Düýn Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň
Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk
goraýjy edaralarynda şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine
seredildi.
Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň
sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini
ösdürmegiň maksatnamasynyň çäklerinde ýylyň başyndan bäri alnyp barlan işler
hem-de döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň goranmak ukybyny ýokarlandyrmak babatda
beren tabşyryklarynyň berjaý edilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem Watan
goragçylarynyň güni mynasybetli açylyp ulanmaga berlen gulluk we ýaşaýyş-durmuş
maksatly binalar barada hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
Garaşsyz Türkmenistanyň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň
ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna hem-de türkmen halkyna mahsus bolan ynsanperwerlik,
hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýandygyny belledi. Döwlet
Baştutanymyz milli Ýaragly Güýçleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan
beýläk-de pugtalandyrmaga, harby gullukçylaryň hünär derejesini
ýokarlandyrmaga, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemäge aýratyn üns bermegiň
wajypdygyny belledi we bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Baş prokuror B.Muhamedow ýurdumyzda
kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ýerine ýetirilişine talabalaýyk gözegçiligi
amala aşyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen
baglylykda, sanly ulgamy has giňden ornaşdyrmaga, işgärleriň hünär derejesini
ýokarlandyrmaga, prokuratura edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny
pugtalandyrmaga zerur ähmiýet berilýändigi aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
ýurdumyzda kanunylygy hem-de hukuk tertibini pugtalandyrmagyň, raýatlaryň
hukuklaryny, azatlyklaryny goramagyň möhüm wezipe bolmagynda galýandygyny
aýratyn belläp, Baş prokurora kabul edilýän kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň
ýerine ýetirilmegine, hukuk bozulmalarynyň öňüni almak boýunça ýerine
ýetirilýän işlere berk gözegçiligi amala aşyrmagy tabşyrdy.
Içeri işler ministri M.Hydyrow şu ýylyň ýanwar
aýynda ýolbaşçylyk edýän düzümleri tarapyndan ýurdumyzda jemgyýetçilik
tertibini üpjün etmek, kanun bozulmalarynyň öňüni almak boýunça alnyp barlan
işler barada hasabat berdi. Şeýle hem bu düzümleri öňdebaryjy tehnikalar we
enjamlar bilen üpjün etmek, sanly tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak, ýol
hereketiniň, ýangyn howpsuzlygynyň düzgünlerini berjaý etmek boýunça görülýän
çäreler barada aýdyldy. Şunuň bilen bir hatarda, ministr Watan goragçylarynyň güni
mynasybetli paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň “Çoganly” ýaşaýyş toplumynda
Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Ýangyn howpsuzlygy müdirliginiň täze
binalar toplumynyň, şeýle hem Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky ýaşaýyş jaý
toplumynyň binalarynyň nobatdaky tapgyrynyň, Içeri işler ministrliginiň Balkan
welaýat Polisiýa müdirliginiň işgärleri üçin 2 sany 4 gatly, 32 öýli döwrebap
ýaşaýyş jaýynyň, welaýat Polisiýa müdirlikleriniň birliklerinde Awtoulaglaryň
tehniki ýagdaýyny anyklaýyş we hasaba alyş toparlarynyň edara binalarynyň
açylyp ulanmaga berlendigi hakynda hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, kanunylygyň we hukuk tertibiniň üpjün
edilmegini, dürli hukuk bozulmalarynyň öňüniň alynmagyny Içeri işler
ministrliginiň işgärleriniň öňünde durýan esasy wezipeleriň hatarynda görkezdi.
Döwlet Baştutanymyz ilatyň arasynda ýol hereketiniň düzgünleriniň, ýangyn
howpsuzlygynyň talaplarynyň berjaý edilmeginiň zerurdygy barada düşündiriş
işlerini yzygiderli geçirmegiň möhümdigini aýtdy hem-de bu babatda degişli
tabşyryklary berdi.
Ýokary
kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew ýolbaşçylyk edýän düzümleri tarapyndan şu
ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işler, hususan-da, milli kazyýet ulgamynyň
işini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi
ýaly, bu işde sanly tehnologiýalaryň işjeň ulanylmagyna, kazylaryň hünär
derejesiniň ýokarlandyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, “Türkmenistanyň kazyýet ulgamyny ösdürmegiň 2022
— 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda” öňde goýlan wezipeleri üstünlikli
çözmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, kazyýet ulgamynyň
işini döwrüň talabyna laýyklykda guramagyň, kazyýet edaralarynyň
maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň zerurdygy bellenildi. Ýurdumyzyň
Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy bu düzümiň işgärleriniň öňünde durýan
wezipeleriň örän jogapkärlidigini aýdyp, olaryň hünär derejesini yzygiderli
ýokarlandyrmagyň wajypdygyna aýratyn ünsi çekdi.
Soňra
milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen
işleriň netijeleri, Milli howpsuzlyk ministrligini ösdürmegiň 2022 — 2028-nji
ýyllar üçin Maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi boýunça görülýän toplumlaýyn
çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem hasabatyň dowamynda ministrligiň
düzüminde açylyp ulanmaga berlen täze, döwrebap edara binasy we ýaşaýyş jaýlary
barada aýdyldy.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, öňde goýlan wezipelere ünsi çekdi hem-de
ýurdumyzyň milli howpsuzlygyny ygtybarly üpjün etmek babatda alnyp barylýan
işleri yzygiderli dowam etdirmegiň zerurdygyny belläp, ministre anyk
görkezmeleri berdi.
Döwlet
serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew ýylyň başyndan bäri Watanymyzyň mukaddes
serhediniň ygtybarly goralmagyny üpjün etmek boýunça görlen çäreler,
serhetçileriň netijeli gulluk etmegi, ýaşaýyş-durmuşy üçin oňyn şertleri
döretmek babatda amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň
Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, Garaşsyz, hemişelik
Bitarap Türkmenistanyň döwlet serhediniň goňşy ýurtlar bilen dost-doganlyk
serhedidigini, ýurtlarymyzyň halklaryny köpasyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk,
hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň baglanyşdyrýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz
mukaddes serhedimiziň ygtybarly goralmagyny üpjün etmegiň, gullugyň
maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň möhümdigini belledi we degişli
tabşyryklary berdi.
Adalat
ministri M.Taganow şu ýylyň ýanwar aýynda milli kanunçylyk binýadyny
hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak, ony döwrüň talaplaryna laýyk getirmek boýunça
ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň
garamagyna Adalat ministrliginiň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň we
Daşoguz welaýatynyň adalat edaralarynyň edara binalaryny gurmak hakynda Kararyň
taslamasy hödürlenildi.
Ýurdumyzyň
Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, milli kanunçylyk
ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň, döwlet düzümleri tarapyndan işlenip
taýýarlanylýan hukuk namalarynyň taslamalarynyň döwrüň talabyna laýyk bolmagyny
üpjün etmegiň möhümdigini belläp, ministre bu ugurda alnyp barylýan işleri
dowam etdirmegi tabşyrdy. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň
we Daşoguz welaýatynyň adalat edaralarynyň edara binalaryny gurmak hakynda
Karara gol çekdi.
Döwlet
gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew hasabat döwründe ýerine ýetirilen
işleriň netijeleri, ýolbaşçylyk edýän düzümini ösdürmegiň maksatnamasyndan
gelip çykýan wezipeleri üstünlikli çözmek boýunça görlen çäreler, döwlet
Baştutanymyzyň gullugyň işini kämilleşdirmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň
ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan
beýläk-de pugtalandyrmak, serhetden geçýän harytlaryň we ýükleriň gözden
geçirilişiniň netijeliligini üpjün etmek maksady bilen, barlag-geçiriş
nokatlarynyň işini has-da kämilleşdirmegiň wajypdygyny belläp, degişli
tabşyryklary berdi.
Döwlet
migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow şu ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen
işler, ýolbaşçylyk edýän düzüminiň öňünde durýan möhüm wezipeleri netijeli
çözmek babatda görlen anyk çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde,
Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýat
müdirliginiň Kerki etrap bölüminiň täze edara binasynyň açylyp ulanmaga
berlendigi barada aýdyldy.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, gullugyň ähli düzümleriniň işiniň mundan
beýläk-de kämilleşdirilmegini, maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyny,
işgärleriň gulluk, ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da gowulandyrylmagyny, olaryň
hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyny ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda
görkezdi we bu babatda anyk görkezmeleri berdi.
Hormatly
Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, goranyş häsiýetli Harby
doktrinamyzyň talaplaryna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň
harby howpsuzlygyny we çäk bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, ýurdumyzyň
goranmak ukybyny berkitmek, Watan goragçylarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň
ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli çäreleriň
durmuşa geçirilýändigini, bu işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini
belledi.
Türkmenistanyň
Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly
Serdar Berdimuhamedow mejlisi jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk,
halkymyzyň asuda hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan
jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.
tdh.gov