkmengaz” döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz instituty we “Türkmennebit” döwlet konserniniň “Nebitgazylmytaslama” instituty bilen bilelikde hereket edýän nebitgaz ýataklaryny netijeli ulanmaga gönükdirilen işler yzygiderli amala aşyrylýar.

Gaz we gaz kondensaty ýataklary institutlaryň alymlarynyň we hünärmenleriniň ylmy taýdan esaslandyrylan taslamalary boýunça özleşdirilýär. Alymlaryň, hünärmenleriň öňünde geologiýa, ýataklary özleşdirmek, burawlamak we nebitgaz desgalarynyň taslamalaryny işläp düzmek, olary öz wagtynda önümçilige ornaşdyrmak ulgamynda ylmy-barlag işlerini ýerine ýetirmek babatda wezipeler goýuldy. Öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak maksady bilen, ýurdumyz uly tejribä we kuwwata eýe bolan ygtybarly daşary ýurt nebitgaz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, täze nebitgaz ýataklaryny gözlemek, özleşdirmek, nebitgaz infrastrukturasyny gurmak ýaly işlere ylmy taýdan çemeleşmek boýunça «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernlerine degişli bolan ylmy-barlag institutlarynyň wajyp ornunyň bardygyny belledi. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmekde ylmy-barlag institutlarynyň alyp barýan işleri bilen bir hatarda, nebitgaz ugry boýunça işleýän halkara ylmy-barlag institutlary bilen hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk toplumynda we ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, gowaça ekiş möwsümine görülýän taýýarlyk işleriniň çäklerinde ýerleri sürmek we tekizlemek işleri alnyp barylýar, bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri dowam edýär. Diýarymyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek maksady bilen, ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişini guramaçylykly geçirmek boýunça degişli çäreler görülýär.

Şeýle hem wise-premýer ahalteke bedewleriniň tohum arassalygyny gorap saklamak, olaryň baş sanyny köpeltmek, behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň Arkadag şäherinde bina edilen Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň barlaghanasynda ahalteke atlarynyň arassa ganlylygyny gorap saklamak maksady bilen, atlaryň genetiki seljerme işleri geçirilýär. Bedewleriň ösüşini we reňk aýratynlyklaryny ylmy esasda öwrenmek bilen bagly ylmy-barlag işleri amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň atçylyk hojalyklarynda şu ýylda doglan ýaş taýlary tohumçylyk hasabyna almak, olara ýörite şahadatnamalary bermek boýunça degişli işler dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işlerini, möhüm möwsüm bolan ýazky ekişe taýýarlygy talabalaýyk guramagyň, tohumlaryň ýokary hilli, tehnikalaryň gurat, ekin meýdanlarynyň daş-töwereginiň arassa bolmagyna möhüm ähmiýet bermegiň wajypdygyny belledi we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz ahalteke bedewleriniň tohum arassalygyny gorap saklamak maksady bilen, genetiki barlaglary geçirmegiň wajypdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Arkadag şäherinde açylyp ulanmaga berlen Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň hem ahalteke atlarynyň arassa ganlylygyny gorap saklamaga, atlaryň genetiki seljerme işlerini geçirmäge gowy mümkinçilik berýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak, arassa ganlylygyny gorap saklamak, reňk aýratynlyklaryny ylmy esasda öwrenmek işlerini yzygiderli alyp barmagy tabşyrdy. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow şu ýylda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen binalar we desgalar barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde gurluşyk ulgamyny ösdürmek üçin ähli şertler döredildi, täze şähergurluşyk syýasaty durmuşa geçirilýär, ösen tehnologiýalary ulanmak arkaly medeni-durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýar.

Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri, degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip atlandyrylan 2024-nji ýylda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän iri önümçilik, durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň sanawyny düzmek boýunça degişli işleriň geçirilendigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Her ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän binalaryňdyr desgalaryň sanawy düzülýär. Şu ýylda hem ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň sanawy öz içine iri önümçilik, durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň 49-syny alýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de wise-premýere olaryň öz wagtynda gurlup ulanmaga berilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda söwda we telekeçilik ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek, hususy pudagyň milli ykdysadyýetimizde eýeleýän ornuny artdyrmak «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» strategik ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, dünýä döwletleri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmak, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak, söwda hyzmatlaryny kämilleşdirmek, halkyň sarp edýän harytlaryna bolan islegleri kanagatlandyrmak boýunça zerur işler alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, täze taryhy eýýamda Türkmenistanyň ykdysady syýasatynda möhüm orna eýe bolan söwda toplumynyň ýurdumyzda çalt depginlerde ösýän ulgamlaryň birine öwrülendigini belledi we bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi wise-premýere tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň we beýik türkmen şahyrynyň ýadygärliginiň açylyş dabarasyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, bu toplumyň çäginde daşary ýurtlaryň meşhur şahsyýetleriniň, görnükli ýazyjy-şahyrlarynyň we söz ussatlarynyň heýkellerini oturtmak meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Gündogaryň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ulanmaga beriljek medeni-seýilgäh toplumynda daşary ýurtly görnükli şahsyýetleriň, meşhur ýazyjy-şahyrlaryň heýkelleriniň oturdylmagynyň umumadamzat gymmatlyklaryna hormatdan nyşandygyny belledi. Munuň özi medeni gatnaşyklaryň halkara derejede has-da rowaçlanmagyna getirer. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere bu heýkelleriň taslama görnüşlerini has-da kämilleşdirip, degişli işleri geçirmek tabşyryldy.

Soňra wise-premýer 5-nji fewralda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet ýylynyň ýapylyş dabarasyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň dünýä döwletleri bilen medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýändigini belläp, wise-premýere Hytaý Halk Respublikasynyň ýurdumyzdaky Medeniýet ýylynyň ýapylyş dabarasyny mynasyp derejede geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow 2024-nji ýylyň mart-aprel aýlarynda geçiriljek halkara olimpiadalara, ylmy-amaly maslahata we sergä görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň mart aýynda Arkadag şäheriniň 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynda mekdep okuwçylarynyň arasynda halkara matematika olimpiadasy, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde talyplaryň arasynda IV Açyk halkara matematika olimpiadasy geçiriler. Aprel aýynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde talyplaryň arasynda II Açyk halkara informatika olimpiadasyny hem-de “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe talyp ýaşlaryň ylmy garaýyşlary” atly halkara ylmy-amaly maslahaty we sergini guramak göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Garaşsyz ýurdumyzda bilim ulgamy boýunça kabul edilen konsepsiýalarda kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, Arkadag şäherinde mekdep okuwçylarynyň arasynda matematika dersi boýunça ilkinji gezek geçiriljek halkara olimpiadany ýokary derejede guramagy, şeýle hem Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde talyplaryň arasynda matematika we informatika dersleri boýunça olimpiadalary geçirmäge gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe talyp ýaşlaryň ylmy garaýyşlary» atly halkara ylmy-amaly maslahaty we sergini hem guramaçylykly geçirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Soňra wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna «Bilim işiniň döwlet akkreditasiýasy hakynda Düzgünnamany tassyklamak hakynda» Kararyň taslamasyny hödürledi. Bu resminamanyň taslamasy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkara tejribeleriň esasynda bilimiň hiline baha bermegiň döwrebap nusgalaryny ornaşdyrmak maksady bilen, “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda işlenip taýýarlanyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, geljekde-de bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek boýunça işleriň dowam etdiriljekdigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz «Bilim işiniň döwlet akkreditasiýasy hakynda Düzgünnamany tassyklamak hakynda» Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we resminamanyň talabalaýyk ýerine ýetirilmegi babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistan bilen Ýewropanyň Maýa goýum bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Ýewropa Bileleşigi bilen köpugurly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygy bellenildi. Şunda Ýewropanyň maliýe institutlary bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge uly üns berilýär.

Türkmenistan 1992-nji ýylyň 1-nji iýunyndan bäri Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň agzasy bolup durýar. Bu bank bilen ýurdumyzyň dokma senagaty, oba hojalygy, ulag, logistika pudaklarynda, hususy ulgamynda maýa goýumlary amala aşyrmak we karz serişdelerini gönükdirmek boýunça ysnyşykly hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. 30 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň maliýe serişdeleriniň hasabyna ýurdumyzda 87 sany taslama amala aşyryldy. Häzirki wagtda 22 sany taslamany durmuşa geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Lýuksemburgda «Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa» formatynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň derejesinde nobatdaky maslahat geçirildi. Onuň çägindäki duşuşyklarda Ýewropa Bileleşiginiň ýokary wezipeli wekilleri Ýewropanyň Maýa goýum banky bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ýola goýmak mümkinçiligine garamagy teklip etdiler. Şeýle hem bu mesele Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidentiniň şu ýylyň ýanwarynda ýurdumyza bolan sapary mahalynda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýewropanyň Maýa goýum banky 1958-nji ýylda esaslandyryldy. Häzirki wagtda Ýewropa Bileleşigine girýän 27 döwlet bu bankyň paýdarlary bolup durýar. Bank dünýäniň 160 döwleti, bank edaralary, BMG we beýleki halkara guramalar, jemgyýetçilik düzümleri, hususy ulgam bilen hyzmatdaşlyk edýär. Onuň maýa goýumlary we karz serişdeleri, esasan, daşky gurşaw, howanyň üýtgemegi, innowasiýalar, sanly ulgam, adam maýasynyň ösdürilmegi, kiçi we orta telekeçiligi, durnukly şäherler we sebitler, energiýa, durnukly ulag ýaly ugurlara gönükdirilendir.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen Ýewropanyň Maýa goýum bankynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak, hususan-da, Çarçuwaly ylalaşygyň taslamasyna degişli gepleşikleri geçirmek ýaly meseleler boýunça teklipler beýan edildi. Munuň özi Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklaryň gerimini giňeltmäge, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge ýardam berer, Ýewropa Bileleşiginiň we Ýewropa döwletleriniň maýa goýumlaryny ýurdumyzda amala aşyrylýan möhüm ykdysady taslamalara çekmegiň goşmaça guraly bolup hyzmat eder.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň halkara banklar we maliýe guramalary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk edýändigini, amatly şertlerde karzlary, maýa goýumlary çekmek boýunça netijeli işleri durmuşa geçirýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz şular barada aýtmak bilen, wise-premýer, daşary işler ministrine Türkmenistan bilen Ýewropanyň Maýa goýum bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça işleri dowam etdirmegi, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän taslamalara bu halkara bankyň maýa goýumlaryny çekmek boýunça zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ulag-kommunikasiýa toplumyny ösdürmek, garamagyndaky kärhanalaryň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Hususan-da, “Türkmendemirýollary” agentligi tarapyndan demir ýol ulaglary arkaly halkara we içerki ýük daşamalaryň ykdysady netijeliligini ýokarlandyrmak we giňeltmek, ulaglaryň kuwwatyndan has doly peýdalanmak üçin amatly şertleri döretmek ugrunda alnyp barylýan işler hakynda aýdyldy. Daşky gurşawy goramak babatda ähli şertleri nazara almak bilen, demir ýol stansiýalarynda hereket edýän infrastruktura desgalarynyň durkuny täzelemek, täzelerini gurmak meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň demir ýol ulagy pudagyny döwrebaplaşdyrmaga möhüm ähmiýet berilýändigini belledi we agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

 tdh.gov


Bulary hem okaň