(Ankara şäheri, 2023-nji ýylyň 26-njy oktýabry)
Hormatly işewür toparlaryň wekilleri!
Gadyrly dostlar!
Ilki
bilen, hemmäňizi tüýs ýürekden mübärekleýärin hem-de şu günki işewürlik
maslahatynyň guralandygy üçin Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşigine,
Daşary ykdysady gatnaşyklar guramasyna minnetdarlyk bildirmek isleýärin.
Biz
iki ýurduň işewür adamlarynyň duşuşyklaryny yzygiderli geçirip, söwda-ykdysady
hyzmatdaşlygyň ugurlarynydyr mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşýarys. Şu
duşuşykda hem netijeli gepleşiklerimizi dowam etdirmegi maksadalaýyk
hasaplaýarys. Onuň dowamynda ikitaraplaýyn hereketlerimize hil taýdan täze
itergi berjek, mundan soňra ediljek bilelikdäki işler boýunça anyk meselelere
seretmäge ýardam etjek pikir alyşmalaryň boljakdygyna ynanýaryn.
Işewürlik maslahatymyza gatnaşýanlaryň hemmesine sagbolsun aýdýaryn.
Araňyzda uzak ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda netijeli işleri alyp baran kompaniýalaryň
wekillerini hem görmek bizi begendirýär.
Hormatly maslahata gatnaşyjylar!
Garaşsyzlyk ýyllarynda türk kompaniýalary Türkmenistanda kiçi, orta we
iri ýüzlerçe taslamanyň durmuşa geçirilmegine gatnaşdylar. Şunuň bilen
birlikde, häzirki tapgyrda Türkmenistanda dürli senagat pudaklarynda,
medeni-durmuş ugurlarynda giň möçberli taslamalaryň meýilleşdirilýändigini
bellemek gerek. Olar innowasiýalara we ýokary tilsimatlara esaslanýan
inženerçilik pikirlerini, baý tehniki tejribeleri, ussatlygy talap edýär. Şonuň
üçin biz agzalan taslamalary, aýratyn-da, döwrebap «akylly» şäher ýörelgelerine
laýyklykda bina ediljek “Aşgabat-siti” konsepsiýasyny we Arkadag şäherinde
guruljak senagat klasterini bilelikde işlemek üçin Türkiýäniň işewür toparlaryny
Türkmenistana çagyrýarys.
Türkmenistan
daşary ýurtlar bilen maýa goýumlar babatda hyzmatdaşlygy ösdürmäge ähmiýet
berýär. Bu ýerde esasy maksat ýurdumyzda durmuşa geçirilýän iri energetika we
infrastruktura taslamalaryna daşary ýurt maýalaryny çekmekden ybarat bolup
durýar. Şeýlelikde, biziň öňümizde işlemek üçin giň meýdança açylýar. Şunuň
bilen baglylykda, bilelikdäki maýa goýum gaznasyny hem-de maýa goýumlar boýunça
bilelikdäki iş toparyny döretmegi teklip edýäris. Şol bir wagtda, türk
maýadarlarynyň we senagatçylarynyň ýurdumyzda alyp barýan işlerini maliýe
taýdan düzgünleşdirmek maksady bilen, Türkiýäniň käbir uly banklarynyň
Türkmenistanda şahamçasyny açmak meselesine seretmegi hem makul görýäris.
Ikitaraplaýyn
gatnaşyklarymyzda energetika ulgamy giň orun tutýar. Bu ýerde gürrüň türkmen
energiýa serişdeleriniň, hususan-da, elektrik energiýasynyň we tebigy gazyň
Türkiýä iberilmegi barada barýar. Türkmenistan energiýa serişdelerini öndürýän,
üstaşyr geçirýän we sarp edýän taraplaryň bähbitlerini deň derejede göz öňünde
tutmak ýörelgesinden ugur alyp, türkiýeli hyzmatdaşlar bilen bu ugurda özara
hereketlere açykdyr.
Ulag-kommunikasiýa
pudagy möhüm we geljegi uly ugurlaryň biri bolup durýar. Häzirki döwürde biziň
ýurdumyzda täze ulag desgalarynyň, awtomobil we demir ýol geçelgeleriniň giň
gerimli gurluşyk işleri alnyp barylýar, howa, deňiz menzilleriniň durky
täzelenýär. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň ulag edaralarynyň,
assosiasiýalarynyň, kompaniýalarynyň arasynda yzygiderli esasda iş
duşuşyklaryny geçirmegi teklip edýäris. Mundan başga-da, ulag-kommunikasiýa
ulgamynda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek, işleri utgaşdyrmak we sazlaşykly alyp
barmak maksady bilen, döwlet ulag edaralarynyň hem-de hususy ulag-logistika
kompaniýalarynyň gatnaşmaklarynda bilelikdäki ulag-logistika merkezini döretmegi
maksadalaýyk hasaplaýarys.
Häzirki
döwürde oba hojalygy pudagy ykdysadyýetiň möhüm ugurlarynyň hatarynda orun
alýar. Biziň esasy wezipämiz ýurtlarymyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmekden we
bu ugurda halkara tagallalara goşant goşmakdan ybarat bolup durýar. Şol sebäpli
biz Türkmenistanda oba hojalygy we agrosenagat pudagyna köp mukdarda maýa
goýýarys, onuň maddy-tehniki binýadyny yzygiderli kämilleşdirýäris. Şunuň bilen
birlikde, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, tohumçylyk we
seçgiçilik ulgamyny ösdürmek, täze tilsimatlary önümçilige ornaşdyrmak babatda
Türkiýe bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi we tejribe alyşmagy teklip edýäris. Bu
ugurlarda ýöriteleşen türk kompaniýalary bilen özara bähbitli gatnaşyklary ýola
goýmaga taýýardygymyzy beýan edýäris.
Bu
gün tutuş dünýä howanyň üýtgemegi we beýleki ekologik wehimler bilen ýüzbe-ýüz
bolýar. Şeýle şertlerde suw hojalygy pudagynyň ähmiýeti yzygiderli artýar. Biz
ýurtda suw üpjünçilik hem-de suw paýlama ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmagy
meýilleşdirýäris. Bu derwaýys pudakda sebit we halkara hyzmatdaşlyga ähmiýet
berýäris. Şunuň bilen baglylykda, suw serişdelerini rejeli ulanmak we suw
tygşytlaýjy tilsimatlary ornaşdyrmak babatda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak
baş wezipelerimiziň biri bolup durýar. Galyberse-de, anyk taslamalar hökmünde
Garagum derýasynyň hanasynyň hem-de ýan kanallarynyň infrastrukturasynyň
täzelenmegi we giňeldilmegi ýaly taslamalar barada bellemek bolar. Bu ugurlarda
hem degişli türk kompaniýalary bilen ysnyşykly hereketleri alyp barmaga taýýardygymyzy
nygtamak isleýäris.
Senagat
pudagynyň ösüşi we önümçilik kooperasiýasy milli ykdysadyýetimiziň ileri
tutulýan bir bölegi bolup durýar. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak
hem-de ösdürmek boýunça degişli işler geçirilýär.
Häzirki şertlerde ykdysadyýetiň ösmeginde ylmyň we tehnikanyň orny
gün-günden ýokarlanýar. Şunlukda, ýurtlarymyzyň täze talaplara laýyk ösmegi we
döwür bilen aýakdaş gitmegi möhüm bolup durýar. Şu derwaýys wezipeden ugur
alyp, ylym-tehnika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi teklip edýäris. Onuň
çäklerinde iki ýurduň maglumat tilsimatlary pudagynda ýöriteleşen
kompaniýalarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagy zerur hasaplaýarys. Bu
ugurlarda bilelikdäki işleri alyp barmaga türkmen tarapynyň taýýardygyny beýan
edýäris.
Hormatly maslahata gatnaşyjylar!
Umuman, türkmen tarapy Türkiýe bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary hil
taýdan täze derejä çykarmagy maksat edinýär. Bu günki duşuşykda öňümizde duran
uly wezipeler we hyzmatdaşlygyň täze görnüşleri barada maslahat edýäris. Biz
iki tarap üçin hem bähbitli bolan netijeli pikirleridir teklipleri hoşallyk
bilen kabul etmäge taýýardyrys. Ýurtlarymyzyň, hususan-da, işewür
toparlarymyzyň bu meselelere tagalla bilen çemeleşjekdiklerine ynanýaryn. Ara
alyp maslahatlaşmalary şu ýylyň 6 — 8-nji dekabrynda Türkmenistanda guraljak
Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisiniň çäklerinde hem dowam etdirmek bolar.
Şol sebäpli nobatdaky Türkmen-türk işewürlik maslahatyny Aşgabatda geçirmegi
teklip edýärin.
Duşuşygyň
ýokary derejede guralandygy we siziň öňüňizde çykyş etmäge mümkinçilik
döredilendigi üçin ýene bir gezek minnetdarlyk bildirýärin. Iş maslahatynyň
üstünlikli geçmegini, oňa gatnaşýanlaryň hemmesine berk jan saglyk, abadançylyk
we uly üstünlikleri arzuw edýärin.
tdh.gov