Düýn
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň
nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň harby we hukuk
goraýjy edaralarynyň 2024-nji ýylyň ýanwarynda ýerine ýetiren işleriniň
netijeleri, Garaşsyz Watanymyzda howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby
hem-de hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak,
olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler
girizildi.
Ilki bilen,
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew ýylyň
başyndan bäri Milli goşunyň goranyş ukybyny berkitmek boýunça görlen çäreler
barada hasabat berdi. Şeýle hem Ýaragly Güýçleri ösdürmegiň Maksatnamasynyň
ýerine ýetirilişi, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak babatda
alnyp barlan işler hakynda aýdyldy. Watan goragçylarynyň gulluk we
ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak ugrunda ýerine ýetirilýän işler,
hususan-da, gurlup ulanmaga berlen durmuş maksatly desgalar barada-da habar
berildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oňyn Bitaraplyk hukuk
ýagdaýyna ygrarly bolan Türkmenistanyň üstünlikli durmuşa geçirilýän goranyş
häsiýetli Harby doktrinasynda aýdyň beýanyny tapan parahatçylyk söýüjilik,
hoşniýetli goňşuçylyk, giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine berk
eýerýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz sanly ulgamyň giňden
ornaşdyrylmagyny we Ýaragly Güýçleriň şahsy düzüminiň nazaryýet, söweşjeň
taýýarlygynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagyny işiň möhüm ugurlarynyň hatarynda
kesgitläp, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine birnäçe
anyk görkezmeleri berdi.
Baş prokuror
B.Muhamedow kanunçylyk namalarynyň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmegine gözegçilik
etmek maksady bilen, şu ýylyň ýanwarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri
barada hasabat berdi. Şeýle hem ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň maddy-enjamlaýyn
binýadynyň berkidilişi, olaryň işinde öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň
barşy barada aýdyldy.
Ýurdumyzyň
Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, kanun bozulmalarynyň
öňüni almak we olary aradan aýyrmak, raýatlaryň hukuklarynyň, azatlyklarynyň
goralmagyny üpjün etmek boýunça çäreleriň görülmeginiň bu düzümiň esasy
wezipeleriniň hatarynda durýandygyny nygtady. Öňde goýlan wezipeleri
talabalaýyk ýerine ýetirmek üçin, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak möhüm
talaplaryň biri bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we Baş
prokurora degişli görkezmeleri berdi.
Mejlisiň
dowamynda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow N.Allanazarowy Aşgabat
şäheriniň prokurory wezipesine belläp, ony Ahal welaýatynyň prokurorynyň
orunbasary wezipesinden boşatdy.
Içeri işler
ministri M.Hydyrow hasabat döwründe ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, ýangyn
howpsuzlygyny, hukuk tertibini üpjün etmek boýunça görlen çäreler barada
hasabat berdi. Şeýle-de ol ýolbaşçylyk edýän düzümini ösdürmegiň
maksatnamasynyň durmuşa geçirilişiniň barşy barada habar berdi.
IIM-niň
ýolbaşçysy işgärleriň netijeli gullugy we göwnejaý ýaşaýyş-durmuşy üçin
şertleri döretmek babatda durmuşa geçirilen anyk çäreler barada hasabat bermek
bilen, geçen aýda Aşgabat şäherinde hem-de welaýatlarda ministrligiň
düzümindäki gulluklar üçin edara binalarynyň we ýaşaýyş jaýlarynyň açylandygyny
habar berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, bu edaranyň üstüne ýüklenen wezipeleri
talabalaýyk ýerine ýetirmek maksady bilen, işiň täze usullaryny ornaşdyrmagyň,
sanly ulgamy giňden ulanmagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Hukuk bozulmalarynyň
öňüni almak, ýollarda hereket howpsuzlygyny üpjün etmek, ýangyna garşy göreş
kadalaryny berjaý etmek boýunça çäreleri durmuşa geçirmek Içeri işler
ministrliginiň esasy wezipeleriniň hatarynda durýar diýip, ýurdumyzyň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy belledi we ministre degişli tabşyryklary
berdi.
Ýokary
kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew ýolbaşçylyk edýän düzümi tarapyndan şu ýylyň
ýanwarynda alnyp barlan işleriň netijeleri, milli kazyýet ulgamyny
kämilleşdirmek, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça amala
aşyrylýan toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Şeýle-de kazyýet
edaralarynyň işgärleri üçin täze ýaşaýyş jaýlarynyň açylandygy barada aýdyldy.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, hukuk taýdan kadalaşdyrmagyň ähli ulgamlaryny
özüne birleşdirýän döwlet goragynyň netijeli guraly hökmünde bu edaranyň möhüm
ornuna ünsi çekdi. Şunda kanunylygy, adalatlylygy we hukuk tertibini üpjün
etmek, hukuk bozulmalaryna getirýän sebäpleri, şertleri aradan aýyrmak bilen
baglanyşykly wezipeleri üns merkezinde saklamagyň zerurdygy bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz işgärler düzümini berkitmegiň wajypdygy barada aýdyp,
Ýokary kazyýetiň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi.
Soňra milli
howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew ministrligiň ýylyň başyndan bäri ýurdumyzda
jemgyýetçilik-syýasy durnuklylygy üpjün etmek, eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň
gazananlaryny ygtybarly goramak, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysynyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça alyp baran
işleri barada hasabat berdi. Şeýle hem bu düzümi ösdürmegiň maksatnamasynyň
durmuşa geçirilişi, onuň işine sanly ulgamyň ornaşdyrylyşy barada aýdyldy.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, düzümiň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi
çekdi. Hususan-da, gündelik işe täze tehnologik işläp taýýarlamalary işjeň
ornaşdyrmagyň, işgärleriň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagyň
wajypdygy nygtaldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow häzirki döwrüň
wehimlerine garşy durmak üçin beýleki hukuk goraýjy edaralar bilen sazlaşykly
işlemegiň zerurdygyny belläp, ministre birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet
serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew ýolbaşçylyk edýän düzüminiň şu ýylyň
ýanwarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada hasabat berdi. Şeýle hem
Watanymyzyň guryýer we deňiz serhetlerini ygtybarly goramak, serhet
bölümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak babatda alnyp barlan
toplumlaýyn çäreler hakynda aýdyldy.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň
Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, eziz Watanymyzyň mukaddes serhetlerini
dost-doganlygyň serhetleri diýip yglan etmek bilen, Türkmenistanyň ähli
döwletler, ilkinji nobatda, goňşy ýurtlar bilen netijeli we oňyn gatnaşyklary
saklaýandygyny belledi. Bu düzümiň üstüne ýüklenen wezipeleri talabalaýyk
ýerine ýetirmek maksady bilen, serhet goşunlarynyň işini mundan beýläk-de
kämilleşdirmek, harby gullukçylaryň netijeli gulluk etmegi, göwnejaý
ýaşaýyş-durmuşy, dynç almagy üçin ähli şertleri döretmek zerurdyr diýip, hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy we gullugyň ýolbaşçysyna anyk
görkezmeleri berdi.
Soňra adalat
ministri M.Taganow hasabat döwründe ýerine ýetirilen işler, şol sanda milli
kanunçylygy döwrebaplaşdyrmak boýunça teklipleri taýýarlamak hem-de hereket
edýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryny ilata düşündirmek bilen bagly geçirilýän
çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de
hemmetaraplaýyn pugtalandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen
baglylykda, kanun çykaryjylyk ulgamynda öňdebaryjy tejribäni öwrenmäge,
kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryny işläp taýýarlamaga işjeň
gatnaşmagyň wajypdygy bellenildi. Türkmenistanlylaryň hukuk medeniýetini
ýokarlandyrmak döwrüň esasy talaplarynyň biri bolup durýar diýip, hormatly
Prezidentimiz aýtdy we ministre birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra Döwlet
gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew bu düzümiň ýylyň başyndan bäri amala
aşyran işleriniň netijeleri hem-de ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysynyň gullugy täze tehnikalar bilen üpjün etmek we onuň işgärler
kuwwatyny berkitmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada
hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň çäginden geçirilýän ýükleriň
möçberiniň artýandygyny nazara almak bilen, ýurdumyza getirilýän harytlaryň
bellenen talaplara laýyklykda gözden geçirilmegini üpjün etmegiň zerurdygyny
nygtady. Hormatly Prezidentimiz gullugyň geljek üçin iş meýilnamasynyň esasy
ugurlaryna ünsi çekip, gümrük terminallarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny
döwrebaplaşdyrmak meselelerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Döwlet
migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow hasabat döwründe amala aşyrylan, degişli
düzümiň öňünde durýan gaýragoýulmasyz wezipeleri netijeli çözmäge gönükdirilen
çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem degişli ösüş maksatnamasyny durmuşa
geçirmegiň barşy we ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň
beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada aýdyldy.
Döwlet Baştutanymyz
hasabaty diňläp, raýatlarymyzyň bähbitlerini, howpsuzlygyny üpjün etmegiň,
olaryň ýurdumyzda we onuň çäklerinden daşynda hereket etmek babatdaky
hukuklaryny berjaý etmegiň gullugyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup
durýandygyny nygtady. Öňde goýlan wezipeleri talabalaýyk ýerine ýetirmek üçin
milli kanunçylygyň esasy ýörelgelerine eýermek hem-de migrasiýa ulgamynda
dünýäniň oňyn tejribesinden ugur almak zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow aýtdy we işde öňdebaryjy maglumat tehnologiýalaryny has
işjeň ulanmagy tabşyrdy.
Ýurdumyzyň
Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy mejlisiň jemini jemläp, goranyş
häsiýetli Harby doktrinamyzyň talaplaryna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik
Bitarap döwletimiziň harby howpsuzlygyny we bitewüligini ýokary derejede üpjün
etmek, goranmak ukybyny berkitmek, Watan goragçylarynyň we olaryň maşgala
agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli
çäreleriň durmuşa geçirilýändigini belledi hem-de bu işleriň mundan beýläk-de
dowam etdiriljekdigini tassyklady.
Döwlet
howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar
boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Türkmenistanyň
Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly
Serdar Berdimuhamedow mejlisi jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny,
halkymyzyň asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan jogapkärli
gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.
tdh.gov