Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan
döredijilikli ýoly üstünlikli dowam etdirýän, ýurdumyzy ösüşleriň belent
sepgitlerine tarap alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän
giň gerimli özgertmelerinde «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky
bilen döwletdir!» diýen ýörelge öz beýanyny tapýar.
20-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş
maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp
barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Maslahatyň dowamynda
Balkan welaýatynyň häkimi Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatyna amala
aşyrylan iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi. Onda iki ýurduň
sebitleriniň arasyndaky söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlygyň
meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk pudagynda
özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, pudagy döwrüň talabyna laýyklykda
ösdürmek boýunça öňde durýan wezipeleriň toplumlaýyn çemeleşmäni, täzeçil
çözgütleri talap edýändigini belledi we möwsümleýin işleriň ýokary hilli,
guramaçylykly alnyp barylmagyny yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz bugdaý oragy möwsümini
we gowaça ideg işlerini guramaçylykly geçirmek, şunda oba hojalyk
tehnikalaryndan netijeli peýdalanmak, Daşoguz welaýatynda şaly ekişini bellenen
möhletlerde geçirmek, sebitlerde pile taýýarlamak boýunça netijeli işleri alyp
barmak babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şunuň bilen bir hatarda, pagta
we bugdaý öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine
ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň wagtynda geçirilmeginiň möhümdigi
bellenildi. Şeýle hem ýeralma we beýleki gök-bakja ekinlerine ideg etmek,
ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleriniň wagtynda geçirilmegine gözegçilik
etmek, 25-nji maýda orta mekdeplerde «Soňky jaň» dabarasyny guramaçylykly
geçirmek üçin zerur çäreleri görmek tabşyryldy.
20-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Halkara agyr atletika
federasiýasynyň ýolbaşçysy Mohammed Jaludy kabul etdi.
Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly,
Türkmenistanda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge, sagdyn durmuş ýörelgelerini
wagyz etmäge, bu ulgamda halkara sport hyzmatdaşlygyny giňeltmäge aýratyn
ähmiýet berilýär. Ýurdumyz Halkara agyr atletika federasiýasynyň işjeň agzasy
bolup durýar. 2018-nji ýylda Aşgabatda üstünlikli geçirilen Agyr atletika
boýunça dünýä çempionaty türkmen topragynda sportuň ösüşine uly itergi berip,
Aziýa yklymynda sport hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga goşant boldy. Döwlet
Baştutanymyz myhmanyň şu gezekki saparynyň sport ulgamyndaky hyzmatdaşlygy
has-da giňeltmäge, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge, täze
başlangyçlary öňe sürmäge ýardam etjekdigini nygtady.
23-nji maýda hormatly Prezidentimiz sanly
ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet
durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Şolaryň hatarynda wirtual
aktiwleriň dolanyşygynda gatnaşyklary düzgünleşdirmek maksady bilen işlenip
taýýarlanylan “Wirtual aktiwler hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy
bar. Onda umumy düzgünler, wirtual aktiwler işi babatda döwlet
düzgünleşdirmesi, wirtual aktiwleriň dolanyşygy çygrynda işleriň guralmagy,
maýning, wirtual aktiwleriň emissiýasy we jemgyýetçilige hödürlenilmegi,
wirtual aktiwler hyzmatlaryny üpjün edijiler hem-de jemleýji düzgünler beýan
edilýär. Bu Kanunyň kabul edilmegi maýa goýumlaryň çekilmegine, maliýe
tehnologiýalary başlangyçlarynyň ösdürilmegine, sanly hyzmatlar ulgamynda
telekeçilik işjeňliginiň höweslendirilmegine ýardam eder.
Mundan başga-da, “Türkmengeologiýa” döwlet
korporasiýasy tarapyndan nebitiň we tebigy gazyň gorlaryny ýüze çykarmak
boýunça alnyp barylýan gözleg-barlag işleri, milli raýat awiasiýasy pudagyny
yzygiderli ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler, oba hojalyk pudagynyň
maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek boýunça görülýän çäreler barada
aýdyldy.
Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna şu ýylyň iýun
aýynda geçiriljek esasy çäreleriň tertibi barada degişli teklipler
hödürlenildi. Bellenilişi ýaly, Aşgabatda 11 — 13-nji iýun aralygynda
“Turkmentextile Expo — 2025” atly halkara sergi-ýarmarkasy geçiriler. Onuň
çäklerinde ýerli we daşary ýurt dizaýnerleriniň taýýarlan lybaslarynyň
görkezilişini guramak, Merkezi Aziýanyň gadymy dokma usullaryna, häzirki zaman
tehnologiýalaryna bagyşlanan ussatlyk sapaklaryny geçirmek meýilleşdirilýär.
Şeýle hem Çagalary goramagyň halkara güni,
Bütindünýä welosiped güni, Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni, Ylymlar
güni, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet
güni mynasybetli dürli çäreleri we sport ýaryşlaryny geçirmek göz öňünde
tutulýar. Bütindünýä welosiped güni mynasybetli 3-nji iýunda paýtagtymyzda
köpçülikleýin welosipedli ýöriş guralar. Şanly sene mynasybetli 30-njy maý —
3-nji iýun aralygynda welaýatlarda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde welosipedli
ýörişleri, sport ýaryşlaryny, ylmy-amaly maslahatlary, wagyz-nesihat we beýleki
çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär.
Şunuň bilen birlikde, ozal yglan edilen
döredijilik bäsleşikleriniň jemleri jemlener, dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda
yglan edilen “Çalsana, bagşy!” atly bäsleşigiň Daşoguz, Lebap we Mary
welaýatlary boýunça jemleýji tapgyrlary geçiriler.
Şu ýylyň 2 — 7-nji iýuny aralygynda «Awaza»
milli syýahatçylyk zolagynda “Awaza — dostluk mekany” atly halkara tans we
folklor festiwalyny, 6-njy iýunda Pekin şäherinde Türkmenistanyň Hytaý Halk
Respublikasyndaky Medeniýet ýylynyň ýapylyş dabarasy mynasybetli çäreleri, 22 —
27-nji iýun aralygynda Ahal welaýatynda Medeniýet hepdeligi mynasybetli
dabaralary geljek aýda geçiriljek esasy çäreleriň hatarynda görkezmek bolar.
27-nji iýunda Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli, beýik şahyryň
“Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumyndaky ýadygärligine gül goýmak
dabarasy geçiriler. 29-njy iýunda bolsa Arkadag şäheriniň iki ýyllygy
mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk dabarasyny geçirmek meýilleşdirilýär.
Mundan başga-da, şu ýylyň 19-20-nji maýynda
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Tähran şäherine amala aşyran iş saparynyň
çäklerinde geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran
hökümetara toparynyň 18-nji mejlisiniň netijeleri barada hasabat berildi. Onuň
gün tertibine söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn
hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň meseleleri girizildi. Gaz ulgamynda
hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, hususan-da, türkmen mawy ýangyjyny Eýrana göni
ibermegiň, goňşy döwletiň çäklerinden üçünji ýurtlara üstaşyr geçirmegiň, şol
sanda ony “swap” görnüşinde ugratmagyň mümkinçiliklerine garaldy. Şeýle hem
elektroenergetika pudagynda döwletara gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçilikleri
gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu babatda Mary — Maşat
elektrik geçirijisiniň türkmen böleginiň taslamasyny amala aşyrmak bilen bagly
çärelere seredildi.
Mejlisiň barşynda ulag pudagyndaky
hyzmatdaşlyk, uzynlygy 242 kilometre deň bolan Gumdag — Etrek — Eýran serhedi
awtomobil ýolunyň taslamasy bilen bagly meselelere-de üns berildi. Şunuň bilen
birlikde, iki ýurduň arasynda ulag gatnawlaryny we ýük dolanyşygyny artdyrmak
bilen bagly pikir alyşmalara hem möhüm orun berildi.
Söwda we işewürlik ugurlarynda hyzmatdaşlygy
ilerletmegiň meselelerine hem seredildi. Hususan-da, söwda-ykdysady
gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmek, haryt dolanyşygynyň möçberini mundan
beýläk-de artdyrmak maksady bilen, 2026 — 2028-nji ýyllar üçin iş meýilnamasyny
taýýarlamak barada ylalaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, serhetýaka söwda
zolaklaryny döretmek barada giňişleýin maslahatlaşmalar boldy. Bellenilişi
ýaly, bilelikdäki sergileriň, işewürlik maslahatlarynyň, beýleki çäreleriň
geçirilmegi, bu ugurda “Ýol kartasynyň” taýýarlanylmagy hem-de Türkmen-eýran
işewürlik geňeşiniň döredilmegi, netijeli gatnaşyklary ilerletmäge ýardam eder.
Mundan başga-da, mejlisiň gün tertibine suw
hojalygy ulgamynda, hususan-da, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak babatda
ikitaraplaýyn gatnaşyklar bilen bagly meseleler girizildi. Däp bolan
medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak meselesine hem
üns berildi.
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki
türkmen-eýran hökümetara toparynyň 18-nji mejlisiniň netijeleri boýunça degişli
Teswirnama gol çekildi.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň goňşy ýurda iş
saparynyň çäklerinde Eýranyň Beýik ruhy lideri Aýatolla Seýed Ali Hameneýi
bilen duşuşyk geçirildi. EYR-nyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen geçirilen
duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm
meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Eýranyň Prezidenti türkmen halkynyň Milli
Lideri Gahryman Arkadagymyzyň çakylygy boýunça Halkara parahatçylyk we
ynanyşmak ýyly hem-de Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli şu
ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma gatnaşjakdygyny
tassyklady. Duşuşykda türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň strategik ugurlary boýunça
alnyp barylýan bilelikdäki işi dowam etdirmegiň zerurdygy bellenildi. Goňşy
döwletiň Baştutany eýran tarapynyň meýilleşdirilen çäreleri, taslamalary, bu
ulgamlarda ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmäge taýýardygyny aýtdy.
Wekiliýetiň saparynyň çäklerinde Ykdysady
hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň eýran
böleginiň başlygy, Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şäher ösüşi ministri
hanym Farzaneh Sadeghi Malwajerd, energetika ministri Abbas Aliabadi, nebit
ministri Mohsen Paknežad, daşary işler ministri Seýed Abbas Aragçi bilen
duşuşyklar geçirildi.
Geçen hepdede hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow ýurdumyzy senagatlaşdyrmaga, iri önümçilik toplumlaryny gurmaga
we ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen birnäçe
resminamalara gol çekdi. Şolaryň hatarynda “Türkmenabatdaky S.A.Nyýazow
adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumy gurmak hakynda”
hem-de “Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri üçin ýöriteleşdirilen
awtoulaglary, jemagat tehnikalaryny we enjamlaryny hem-de olaryň ätiýaçlyk
şaýlaryny satyn almak hakynda” Kararlar bar. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz
şäher gurluşygy babatda tejribe alyşmak maksady bilen, ýurdumyzyň wekiliýetiniň
Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherine gulluk iş sapary baradaky
Buýruga gol çekdi.
19-njy maýda türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen
Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary,
Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýanyň arasynda
telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Söhbetdeşligiň dowamynda dost-doganlyga
esaslanýan hem-de yzygiderli ösdürilýän türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň
ýokary derejesine kanagatlanma bildirildi. Gahryman Arkadagymyz iki ýurduň
arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň
bardygyny, söwda dolanyşygynyň görkezijileriniň ýylsaýyn artmagynyň munuň aýdyň
mysalydygyny belledi.
Köp ýyllaryň dowamynda BAE-niň öňdebaryjy
kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk etmegiň oňyn tejribesi toplandy.
Şunuň bilen baglylykda, ýakynda iki sany ykdysady ähmiýetli resminama —
«Türkmennebit» döwlet konserni bilen Malaýziýanyň «PETRONAS Çarigali
(Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň hem-de BAE-niň «ADNOC Türkmenistan RSC
Limited» kompaniýasynyň arasynda Şertnama, şeýle hem «Türkmengaz» döwlet
konserni bilen Malaýziýanyň «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd»
kompaniýasynyň we BAE-niň «ADNOC Türkmenistan RSC Limited» kompaniýasynyň
arasynda Şertnama gol çekilendigine üns berildi.
Paýtagtymyzda «Parahatçylyk sazy» atly halkara
festiwal geçirildi. Oňa Russiýadan, Hytaýdan, Fransiýadan, Eýrandan,
Ermenistandan, Azerbaýjandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan
kompozitorlar, dirižýorlar, opera aýdymçy-sazandalar gatnaşdylar. Medeni
çäräniň maksatnamasy ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň sungat ussatlarynyň gala
konsertinden, dünýäniň dürli opera mekdepleriniň aýdymçylyk däpleriniň seýrek
görnüşlerinden, döredijilik duşuşyklaryndan, sazçylyk mekdepleriniň okuwçylary
üçin ussatlyk sapaklaryndan ybarat boldy. Artistleriň çykyşlarynda halkara
festiwalyň medeniýetleri özara baýlaşdyrmaga, dostluga we ylalaşyga
gönükdirilen esasy ideýasy öz beýanyny tapdy.
25-nji maýda Aşgabat şäheriniň güni we “Soňky
jaň” dabarasy mynasybetli baýramçylyk çäreleri geçirildi. Asylly däbe görä,
mekdepleriň göreldeli uçurymlary, bilim ulgamynyň işgärleri Watanymyzyň
özygtyýarlylygynyň, berkararlygynyň nyşany bolan Garaşsyzlyk binasyna,
Berdimuhamet Annaýewiň Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebindäki
we Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki Berdimuhamet Annaýew adyndaky 27-nji
orta mekdepdäki ýadygärligine gül desselerini goýdular. Şeýle hem welaýatlaryň
baş baýdak meýdançalarynda gül goýmak dabaralary boldy. Mekdep ýyllarynda dürli
ders bäsleşiklerinde, sport ýaryşlarynda ýeňiji bolan, döredijilik we çeper
höwesjeňleriň gözden geçirilişlerinde çykyş edip, has tapawutlanan okuwçylara,
bilim ulgamynyň işgärlerine hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň
adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Paýtagtymyzyň gününe bagyşlanyp “Ak şäherim
Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergi we maslahat geçirildi. Sergä
ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň kompaniýalary, edara-kärhanalar, telekeçilerdir
işewürler gatnaşdylar. Bu ýerde binagärlik, gurluşyk, senagat,
ulag-aragatnaşyk, maliýe-bank, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, syýahatçylyk,
sport ýaly ulgamlary öz içine alýan ajaýyp diwarlyklar ýaýbaňlandyryldy. Şeýle
hem sergide paýtagtymyzyň häzirki zaman keşbini kemala getirýän “ýaşyl”
tehnologiýalar ulgamyndaky innowasiýalar tanyşdyryldy.
Däp bolşy ýaly, maý aýynyň soňky ýekşenbesinde
ýurdumyzda Türkmen halysynyň baýramy giňden bellenildi. Bu baýram mynasybetli
haly we haly önümleriniň sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä
jemgyýetiniň XXV mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna
laýyklykda, Watanymyzda milli halyçylyk sungatyny ösdürmekde bitiren uly
hyzmatlary üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmetini, hünär
ussatlygyny nazara alyp, şeýle hem Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli
“Türkmenistanyň at gazanan halyçysy” diýen hormatly ada mynasyp bolan
halyçylary sarpalamak dabarasy boldy.
Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Açyk gapylar” syýasatynyň
dabaralanmagyna we ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň mundan beýläk-de
pugtalandyrylmagyna, milli ruhy gymmatlyklarymyzyň baýlaşdyrylmagyna,
halkymyzyň abadançylyk derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, Watanymyzyň halkara
abraýynyň has-da belende göterilmegine gönükdirilen giň möçberli
özgertmeleriniň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň güwäsi boldy.
tdh.gov.