02.04.2026
Düýn
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy
goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky
mejlisini geçirdi. Onda harby we
hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň üç aýynda alyp baran işleriniň netijelerine
seredildi. Şeýle hem Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmäge,
harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge, işini
has-da kämilleşdirmäge degişli meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ilki
bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew
çykyş edip, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň maksatnamasynda göz
öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça ýylyň başyndan
bäri alnyp barlan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, Watan
goragçylarynyň gulluk, ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, serkerdeleriň
hünär derejesini ýokarlandyrmak babatda görülýän çäreler, çagyryş boýunça harby
gullugy geçýän harby gullukçylary gullukdan boşatmagyň we harby gulluga
nobatdaky çagyrylyşyň barşy barada aýdyldy.
Ýurdumyzyň
Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, döwletimiziň
goranmak ukybyny döwrüň talabyna görä has-da berkitmek maksady bilen, Ýaragly
Güýçlerimizi döwrebaplaşdyrmak, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek
boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Şeýle-de
hormatly Prezidentimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak
ministrine raýatlary çagyryş boýunça harby gulluga çagyrmak we harby gullukdan
boşatmak boýunça işleriň guramaçylykly ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi
tabşyrdy.
Baş
prokuror B.Muhamedow şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda ýerine ýetirilen işler,
şol sanda milli kanunçylygyň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrmak,
prokuratura edaralarynda sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça alnyp barlan işler,
işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen görlen çäreler barada
hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda kanunçylygy we hukuk tertibini
pugtalandyrmagy hemişe üns merkezinde saklamagyň, kanunlaryň ýerine
ýetirilişine, raýatlaryň hukuklarynyň üpjün edilişine prokuror gözegçiligini
netijeli alyp barmagyň möhümdigini belledi hem-de bu babatda birnäçe anyk
tabşyryklary berdi.
Içeri
işler ministri M.Hydyrow ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň şu ýylyň üç aýynda
ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini üpjün
etmek, ýangyn howpsuzlygynyň kadalaryny berjaý etmek, hukuk bozulmalarynyň,
ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak boýunça amala aşyrylan çäreler barada
hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, jemgyýetçilik tertibini üpjün etmegiň, kanun
bozulmalarynyň öňüni almak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň, ýol
hereketiniň kadalarynyň, ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleriniň berjaý edilişine
berk gözegçilik etmegiň wajypdygyny aýtdy hem-de ministre birnäçe anyk
tabşyryklary berdi.
Ýokary
kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew 2026-njy ýylyň üç aýynda ýolbaşçylyk edýän
düzümi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, kazyýet işini döwrüň
talaplaryna laýyklykda guramak, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak
boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwlet we jemgyýetçilik bähbitlerini goramak,
raýatlaryň hukuklaryny üpjün etmek babatda kazyýet edaralary tarapyndan alnyp
barylýan işleri netijeli dowam etdirmegiň möhümdigini nygtady. Şunuň bilen
baglylykda, döwlet Baştutanymyz milli kazyýet ulgamyny kämilleşdirmegi hemişe
üns merkezinde saklamak, kazylaryň bilim derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak
babatda Ýokary kazyýetiň başlygyna birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Milli
howpsuzlyk ministri D.Meredow şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda alnyp barlan
işler, ýolbaşçylyk edýän düzümini ösdürmegiň maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi
barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň
Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, döwletimiziň milli
howpsuzlygyny we milli bähbitlerini goramak boýunça alnyp barylýan işleri dowam
etdirmek babatda ministre birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Döwlet
serhet gullugynyň başlygy I.Ilamanow Watanymyzyň mukaddes serhetleriniň
ygtybarly goraglylygyny üpjün etmek, serhet goşunlarynyň maddy-enjamlaýyn
binýadyny pugtalandyrmak, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysynyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça ýylyň
başyndan bäri amala aşyrylan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň döwlet serhediniň dost-doganlyk
serhedi bolup durýandygyny belledi hem-de onuň goraglylygyny pugtalandyrmak,
serhet goşunlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça alnyp barylýan
işleri netijeli dowam etdirmegi tabşyrdy.
Adalat
ministri M.Taganow şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda ýolbaşçylyk edýän düzümi
tarapyndan ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça ýerine
ýetirilen işleriň netijeleri hem-de ministrligi ösdürmegiň maksatnamasynyň
durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, milli hukuk ulgamyny halkara ölçeglere laýyklykda
kämilleşdirmek, hukuk kömegini bermek we kanunçylygy düşündirmek boýunça alnyp
barylýan işleri dowam etdirmek babatda ministre birnäçe anyk tabşyryklary
berdi.
Döwlet
gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew hasabat döwründe amala aşyrylan
işleriň netijeleri, şol sanda gullugyň düzümlerine işiň döwrebap usullaryny,
täze tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, gümrük amallarynyň halkara kadalara hem-de milli
kanunçylyga laýyklykda ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde
saklamagyň möhümdigini belledi hem-de bu ugurda alnyp barylýan işleri netijeli
dowam etdirmek babatda gullugyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Döwlet
migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow 2026-njy ýylyň ýanwar — mart aýlarynda
ýolbaşçylyk edýän düzüminiň ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, gullugyň
maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, gullugy ösdürmegiň maksatnamasyny
üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň
Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, ýurdumyzda migrasiýa
işini kämilleşdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi hem-de migrasiýa kanunçylygynyň
berjaý edilişini yzygiderli gözegçilikde saklamak babatda birnäçe anyk
tabşyryklary berdi.
Hormatly
Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, goranyş häsiýetli Harby
doktrinamyzyň talaplaryna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň
howpsuzlygyny we çäk bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, ýurdumyzyň
goranmak ukybyny berkitmek, Watan goragçylarynyň, olaryň maşgala agzalarynyň
ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli çäreleriň
durmuşa geçirilýändigini aýtdy hem-de bu işleriň mundan beýläk-de dowam
etdiriljekdigini belledi.
Döwlet
howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we
olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Mejlisiň
ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow oňa gatnaşanlara berk jan
saglyk, halkymyzyň asuda hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan
jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.
tdh.gov