Düýn Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet
howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy
edaralaryň şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň
netijelerine garaldy. Şeýle hem mejlisiň gün tertibine Garaşsyz Watanymyzda
howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň
maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de
kämilleşdirmek bilen bagly meseleler girizildi.
Ilki bilen, Döwlet
howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip,
hasabat döwründe harby özgertmeleriň çäklerinde kesgitlenen wezipeleri, şol
sanda Milli goşunyň goranyş ukybyny berkitmek boýunça wezipeleri üstünlikli
ýerine ýetirmek babatda görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem harby
gullukçylary gullukdan boşatmagyň, raýatlaryň nobatdaky harby gulluga
çagyrylyşynyň barşy, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek
dabaraly harby ýörişe taýýarlyk görlüşi barada hasabat berildi. Mundan
başga-da, ýakynda geçirilen harby okuw meýdan türgenleşiginiň netijeleri
hakynda aýdyldy.
Ýurdumyzyň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, döwletimiziň diňe goranyş
häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasyna laýyklykda, harby we hukuk goraýjy
edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagynyň ilkinji nobatdaky
wezipeleriň hatarynda çykyş edýändigini belledi. Harby we hukuk goraýjy
edaralaryň tehniki taýdan kämilleşdirilmegi harby gullukçylaryň aýratyn
taýýarlygyny talap edýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi hem-de
harby okuw edaralarynda bilim bermegiň, okatmagyň innowasion usullaryny
ulanmagy tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz ýakynda geçirilen harby okuw meýdan
türgenleşiginiň netijelerine kanagatlanma bildirip, meýilnama laýyklykda,
türgenleşigi mundan beýläk-de ýokary hilli geçirmegi dowam etdirmegiň
möhümdigini belledi. Okuw türgenleşigi Ýaragly Güýçlerimiziň has-da
kämilleşýändigini görkezdi. Şunuň bilen baglylykda, onuň söweşjeň taýýarlygyny
has-da ýokarlandyrmak barada görkezme berildi.
Harby gullukçylary harby
gullukdan boşatmak hem-de ýurdumyzyň raýatlarynyň harby gulluga çagyrylyşyny
bellenen tertibe laýyklykda geçirmek bilen baglanyşykly görkezmeler berildi.
Şeýle-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine Garaşsyzlyk
baýramy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişe talabalaýyk taýýarlyk görülmegini
üpjün etmek tabşyryldy.
Baş prokuror B.Muhamedow şu
ýylyň başyndan bäri alnyp barlan işleriň netijeleri, ähli ulgamlarda
kanunçylygyň berk we talabalaýyk berjaý edilmegine gözegçilik etmek boýunça
görlen toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyzyň
tabşyrygy esasynda kanunçylyk-hukuk namalarynyň düzgünleriniň ýerine
ýetirilişine geçirilen barlaglaryň netijeleri barada-da aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, kanunylygy üpjün etmekde möhüm döwlet
edarasy hökmünde prokuraturanyň ähmiýetli ornuna ünsi çekdi. Şunuň bilen
baglylykda, düzümiň işgärleriniň öz üstüne ýüklenen wezipäni ýerine ýetirmäge
jogapkärçilikli çemeleşmelidikleri bellenildi.
Soňra içeri işler ministri
M.Hydyrow gözegçilik edýän düzümleriniň şu ýylyň geçen bäş aýynda ýerine
ýetiren işleriniň netijeleri barada hasabat berdi. Hususan-da, ýurdumyzda
jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek, hukuk bozulmalarynyň öňüni almak, ýangyn
howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilmegini üpjün etmek, ýol gözegçilik
gullugynyň işini döwrüň talaplaryna laýyk guramak, durmuş häsiýetli meseleleri
çözmek babatda görlen anyk çäreler barada aýdyldy.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty
diňläp, ministrligiň ähli düzümleriniň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň
zerurdygyna ünsi çekdi. Şunda döwrebap tehniki serişdeleri, ýol hereketiniň howpsuzlygyny
üpjün etmek ulgamlaryny işjeň ornaşdyrmagyň, işgärleriň hünär derejesini
ýokarlandyrmagyň möhümdigi bellenildi. Hormatly Prezidentimiz tomus paslynyň
gelmegi bilen howanyň gyzmagy sebäpli, ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý
edilmegini berk gözegçilikde saklamagy ministre tabşyrdy.
Ýurdumyzyň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine
ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, içeri işler ministri M.Hydyrowa
käýinç yglan etdi.
Ýokary kazyýetiň başlygy
B.Hojamgulyýew hasabat döwründe kazyýet ulgamyny kämilleşdirmek, döwlet
Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklary boýunça ýerine ýetirilen işler barada
hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, bu ulgama sanly ulgamy we öňdebaryjy
tejribäni ornaşdyrmak ugrunda görlen çäreler, işgärleriň netijeli zähmet
çekmekleri, dynç almaklary üçin döredilýän şertler hakynda aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, öňde durýan wezipeleri üstünlikli çözmek üçin innowasion
tehnologiýalaryň işjeň ulanylmagynyň, kazyýet işini kämilleşdirmegiň
zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanyň kazyýetleriniň
kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär
derejelerini bermek hakynda» Permana gol çekdi.
Milli howpsuzlyk ministri
N.Atagaraýew hasabat döwründe ýerine ýetirilen işler, sanly ulgamyň
ornaşdyrylyşy we işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça görülýän
çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty
diňläp, içerki jemgyýetçilik-syýasy durnuklylygy üpjün etmek işinde Milli
howpsuzlyk ministrliginiň möhüm ornuna ünsi çekdi we bu ugurda sazlaşykly
işleri alyp barmagy tabşyrdy.
Döwlet serhet gullugynyň
başlygy Ý.Nuryýew hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, serhet
galalaryny döwrebaplaşdyrmak, şahsy düzümiň netijeli gulluk etmegi,
ýaşaýyş-durmuşy üçin oňaýly şertleri döretmek boýunça durmuşa geçirilýän
toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, harby gullukçylaryň söweşjeň
we beden taýýarlygyny ýokarlandyrmagyň dost-doganlyk serhedi bolan döwlet
serhedimiziň eldegrilmesizligini üpjün etmekde esasy talaplaryň biri bolup
durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz gullugyň
ýolbaşçysyna döwlet serhedimiziň ygtybarly goragyny üpjün etmek üçin, serhet
goşunlaryny yzygiderli kämilleşdirmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny
pugtalandyrmak boýunça göz öňünde tutulan işlere berk gözegçilik etmegi, olaryň
doly hem-de öz wagtynda ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Döwlet
Baştutanymyz wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen
kemçilikleri üçin, Döwlet serhet gullugynyň başlygy — Serhet goşunlarynyň
serkerdebaşysy Ý.Nuryýewe berk käýinç yglan etdi.
Adalat ministri M.Taganow ýylyň başyndan bäri ýerine
ýetirilen işleriň netijeleri, milli kanunçylyk binýadyny döwrüň talabyna laýyk
getirmek, raýatlaryň hukuk taýdan habarlylygyny ýokarlandyrmak, olara hukuk
kömegini bermek boýunça görlen toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty
diňläp, hukuk ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeleriň möhüm ugurlaryna ünsi
çekdi. Bellenilişi ýaly, kadalaşdyryjy hukuk namalaryny yzygiderli seljermek we
milli kanunçylygy döwrüň talaplaryna laýyk getirmek zerurdyr. Ýurdumyzyň
Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy ministrligiň ýolbaşçysyna ýurdumyzy
durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen, halkara hukugyň
kadalaryna laýyk gelýän kanunçylyk namalaryny işläp taýýarlamagy dowam
etdirmegi tabşyrdy.
Soňra Döwlet gümrük
gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew ýolbaşçylyk edýän düzüminiň şu ýylyň geçen
bäş aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, Türkmenistanyň serhedinden
geçýän, şol sanda üstaşyr geçýän ýüklere has takyk gözegçilik etmek maksady
bilen, sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ulanmak boýunça alnyp barylýan işler
barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, häzirki wagtda üstaşyr ulag geçelgeleriniň ähmiýetini
ýokarlandyrmak bilen baglylykda, döwletimiziň eksport kuwwatyny ösdürmek
boýunça uly işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Ýurdumyzda gümrük
gözegçiligini ygtybarly ýerine ýetirmek hem-de gümrük kadalarynyň bozulmagynyň
öňüni almak bilen bagly işleri has-da güýçlendirmek möhümdir diýip, döwlet
Baştutanymyz aýtdy we gullugyň ýolbaşçysyna degişli tabşyryklary berdi.
Soňra Döwlet migrasiýa
gullugynyň başlygy A.Sazakow ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işleriň
netijeleri, gözegçilik edýän düzüminiň maddy-enjamlaýyn binýadyny
döwrebaplaşdyrmak, işgärler düzümini pugtalandyrmak boýunça görlen çäreler
barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, adamyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmeginiň,
halkara hukugyň kadalarynyň berjaý edilmeginiň, şahsyýetiň, jemgyýetiň,
döwletiň bähbitleriniň sazlaşygyny üpjün etmegiň bu ulgamdaky döwlet
syýasatynyň esasy ýörelgeleriniň hataryndadygyny belläp, gullugyň ýolbaşçysyna
birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutanymyz mejlisi
jemläp, Türkmenistanyň goranyş häsiýetli Harby doktrinasyna laýyklykda,
Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň howpsuzlygyny we bitewüligini ýokary
derejede üpjün etmek boýunça çäreleriň amala aşyrylýandygyny belledi. Şunuň
bilen birlikde, döwletimiziň goranmak ukybyny berkitmäge, Watan goragçylarynyň,
olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga uly
üns berilýär diýip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy sözüni
dowam etdi we bu ugurdaky işleriň geljekde-de dowam etdiriljekdigini belledi.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň
mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli
çözgütler kabul edildi.
Türkmenistanyň Prezidenti,
ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar
Berdimuhamedow mejlise gatnaşanlara berk jan saglyk, halkymyzyň asuda we
bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri
arzuw etdi.
tdh.gov