PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY
Baş sahypa

Täzelikler

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

28.08.2023
Card image cap

25.08.2023. Zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda wise-premýerleriň şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda ýerine ýetirilen işler baradaky hasabatlary diňlenildi hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň gaýragoýulmasyz wezipelerine garaldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew gözegçilik edýän ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, şeýle hem telekeçilik ulgamynda şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 104 göterime barabar boldy. Öndürilen önümleriň ösüş depgini 102,8 göterim ýerine ýetirildi.

Dokma senagaty ministrligi boýunça geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nah ýüplügiň öndürilişi 103 göterime, nah matalar 107,2 göterime, tikin we trikotaž önümleri 101,3 göterime, gön önümleri 114,2 göterime barabar boldy.

Şu ýylyň ýedi aýynda «Türkmenhaly» döwlet birleşigi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 107,1 göterim ýerine ýetirildi.

Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça ýylyň başyndan bäri birža söwdalarynyň 172-si geçirilip, 18 müň 85 şertnama hasaba alyndy. Söwda-senagat edarasy boýunça şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 111,3 göterime barabar boldy. Sergileriň 11-si we maslahatlaryň 43-si geçirildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 106,1 göterime hem-de senagat önümleriniň ösüş depgini 110,8 göterime deň boldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, söwda toplumynyň işini kämilleşdirmek, şeýle hem hususy ulgamyň önümçiliklerini artdyrmak boýunça zerur çäreleri görmegiň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen birlikde, täze önümçilikleri döretmek, eksport edilýän önümleriň mukdaryny köpeltmek boýunça maksatnamalaýyn işleri geçirmek möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işine sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça işleri çaltlandyrmagyň, eksport we import şertnamalaryny biržada bellige almagyň tertibini, baha emele getirmegiň usulyny kämilleşdirmegiň möhümdigine aýratyn ünsi çekip, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli beýleki meselelere hem garaldy, dürli pudaklary ösdürmäge gönükdirilen resminamalar kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

 

www.tdh.gov.tm


Bulary hem okaň