Düýn
hemmeler üçin uzak garaşylan, şatlykly we mähriban baýramyň — Täze ýylyň ýetip
gelýändigini alamatlandyryp, ýurdumyzyň Baş arçasy nurana öwüşginde ýalkym
saçdy.
Asylly däbe
görä, paýtagtymyzyň Köpetdagyň etegindäki täsin tebigy künjekleriniň birinde
ýerleşýän “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki giň meýdança dabaralaryň
geçirilýän merkezine öwrüldi. Bu ýerde iň owadan belent arça oturdylyp,
ertekiler şäherjigi emele geldi.
Dürli
öwüşginde nur saçýan şarlardyr çyrajyklardan, yşyklandyryjy bezeglerden emele
gelen lybasa beslenen Baş arçanyň töweregine müňlerçe ýaşlar we uly ýaşly
adamlar ýygnandylar. Hut şu ýerden çagalar üçin täsin başdan geçirmeleriň
hem-de açyşlaryň jadylaýjy güýji başlanýar. Bu ýerde Aýazbabanyň we onuň agtygy
Garpamygyň jadyly taýajyklary arkaly körpeleriň ajaýyp arzuwlary, islegleri
amala aşyrylýar.
Belent başy
“2024” ýazgyly sekizburçly ýyldyz bilen bezelen Baş arçanyň beýikligi 44 metre,
ini bolsa 16 metre deňdir. Oýnawaçlaryň we yşyklandyryjylaryň dürli görnüşleri
bilen bezelen bu ajaýyp ýaşyl arça ýetip gelýän Täze ýylyň nyşany bolup, onuň
ýerleşýän ýeri paýtagtymyzyň ýaşaýjylarydyr myhmanlary üçin iň özüne çekiji,
gözel künjekleriň birine öwrüler.
Ýurdumyzyň
Baş arçasynda yşyklaryň ýakylmagy ertekilerdäki täsinlikler baradaky
düşünjelere beslenen dabaradyr. Şoňa görä-de, ol baýramçylygyň guramaçylaryndan
aýratyn döredijilikli çemeleşmäni talap edýär. Her ýyl Aýazbaba we onuň agtygy
Garpamyk üçin geçilmeli täze, ýörite ugur, medeni maksatnama taýýarlanylýar. Şu
ýyl hem guramaçylar ýaş tomaşaçylar üçin özüne çekiji tomaşany taýýarlapdyrlar.
Ol suw kenaryndaky balykçylaryň sahnalary bilen başlanýar.
...Sahna
ussatlary Tikgi we Potdyş balyk tutmaga gidýärler. Olaryň toruna altyn balyk
düşýär. Tikgi öz oglunyň Aýazbabany görmek isleýändigi baradaky arzuwyny
aýdýar. Arzuwyň ertekilerdäki ýaly amala aşmagy netijesinde, Aýazbaba, Garpamyk
hem-de oglanjyk Arkadag şäherinde peýda bolýar.
Bu täsin
şäheriň şu ýylyň 29-njy iýunynda dabaraly açylandygyny bellemelidiris. Kanun
esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan
Arkadag şäheriniň gurulmagy ýurdumyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen
ýaýbaňlandyrylan we häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň baştutanlygynda dowam etdirilýän ägirt uly özgertmeleriň anyk
netijesidir. Arkadag şäheriniň Diýarymyzyň gadymy künjekleriniň birinde,
pederlerimiziň şöhratly taryhynyň gözbaş alýan ýerinde gurulmagy aýratyn
bellärliklidir. Täze şäheriň durmuş ulgamy öňdebaryjy sanly,
maglumat-aragatnaşyk we “ýaşyl” tehnologiýalara esaslanýan “akylly” şäheriň
aýdyň nusgasydyr. Bu ýerde ekologiýa ýaly möhüm ugra aýratyn üns berildi. Mysal
üçin, desgalaryň gurluşygynda ekologik taýdan arassa serişdeler ulanyldy.
Arkadag şäherine “Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde
durnukly, “ýaşyl”, howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek”
taslamasyna goşulýandygy baradaky güwänamanyň berilmegi bu ulgamda öňde goýlan
wezipeleriň üstünlikli çözülýändigine şaýatlyk edýär.
...Ertekileriň
gahrymanlary Arkadag şäherine syýahatyň dowamynda Aman Gulmämmedow adyndaky
döwlet drama teatryna baryp görýärler. Bu ýerde olary çagalar şatlykly
garşylaýarlar. Soňra Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde «Galkynyş» milli
at üstündäki oýunlar topary bedewe erk etmegiň dürli tilsimlerini myhmanlara
görkezdiler. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen “Galkynyş” milli
at üstündäki oýunlar toparynyň dünýäniň çar künjeginde geçirilýän abraýly
ýaryşlara, bäsleşiklere we halkara sirk festiwallaryna gatnaşmak bilen,
baýrakly orunlara mynasyp bolup, Watanymyzyň ýaşyl tuguny belentde
parladýandygyny bellemek ýakymlydyr. Munuň özi dünýäde ahalteke bedewleriniň
şan-şöhratynyň barha ýokary göterilýändigini görkezýär.
Soňra Täze
ýyl arçalarynyň yşyklaryny ýakmak çäresine gatnaşyjylar Arkadag şäheriniň baş
arçasynyň ýanyna gelip, bu ýerde guralan baýramçylyk konsertine tomaşa
edýärler. Soňra şäheriň Aragatnaşyk müdirligine barýarlar. Bu ýerde Aýazbaba
sanly ulgam arkaly ýetip gelýän Täze ýyl baýramy bilen gutlap, hemmeleri
Aşgabat şäherinde ýerleşýän ýurdumyzyň Baş arçasyny görmäge çagyrýar. Täze ýyl
dabarasyna gatnaşyjylaryň topary ak mermerli paýtagtymyza tarap ýola düşýär.
Olaryň ýoly häzirki zaman ýaşaýyş jaý toplumlarynyň ýanyndan geçýär. Baş
gahrymanlar gurlup ulanmaga berlen binalaryň aýratynlyklary, giň şaýollar,
şäheriň baýramçylyk gözelligi bilen tanyşýarlar.
Nurana
baýramyň öňüsyrasynda söýginiň, ýaşlygyň we dost-doganlygyň şäheri bolan
Aşgabat has-da gözel keşbe girdi. Bu ýerdäki dürli öwüşginli suw çüwdürimleri,
elwan güller, ajaýyp seýilgähler, biri-birinden gözel ak mermerli binalar, giň
şaýollar, baýramçylyk lybasyny geýen seýilbaglar ýurdumyzyň okgunly ösýän
hem-de üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň keşbini özünde
jemläp, dünýäde ýaşamak üçin iň amatly, gözel şäherleriň biri hökmünde
paýtagtymyzyň ornuny has-da berkidýär.
Aýdym, tans,
folklor toparlarynyň artistleri hem-de Aşgabadyň köp sanly ýaşaýjylary
baýramçylyga gelýän myhmanlary uly şowhun bilen mübärekleýärler. Çagalar
döredijilik toparlarynyň çykyşlary dabaranyň şowhunyny artdyrýar.
Aýazbaba we
onuň ýoldaşlary Arçabil şaýoluna gelip, ak paýtuna münüp, “Älem” medeni-dynç
alyş merkeziniň öňündäki meýdança barýarlar.
Ine-de,
sabyrsyzlyk bilen garaşylan myhmanlar, çagalar şatlyk-şowhuna beslenen
aýdymlary aýdyp, köpöwüşginli yşyklandyryjylar bilen bezelen derwezeden
girýärler. Şadyýan çykyşlar ýurdumyzyň Baş arçasy gurnalan meýdançany gurşap
alýar. 2023-nji ýylyň we täze, 2024-nji ýylyň nyşanlarynyň keşbini janlandyrýan
ýaşajyk artistler öz ajaýyp goşgularyny gyş gahrymanlaryna bagyşladylar.
Paýtagtymyzyň teatr toparlary, ýaşajyk artistler, meşhur estrada aýdymçylary
taýýarlan aýdym-sazly çykyşlary bilen hemişe gök öwüsýän arçanyň töweregini
ertekilerdäki ýaly baýramçylyk dünýäsine beslediler.
Aýazbaba we
Garpamyk bu günki dabara gatnaşýan ähli körpeleriň adyndan döwlet
Baştutanymyza, Gahryman Arkadagymyza hem-de ähli türkmen halkyna täze, 2024-nji
ýyl mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny aýtdylar. Olar
hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, bagtyýarlyk, mähriban Watanymyzyň
abadançylygynyň we rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly
üstünlikleri arzuw edip, çagalar hakda edýän yzygiderli aladasy, ýurdumyzda
körpe nesilleriň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi ugrunda alyp barýan asylly
işleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Körpeleriň
islegi boýunça Aýazbabanyň jadyly taýagynyň kömegi bilen belent başly arçanyň
yşyklarynyň ýakylmagy bu ýerde guralan dabaranyň iň täsirli pursadyna öwrüldi.
Onuň yzysüre ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň meýdançalarynda gurnalan
Täze ýyl arçalary dürli öwüşginli yşyklara beslendi. Şu gün Diýarymyzyň ähli
künjeklerinde belent ruha beslenen Täze ýyl dabaralaryna badalga berildi.
Watanymyzyň çar ýanynda aýdym-sazyň owazy belentden ýaňlanyp, bagtyýar
çagalaryň joşgunly cykyşlaryna giň orun berildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlary we süýjülikleri almak
çagalar üçin ýatdan çykmajak pursada öwrüldi.
Ýurdumyzyň
Baş arçasynyň ýanynda guralan dabara çagalar horeografiýa toparynyň, meşhur
estrada aýdymçylarynyň Täze ýyla bagyşlan aýdymlaryny özünde jemleýän uly baýramçylyk
konserti bilen tamamlandy.
tdh.gov