(Balkan welaýaty, 2023-nji ýylyň 3-nji noýabry)
Hormatly adamlar!
Gadyrly myhmanlar!
Şu gün biz
Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň çäginde täze, döwrebap elektrik
stansiýasynyň, şeýle hem etrabyň Guwlymaýak şäherçesinde medeni-durmuş maksatly
binalaryň düýbüni tutýarys. Şonuň ýaly-da, Mary — Ahal ugry boýunça ýokary
woltly asma elektrik geçirijisini hem-de Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan
işleýän zawodlar toplumynda iki sany gaz turbina desgasyny dabaraly açyp
ulanmaga bereris.
Hormatly adamlar!
Siziň
bilşiňiz ýaly, elektrik energetika pudagy milli ykdysadyýetimiziň möhüm
pudaklarynyň biri bolup durýar. Pudagy ösdürmek üçin ýurdumyzda maksatnamalaýyn
işler alnyp barylýar. Uly möçberli maýa goýumlar goýlup, iri taslamalar amala
aşyrylýar. Önümçilige döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylyp, elektrik
energiýasynyň öndürilýän möçberi yzygiderli artdyrylýar. Şonuň netijesinde,
sarp edijiler elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün edilýär.
Häzirki döwürde ýurdumyzda jemi kuwwaty 7000 megawata deň bolan 12 sany
elektrik stansiýasy işleýär. Şolaryň 8-si Garaşsyzlyk ýyllarynda, has takygy,
2013 — 2021-nji ýyllarda gurlup ulanmaga berildi. Şeýle hem müňlerçe kilometre
uzaýan dürli güýjenmeli asma elektrik geçirijileri, durky täzelenen we täze
gurlan paýlaýjy ulgamlar işe girizildi. Bularyň ählisi pudakda gazanylan uly üstünliklerdir.
Hormatly adamlar!
Garaşsyz
Türkmenistan gurýan, döredýän we iri taslamalary üstünlikli amala aşyrýan,
kuwwatly döwlet hökmünde tanalýar. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän iri
taslamalar, ulanmaga berilýän, gurluşygy alnyp barylýan desgalar milli
ykdysadyýetimizi pugtalandyrmaga, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda
ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Şol taslamalar durmuşa geçirilende,
biz, ilkinji nobatda, ekologik talaplaryň berjaý edilmegine, ösen
tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berýäris. Ýurdumyzda amala
aşyrýan iri senagat taslamalarymyz abraýly halkara guramalaryň ýokary hil
derejesine, ekologik talaplara doly laýyk gelýändigi baradaky oňyn bahalaryna
mynasyp bolýar.
Şu gün
düýbi tutulýan, gaz we bug dolanyşygynda işlejek döwrebap elektrik
stansiýasynyň 4 sany gaz we 2 sany bug turbinalary bolar. Olaryň jemi
öndürijilik kuwwaty 1574 megawata deňdir. Bu ýerde ökde hünärli işgärleriň
150-den gowragy zähmet çeker. Hünärmenleriň işlemegi we dynç almagy üçin ähli
zerur şertler dörediler. Bu iri desga ýurdumyzda gurulýan kuwwatly elektrik
stansiýalarynyň ikinjisidir. Ol senagat taýdan barha ösýän Balkan welaýatynyň
sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün eder. Stansiýanyň
öndürýän elektrik energiýasynyň artykmaç bölegini ýurdumyzyň bitewi halkalaýyn
energoulgamyna, şeýle hem goňşy ýurtlara ibermäge mümkinçilik dörär. Garaşsyz
Diýarymyzyň sebitlerinde şular ýaly iri taslamalaryň amala aşyrylmagy elektrik
energetika pudagyny ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigine, berkarar Watanymyzyň
ykdysady taýdan kuwwatly döwletdigine şaýatlyk edýär.
Hormatly adamlar!
Gadyrly myhmanlar!
Biz şu gün
«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň sebitde ýerleşýän kärhanalarynda işleýän
hünärmenleriň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak üçin Guwlymaýak
şäherçesinde medeni-durmuş maksatly binalar toplumynyň hem düýbüni tutýarys.
Ýakyn wagtda bu ýerde 472 hojalyga niýetlenen, ähli amatlyklary bolan 4 gatly
döwrebap ýaşaýyş jaýlary gurlar. Şeýle hem 320 orunlyk orta mekdep, 120 orunlyk
çagalar bagy, söwda-dynç alyş merkezi bina ediler. Bu bolsa ýurdumyzda adam
hakyndaky aladanyň ýene-de bir aýdyň mysalydyr.
Men türkmen
gurluşykçylarynyň we daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyzyň bu taslamalary üstünlikli
durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşyp, öňde duran wezipeleri abraý bilen ýerine
ýetirjekdiklerine berk ynanýaryn.
Hormatly adamlar!
Siziň
bilşiňiz ýaly, ýurdumyzda hereket edýän energiýa ulgamyny halkalaýyn
birleşdirmek boýunça işler alnyp barylýar. Halkalaýyn energoulgamy döretmek taslamasynyň
birinji tapgyry bolan Ahal — Balkan ýokary woltly asma elektrik geçirijisi
2021-nji ýylda işe girizildi. Ine, bu gün biz türkmen energogurluşykçylarynyň
ýadawsyz we yhlasly zähmet çekmegi netijesinde halkalaýyn energoulgamyň Mary —
Ahal ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň üstünlikli amala aşyrylandygynyň
şaýady bolýarys.
Balkan —
Daşoguz ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň gurluşygyny
2024-nji ýylda tamamlamak meýilleşdirilýär. Balkan — Daşoguz we Mary — Ahal
ugurlarynyň ulanmaga berilmegi bilen, ýurdumyzda halkalaýyn energoulgam emele
geler. Içerki sarp edijilerimiziň elektrik üpjünçiliginiň hili gowulanar. Eziz
Watanymyzyň dürli künjeklerinden daşary ýurtlara elektrik energiýasyny ibermek
üçin amatly şertler dörär. Bu taslamalaryň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň
energetika pudagy üçin taryhy ähmiýete eýedir. Çünki Garaşsyzlyk ýyllarynda
pudakda geçirilen özgertmeleriň netijesinde gutarnykly dolanyşyga eýe bolan
döwrebap elektroenergetika pudagy kemala geldi. Pursatdan peýdalanyp, türkmen
energogurluşykçylarymyza, daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyza taslamany üstünlikli
durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşandyklary üçin minnetdarlyk bildirýärin.
Hormatly adamlar!
Şu gün
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda hem döwrüň ösen
talaplaryna laýyk gelýän iki sany gaz turbina desgasy işe girizilýär. Kuwwaty
70 megawat bolan bu täze desgalar toplumy elektrik energiýasy bilen ygtybarly
üpjün eder.
Hormatly adamlar!
Gadyrly myhmanlar!
Siziň
ähliňizi Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň çäginde utgaşykly dolanyşykda
işlejek elektrik stansiýasynyň, Guwlymaýak şäherçesinde medeni-durmuş maksatly
binalar toplumynyň düýbüniň tutulmagy, şeýle hem Mary — Ahal ugry boýunça
ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň, zawodlar toplumynda iki sany gaz
turbina desgasynyň dabaraly açylyp ulanmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden
gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan
işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin. Goý, Berkarar döwletiň täze
eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu möhüm desgalar we binalar mähriban halkymyza
uzak ýyllaryň dowamynda hyzmat etsin!
tdh.gov