PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY
Baş sahypa

Täzelikler

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň ýedinji mejlisi

28.11.2023
Card image cap

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň ýedinji mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet ýurdumyza geldi.

Duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşyjylar — iki ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Nygtalyşy ýaly, bu gatnaşyklar okgunly ösüşi, ähli möhüm ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmek üçin uly mümkinçilikleriň bolmagy bilen häsiýetlendirilýär. Şunuň bilen birlikde, iki ýurduň Prezidentleri Serdar Berdimuhamedowyň we Ilham Aliýewiň arasyndaky özara ynanyşykly gatnaşyklaryň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilmegi üçin ygtybarly esasy döredýändigi aýratyn nygtaldy.

Taraplar ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek boýunça işleriň barşyny ara alyp maslahatlaşyp, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny, özara gyzyklanmalaryny göz öňünde tutup, däp bolan gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň, hyzmatdaşlygyň täze usullaryny hem-de görnüşlerini ýola goýmagyň möhümdigini bellediler.

Toparyň türkmen tarapynyň agzalarynyň çykyşlarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän durmuş-ykdysady ösüşe gönükdirilen giň gerimli maksatnamalaryň düýp mazmuny, dünýäniň ykdysady ulgamyna işjeň goşulyşýan Türkmenistanyň häzirki döwürde gazanýan üstünlikleri beýan edildi. Nygtalyşy ýaly, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak we sanlylaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan düýpli özgertmeler iki döwletiň özara hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin uly mümkinçilikleri açýar. Biziň halklarymyzy dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary, taryhyň, medeni-ruhy gymmatlyklaryň umumylygy baglanyşdyrýar.

Taraplar ynanyşmak, hormat goýmak we özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan netijeli hyzmatdaşlyga, köpasyrlyk doganlyk gatnaşyklaryna üýtgewsiz ygrarlydyklaryny beýan edip, köptaraplaýyn döwletara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar hem-de ony gyzyklanma bildirilýän ugurlarda mundan beýläk-de giňeltmek boýunça anyk çäreleri kesgitlediler. Söwda-ykdysady, nebitgaz we elektroenergetika ulgamlarynda özara gatnaşyklaryň mümkinçiliklerine aýratyn üns çekildi. Häzirki döwürde sebit we ählumumy derejede durnukly ösüşiň aýrylmaz şerti hökmünde bu ugurlaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Umumy pikire görä, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň geografik taýdan amatly ýerleşmegi üstaşyr ulag geçelgelerini döretmegiň, dostluk we ylalaşyk deňzi bolan Hazar deňziniň ägirt uly mümkinçiliklerinden peýdalanmak boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň zerurdygyny şertlendirýär. Bu bolsa geljekde Merkezi Aziýanyň ýurtlary bilen goňşy sebitleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga mümkinçilik berer.

Gurluşyk, dokma senagaty, aragatnaşyk, oba hojalygy we beýleki pudaklar hyzmatdaşlygyň beýleki geljegi uly ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Ynsanperwer ulgam türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, bilim, ylym, saglygy goraýyş, medeniýet, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda has ýakyndan hyzmatdaşlyk etmegiň möhümdigi bellenildi. Nygtalyşy ýaly, iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky göni gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna ýardam bermek bilelikdäki işiň esasy ugrudyr. Geçirilýän işewürlik maslahatlary, işewür toparlaryň arasyndaky gepleşikler, sergiler we beýleki çäreler muňa ýakyndan ýardam etmelidir.

Toparyň agzalary ikitaraplaýyn duşuşyklary yzygiderli esasda geçirmegiň zerurdygyna ünsi çekip, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň häzirki mejlisiniň çäginde gazanylan ylalaşyklaryň iki ýurduň we olaryň doganlyk halklarynyň bähbitlerine netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.        

Mejlisiň jemleri boýunça degişli Teswirnama we beýleki resminamalara gol çekildi.

***

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen Türkmen-azerbaýjan işewürlik maslahatynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri we işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahata iki ýurduň döwlet edaralarynyň we işewür toparlarynyň, şol sanda nebitgaz, dokma, azyk senagaty, oba hojalygy, gurluşyk hem-de gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi, derman senagaty, ulag-logistika, maglumat tehnologiýalary we beýleki pudaklarda ýöriteleşen kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmen tarapynyň wekilleri ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada aýdyp, Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň hususy pudaga degişli kärhanalaryň jemi içerki önümdäki paýynyň tapgyrlaýyn esasda artdyrylmagyny göz öňünde tutýandygyna ünsi çekdiler. Bellenilişi ýaly, bäsdeşlige ukyply milli ykdysadyýeti kemala getirmek we bazar gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak ugruny saýlap alan Türkmenistan telekeçilik işini, işewür toparlaryň işjeňligini hemmetaraplaýyn höweslendirýär, kiçi we orta telekeçiligi netijeli ösdürmek, hususy başlangyçlary goldamak üçin amatly hukuk, ykdysady, maliýe, durmuş şertlerini döredýär.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi milli ykdysadyýetiň esasy pudaklarynda iş alyp barýar. TSTB-niň agzalaryna bäsdeşlige ukyply ýokary hilli önümleri öndürmek, azyk bolçulygyny üpjün etmek, senagat kärhanalaryny gurmak boýunça öňde goýlan wezipeleri çözmekde uly orun degişlidir. Alnyp barylýan “Açyk gapylar” syýasaty we Türkmenistanda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleri açýar hem-de daşary ýurt kompaniýalaryny ýurdumyza çekmäge goşmaça itergi berýär.

 

Şu gezekki işewürlik duşuşygynyň çäklerinde açylýan mümkinçilikleri we bilelikdäki işiň toplanan oňyn tejribesini nazara almak bilen, möhüm ugurlaryň birnäçesinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň çemeleşmeleri kesgitlenildi. Umumy pikire görä, iki ýurduň harytlary we hyzmatlary öndürijileriniň gatnaşmagynda bilelikdäki sergileriň yzygiderli geçirilmegi, bilelikdäki işewürlik maslahatlarynyň, dürli duşuşyklaryň guralmagy bu işiň üstünlikli amala aşyrylmagynyň wajyp şerti bolup durýar.

Iki ýurduň wekiliýetleriniň agzalary uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga özara taýýardyklaryny nygtap, söwda dolanyşygynyň möçberini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek we diwersifikasiýalaşdyrmak bilen baglanyşykly anyk teklipleri beýan etdiler.

Forumyň çäklerinde birnäçe aýratyn ikitaraplaýyn duşuşyklar hem-de gepleşikler geçirildi.

***

Agşam Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Azerbaýjan Respublikasynyň ýurdumyzdaky ilçihanasynyň Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen bilelikde guramagynda azerbaýjan halkynyň milli Lideri Geýdar Aliýewiň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli konsert geçirildi.


 tdh.gov


Bulary hem okaň