Hormatly
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň agzalary!
Ýakynda biz berkarar ýurdumyzyň mukaddes
Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramyny ýokary derejede, giňden belläp geçdik.
Garaşsyzlyk toýuny halkymyz uly üstünlikler bilen garşylady.
Bilşiňiz ýaly, 24-nji sentýabrda Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onda Garaşsyz döwletimizde gazanylan
üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň, ýerine ýetirilen işleriň jemi jemlendi.
Şeýle hem döwrüň talaplaryndan, täze ykdysady şertlerden ugur alyp, täze taryhy
eýýamda öňde durýan möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Halk
Maslahatynyň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz
Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzy mundan beýläk-de toplumlaýyn ösdürmäge
gönükdirilen taryhy ähmiýetli birnäçe çözgütleri kabul edip, degişli Permanlara
gol çekdi. Bilşiňiz ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyz 2025-nji ýylyň «Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi bilen bagly Permana hem
gol çekdi.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň
78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen
2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Bu
bolsa ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmak, döwletleriň arasynda
ynanyşmagy berkitmek ugrunda edýän taýsyz tagallalarynyň bütin dünýäde ykrar
edilýändigini görkezýär. Biz oňyn Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyzdan ugur alyp,
ähli döwletler, abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm
ähmiýet berýäris. Dünýä döwletleri bilen deňhukukly, özara bähbitli
gatnaşyklary ösdürmek döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň
biridir. Şunuň bilen baglylykda, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly
mynasybetli dabaralarydyr çäreleri guramaçylykly geçirmäge ýokary derejede
taýýarlyk görmeli. Geljek, 2025-nji ýylda örän möhüm taryhy we şanly senäni —
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramyny uly üstünlikler
bilen garşylamaga düýpli taýýarlyk görmeli.
Hormatly adamlar!
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda
Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek babatda
toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Kabul edilen milli maksatnamalara laýyklykda
giň gerimli işler alnyp barylýar, möhüm Kararlar, çözgütler kabul edilýär. Şoňa
görä-de, biz geljekde-de ylym ulgamyny ösdürmäge, onuň hukuk we maddy
enjamlaýyn binýadyny berkitmäge üns bermeli. Ylmyň gazananlaryny,
innowasiýalary, sanly ulgamy önümçilige ornaşdyrmak işine aýratyn ähmiýet
bermeli. Ylmy-barlag edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, önümçiligiň
arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaly. Ylym-bilim bilen meşgullanýan
edaralary ýokary taýýarlykly hünärmenler bilen üpjün etmeli.
Hormatly Prezidiumyň agzalary!
Häzirki döwürde Arkadag şäherinde nusgalyk işler amala
aşyrylýar. Ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, dolandyryş binalary, bilim
we saglygy goraýyş edaralary, söwda-dynç alyş merkezleri, seýilgähler gurlup
ulanmaga berilýär. Şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygy bolsa güýçli depginde
alnyp barylýar. Biz ýurdumyzda, şol sanda Arkadag şäherinde ekologik taýdan
arassa önümçilikleri döretmäge möhüm ähmiýet berýäris. Şäherde «Arkadag
Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň işe girizilmegini muňa mysal hökmünde
görkezip bolar. Bu kärhananyň döredilmegi bilen, dürli görnüşli lukmançylyk
serişdeleriniň önümçiligi ýola goýuldy.
Biz «Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda
ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, Arkadag şäheriniň ähli ulgamlarynda
sazlaşykly we durnukly ösüşi gazanmaly. Şäheriň dolandyryş ulgamyna sanly
tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak hem ony yzygiderli kämilleşdirmek arkaly
ilatyň ýaşamagyna, zähmet çekmegine, dynç almagyna gönükdirilen amatlyklary
yzygiderli üpjün etmeli. Şäheriň ilatynyň iş üpjünçiligini mundan beýläk-de
ýokarlandyrmaly.
Hormatly adamlar!
Türkmenistanyň Halk Maslahaty halk häkimiýetiniň iň
ýokary wekilçilikli edarasy bolmak bilen, hemişelik Bitarap döwletimizde halk
bilen geňeşmek — Halk Maslahatynyň mejlisini yzygiderli geçirmek asylly däbe
öwrüldi. Şunuň bilen bir hatarda, häzirki döwürde Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň işini täze mazmun bilen baýlaşdyrýarys. Ony halkyň agzybirligini,
jebisligini berkitmegiň, jemgyýeti dolandyrmagyň hem-de ösdürmegiň möhüm guraly
hasaplaýarys. Döwletimiziň ähli pudaklary bilen birlikde, halk häkimiýetini
kämilleşdirmek boýunça-da netijeli işleri alyp barýarys.
Hormatly Prezidiumyň agzalary!
«Maslahatly biçilen don gysga bolmaz» diýlişi ýaly,
biz geljekde hem ilatyň giň gatlaklarynyň möhüm jemgyýetçilik-syýasy çözgütleriň
kabul edilmegine gatnaşmagyny üpjün ederis. Ata-babalarymyzyň döwlet gurluşynda
toplan baý taryhy tejribesine, asylly däplerine daýanarys.
Men siziň her biriňiziň öňümizde durýan wezipeleri
üstünlikli durmuşa geçirmek üçin jan aýaman zähmet çekjekdigiňize, berkarar
Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşjakdygyňyza berk ynanýaryn.
tdh.gov