06.12.2023. Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti,
ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar
Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onuň gün
tertibine harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan şu ýylyň ýanwar — noýabr
aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, Garaşsyz, baky Bitarap
Watanymyzda howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy
edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, olaryň
işini kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.
Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary,
goranmak ministri B.Gündogdyýew harby bölümlerdäki işleriň ýagdaýy, şu ýylyň on
bir aýynda ýurdumyzyň goranyş ukybyny ýokarlandyrmak, Ýaragly Güýçlerimiziň
kuwwatyny artdyrmak üçin durmuşa geçirilen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle
hem güýzki çagyryş möwsümi barada aýdyldy.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Bitaraplyk,
dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyna ygrarly Watanymyzyň diňe goranyş
häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň esasy wezipelerine berk eýermegiň
wajypdygyna ünsi çekdi. Ýaragly Güýçlerimiziň maddy-enjamlaýyn binýadyny
döwrebaplaşdyrmak, şahsy düzümiň hünär derejesini, nazaryýet, jemgyýetçilik-syýasy,
beden taýýarlygyny ýokarlandyrmak häzirki döwrüň esasy talabydyr diýip,
hormatly Prezidentimiz belledi hem-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary,
goranmak ministrine birnäçe degişli görkezmeleri berdi. Şunuň bilen birlikde,
“Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin
Maksatnamasyny” durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleleri gözegçilikde
saklamak tabşyryldy. Şeýle-de çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby
gullukçylaryň harby gullukdan boşadylmagynyň we Türkmenistanyň raýatlarynyň
harby gulluga nobatdaky çagyrylyşynyň talabalaýyk derejede geçirilmegini üpjün
etmek tabşyryldy.
Baş prokuror S.Mälikgulyýew hasabat döwründe amala
aşyrylan işleriň netijeleri, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysynyň degişli edaralaryň işine prokuror gözegçiliginiň öňdebaryjy
usullaryny we döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça ozal beren
tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Garaşsyz,
baky Bitarap Türkmenistanda kanunylygy we hukuk tertibini pugtalandyrmagyň bu
edaranyň işiniň esasy wezipeleriniň biridigini belledi. Häzirki döwürde
prokuraturanyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, gözegçilik wezipelerini
kadaly ýerine ýetirmek maksady bilen, göwnejaý şertleri döretmek üçin
toplumlaýyn çäreleri görmek zerurdyr diýip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň
Belent Serkerdebaşysy nygtady we birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra içeri işler ministri M.Hydyrow ýolbaşçylyk
edýän düzümleriniň 2023-nji ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetiren
işleriniň netijeleri, düzgün bozmalaryň öňüni almak, ýollarda howpsuzlyk
kadalaryny üpjün etmek boýunça geçirilýän çäreler, ýangyn howpsuzlygy babatda
amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, bu edaranyň
işgärleriniň öňünde jemgyýetçilik tertibini pugtalandyrmak, hukuk tertibiniň
berjaý edilişine berk gözegçiligi üpjün etmek ýaly möhüm wezipäniň durýandygyny
belledi. Bu düzümiň üstüne ýüklenen borçlary üstünlikli ýerine ýetirmek üçin zerur
bolan hünär derejesini ýokarlandyrmak işi guramaçylykly we maksada okgunly
häsiýete eýe bolmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
nygtady we Içeri işler ministrliginiň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary
berdi.
Soňky ýyllarda awtoulag serişdeleriniň sanynyň
artmagy ulag gatnawlarynyň ýygylygynyň ýokarlanmagyna täsir edýär diýip,
ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy aýtdy we ýol hereketiniň
sazlaşykly, howpsuz bolmagyny üpjün etmek meselesini hemişe üns merkezinde saklamagy
tabşyrdy. Mundan başga-da, ähli ýerlerde ýangyn howpsuzlygynyň kadalarynyň
berjaý edilmegine gönükdirilen çäreleri görmek tabşyryldy.
Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew kazyýet
işiniň milli ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen, şu ýylyň on bir aýynda
ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. “Türkmenistanyň kazyýet ulgamyny
ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda” bellenen wezipeleriň
ýerine ýetirilişi, hususan-da, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we
kazyýet düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, sebitlerde
kazyýetler üçin täze edara binalaryny gurmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler
barada-da aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, hukuk
taýdan kadalaşdyrmagyň ähli ulgamlaryny özüne birleşdirýän döwlet
goraglylygynyň netijeli guraly hökmünde bu edara möhüm ornuň degişlidigini
nygtady. Şunuň bilen baglylykda, kazyýet edaralarynyň işi, ilkinji nobatda,
kanunylygy üpjün etmäge, adalatlylyga we hukuk tertibine, düzgün bozmalara
getirýän sebäpleridir şertleri aradan aýyrmaga gönükdirilmelidir diýip, döwlet
Baştutanymyz belledi we Ýokary kazyýetiň başlygyna degişli tabşyryklary berdi.
Şeýle hem kazylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuwlary yzygiderli
esasda guramak, işgärleriň netijeli zähmet çekmegi üçin talabalaýyk şertleri
döretmek bilen bagly meseleleri gözegçilikde saklamak tabşyryldy.
Soňra milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew
ýurdumyzda durnuklylygy we asudalygy üpjün etmek boýunça ýylyň başyndan bäri
amala aşyrylan toplumlaýyn çäreler, ýolbaşçylyk edýän edarasyny ösdürmegiň
Maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň barşy barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, Milli howpsuzlyk ministrliginiň işiniň ileri
tutulýan ugurlaryna ünsi çekdi. Ministrligiň işine öňdebaryjy tejribäni we
häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga aýratyn üns bermek zerurdyr diýip,
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady hem-de ministre birnäçe
anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew
ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine
ýetirilen işleriň netijeleri hem-de döwlet Baştutanymyzyň şahsy düzümiň
gullugy, ýaşaýyş-durmuşy üçin oňaýly şertleri, serhet bölümlerini döwrebap
tehnikalar, enjamlar bilen üpjün etmek babatda ozal beren tabşyryklarynyň
ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwerlik
ýörelgelerine ygrarly bolan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň dünýäniň köp
döwletleri bilen dostlukly, netijeli gatnaşyklaryny ösdürmekde serhet
goşunlarynyň üstüne örän jogapkärli wezipäniň ýüklenendigini belledi. Şunuň
bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Döwlet serhet gullugynyň ýolbaşçysyna
Watanymyzyň mukaddes serhetlerinde asudalygy üpjün etmek meselelerini berk
gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra adalat ministri M.Taganow şu ýylyň on bir
aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, bu düzümiň işinde sanly ulgamy
işjeň ulanmagyň hasabyna adalat ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek
boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ministrligiň
işgärleri tarapyndan täze kabul edilýän kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň
yzygiderli seljerilmeginiň we olaryň milli kanunçylyga laýyk gelmegini üpjün
etmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz ilata ýokary derejeli
hukuk kömegini, şol sanda hereket edýän hem-de golaýda güýje giren kanunlaryň
many-mazmunyny düşündirmek boýunça kömek bermegiň zerurdygyny belläp, ministre
degişli görkezmeleri berdi.
Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew şu
ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, serhetden
geçirilýän ýükleriň talabalaýyk barlanylmagyny üpjün etmek we bu edaranyň maddy-enjamlaýyn
binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän anyk çäreler barada
hasabat berdi. Şeýle-de gümrük edaralaryny ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar
üçin Maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada aýdyldy.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, Türkmenistana gelýän harytlaryň möçberiniň we
üstaşyr ýük daşamalaryň artmagynyň döwletimizde ýaýbaňlandyrylan giň gerimli
ykdysady özgertmeler bilen şertlendirilendigini nygtady. Häzirki döwrüň
talaplaryna laýyklykda, bu gullugyň işgärleriniň jogapkärçiligi hem ýokarlanýar
diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy we gümrük
nokatlarynyň işiniň kämilleşdirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow
şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, döwlet
Baştutanymyzyň bu gullugyň işine sanly ulgamy, döwrebap tehnologiýalary
ornaşdyrmak babatda ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat
berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gullugyň
sazlaşykly işiniň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen söwda-ykdysady,
medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge, umuman, ýurdumyzyň dünýädäki
abraýynyň has-da belende galmagyna ýardam edýändigini belledi. Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow işgärleriň hünär derejesini we
jogapkärçiligini ýokarlandyrmak boýunça zerur çäreleriň görülmelidigini nygtap,
Döwlet migrasiýa gullugynyň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysy mejlisiň jemini jemläp, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk
hukuk ýagdaýyna ygrarlydygyny, dünýäniň döwletleri we halklary bilen dostlukly,
hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny saklaýandygyny belledi. Watanymyzyň diňe
goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasy hut şu ýörelgelere esaslanýar.
Harby we hukuk goraýjy edaralaryň düzümini hem-de işini döwrebaplaşdyrmak,
Watanymyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň, olaryň maşgala
agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça çäreleriň amala
aşyrylmagyna mundan beýläk-de uly üns beriljekdigi aýratyn nygtaldy.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da
birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Mejlisiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti,
ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar
Berdimuhamedow oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglyk, abadançylyk,
halkymyzyň parahat we bagtyýar durmuşynyň bähbidine jogapkärli gulluklarynda
uly üstünlikleri arzuw etdi.
tdh.gov