(Astana
şäheri, 2023-nji ýylyň 3-nji noýabry)
Hormatly döwlet
Baştutanlary!
Hormatly maslahata gatnaşyjylar!
Ilki bilen, Türki Döwletleriň Guramasynyň şu günki ýokary derejeli
duşuşygyna gatnaşmaga çakylyk hem-de çäräniň ýokary derejede guralmagy babatda
döredilen amatly şertler we myhmansöýerligi üçin Gazagystan Respublikasynyň
Prezidenti hormatly Kasym-Žomart Kemelewiç Tokaýewe çuňňur minnetdarlyk
bildirýärin. Şu ýokary derejeli duşuşygyň ýurtlarymyzyň arasyndaky
syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň has-da
ösmegine we bu ugurda täze wezipeleri kesgitlemäge ýardam berjekdigine
ynanýaryn.
Hormatly maslahata
gatnaşyjylar!
Bu gün syýasy gatnaşyklar Türki Döwletleriň Guramasyna gatnaşýan
ýurtlaryň arasynda ýokary derejede alnyp barylýar. Biziň döwletlerimiz
birek-birege özara goldaw berip, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn formatlarda,
şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynda we beýleki abraýly halkara düzümlerde
netijeli özara hereketleri amala aşyrýarlar. Şeýle ysnyşykly gatnaşyklar
häzirki özboluşly zamanda möhüm ähmiýete eýe bolýar.
Mälim bolşy ýaly, soňky döwürde halkara gatnaşyklar ulgamy öz ösüşiniň
kyn döwrüni başdan geçirýär. Dürli künjeklerde, şol sanda biziň ýurtlarymyza
ýakyn sebitlerde syýasy-strategik ýagdaýlar ýüze çykýar. Şunuň netijesinde,
dünýä jemgyýetçiligi dürli ählumumy wehimlerdir howplar bilen ýüzbe-ýüz bolýar.
Ählumumy parahatçylyk we howpsuzlyk ulgamyna oňaýsyz täsir edýän bu çylşyrymly
hadysalardan baş alyp çykmak üçin döwletleriň tagallalaryny birleşdirmekleri,
emele gelen syýasy ýagdaýlara oýlanyşykly baha bermekleri hem-de zerur bolan
çözgütleri kabul etmekleri wajyp hasaplanýar. Şol sebäpli, halkara hukuk
kadalaryna, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyna
esaslanyp, ýüze çykýan howplara garşy göreşmegiň netijeli gurallaryny döretmek,
bilelikdäki hereketleri ýola goýmak, anyk çemeleşmeleridir meýilnamalary işläp
taýýarlamak zerur bolup durýar.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan howpsuzlygyň bölünmezligi we
bitewüligi baradaky garaýyşlardan ugur almak bilen, Birleşen Milletler
Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Ählumumy howpsuzlyk
strategiýasyny işläp taýýarlamak baradaky başlangyç bilen çykyş etdi. Türkmen
tarapy bu başlangyjyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi üçin şu aşakdaky üç
ýörelgäni peýdalanmagy maksadalaýyk hasaplaýar:
·
birinjiden,
dawaly ýagdaýlara, hususan-da, ýüze çykyp başlan tapgyrynda, olara ýol
bermezlik üçin öňüni alyş diplomatiýasyny ulanmak;
·
ikinjiden,
Bitaraplyk guralynyň mümkinçiliklerinden doly peýdalanmak;
·
üçünjiden,
ynanyşmaga esaslanýan dialog medeniýetini dikeltmek.
Biz agzalan strategiýanyň özara düşünişmäge we hyzmatdaşlyk
gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde duran
gaýragoýulmasyz meseleleriň çözülmegine, galyberse-de, Durnukly ösüş
maksatlaryny amala aşyrmaga ýardam berjekdigine ynanýarys. Şol sebäpli, Türki
Döwletleriň Guramasyna gatnaşýan ýurtlaryň Türkmenistanyň Milletler
Bileleşiginde öňe süren bu wajyp başlangyjyny iş ýüzünde amala aşyrmakda goldaw
berjekdiklerine berk ynanýaryn.
Hormatly Rejep Taýyp Ärdoganyň belläp geçişi ýaly, adamzadyň taryhy
urşuň utan ýeriniň ýokdugyny tassyklaýar. Atylan ok yzyna gaýtmaýar, ol çagamy
ýa esgermi, saýgaryp durmaýar. Şunuň bilen baglylykda, doganlyk Bitarap
Türkmenistan Rejep Taýyp Ärdoganyň ynsanperwer başlangyjyny goldamaga
taýýardyr.
Gatnaşyklarymyzyň halkara ölçegleri barada aýtmak bilen, halkara
guramalaryň çäklerinde özara hereketleri ulgamlaýyn esasda alyp barmak üçin
Türki Döwletleriň Guramasynyň ýurtlarynyň 2024-2025-nji ýyllar üçin
Hyzmatdaşlyk maksatnamasyny kabul etmek baradaky teklibi öňe sürýäris.
Söwda-ykdysady ugur babatda Türkmenistan Türki Döwletleriň Guramasynyň
çäklerinde özara gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmegi maksadalaýyk hasaplaýar.
Şunda, ilkinji nobatda, döwletlerimizi birleşdirýän ykdysady ugurlary görkezmek
zerurdyr. Olar ulag, energetika, söwda, önümçilik kooperasiýasy we beýleki
pudaklary öz içine alýar. Umuman, türki döwletleriň eýe bolan ykdysady
mümkinçiliklerini döwrüň talaplaryna laýyklykda doly derejede, netijeli işe
girizmegi, dünýä ösüşiniň esasy ugurlary bilen sazlaşykly alyp barmagy zerur
hasaplaýarys.
Ulag we logistika ulgamy biziň ýurtlarymyzyň gatnaşyklarynda wajyp orun
eýeleýär.
Bilşiňiz ýaly, häzirki ählumumy durnuksyzlyk ýagdaýynda döwletlerimiziň
arasynda we olaryň çäklerinden daşarda giňden ýaýran hem-de döwrebap üstaşyr
ulag, logistika ulgamyny döretmek wezipesi esasy meseleleriň biri bolup durýar.
Bu ugurda Türkmenistan soňky ýyllarda Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýän
birnäçe iri üpjünçilik ulgamynyň taslamalaryny öňe sürdi. Olara Türki Döwletleriň
Guramasyna girýän ýurtlar hem işjeň gatnaşýarlar.
Has takyk bellesek, 2017-nji ýylda Aşgabatda gol çekilen degişli
ylalaşyga laýyklykda, Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa —
Türkiýe ugry boýunça ulag geçelgesi döredildi. Häzirki wagtda bu ulag ýoluny
doly güýjünde işe girizmek babatda tagalla edilýär. Şeýle hem 2019-njy ýylyň
mart aýynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen Hazar deňzi — Gara deňiz ulag
geçelgesi döredildi we degişli köptaraplaýyn resminama gol çekildi. Mundan
başga-da, häzirki döwürde Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan ugry boýunça
Hazar deňzine çykjak, soňra bolsa Azerbaýjana we Türkiýä uzajak ulag
geçelgesini döretmek babatda hem işler alnyp barylýar.
Diňe ýokarda görkezilen käbir mysallar türki döwletleriň gatnaşmagynda
döredilýän Hazarüsti ulag geçelgeleriniň zerurlygyny we netijeliligini aýdyň
görkezýär. Şunuň bilen baglylykda, üstaşyr ulag gatnawlaryny işjeňleşdirmek
üçin Türkmenistanyň logistika hem-de üpjünçilik ulgamynyň mümkinçiliklerini
ulanmagy teklip edýärin.
Ýene bir möhüm ugur hökmünde energetika ulgamyny görkezmek bolar.
Türkmenistan baý nebitgaz gorlaryna eýe bolmak bilen, energiýa
göterijileriniň dünýä bazaryna ygtybarly we howpsuz ýagdaýda iberilmegi
baradaky syýasaty alyp barýar. Ylaýta-da, türkmen tebigy gazynyň we elektrik
energiýasynyň goňşy ýurtlara, sebitiň döwletlerine iberilmegi babatda işler
amala aşyrylýar. Bu ugurda Türki Döwletleriň Guramasynyň düzümine girýän
ýurtlar bilen ysnyşykly gatnaşyklar alnyp barylýar. Mysal hökmünde aýtsak,
häzirki wagtda Türkmenistan goňşy we doganlyk ýurtlar bolan Özbegistana,
Azerbaýjana öz tebigy gazyny iberýär. Şol bir wagtyň özünde, türkmen tebigy
gazyny Hazar deňziniň üsti bilen Azerbaýjana, Türkiýä we geljekde dünýä
bazarlaryna çykarmak üçin mümkinçiliklerimiz bar. Bu babatda ýakyn wagtda biziň
doganlyk ýurtlarymyz bilen ähli zerur bolan meseleleri çözüp, degişli işleri
amala aşyrjakdygymyza berk ynanýaryn.
Şeýle hem elektrik energetikasy barada aýdylanda, bu gün Türkmenistan
goňşy doganlyk ýurtlar bolan Özbegistana we Gyrgyzystana öz elektrik
energiýasyny iberýär. Bu pudak boýunça biz öňümizdäki döwürde elektrik
energiýasyny Hazar deňziniň üsti bilen doganlyk Azerbaýjana, Türkiýä hem iberip
bileris. Ýeri gelende aýtsam, hut şu günüň özünde Hazar deňziniň türkmen
kenarynda, Türkmenbaşy şäheriniň ýanynda kuwwatlylygy 1574 megawat bolan täze,
döwrebap elektrik stansiýasynyň düýbi tutuldy.
Umuman, durmuşa geçirilýän bilelikdäki işleri güýçlendirmek we hukuk
taýdan berkitmek maksady bilen, Türki Döwletleriň Guramasynyň düzümine
gatnaşýan ýurtlar tarapyndan energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek
boýunça «Ýol kartasynyň» taýýarlanylmagyny maksadalaýyk hasaplaýaryn.
Taryhy, medeniýeti, dili we däp-dessurlary birmeňzeş bolan türki
döwletleriň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň köpugurly
hyzmatdaşlygymyzyň gün tertibinde möhüm orun eýeleýändigini bellemek isleýärin.
Bu ulgamda amala aşyrylýan özara ysnyşykly hereketler dost-doganlygyň,
birek-birege hormat goýmagyň, özara ynanyşmagyň, goldaw bermegiň esasynda
ulgamlaýyn ösdürilýär. Medeniýet, sungat, ylym-bilim we sport babatda
hyzmatdaşlygyň berkidilmegi netijesinde ýurtlarymyzyňdyr halklarymyzyň özara
ýakynlaşmagyna oňyn şertler döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn
we köptaraplaýyn medeni çäreleri ýygy-ýygydan geçirmegi, hususan-da, Türki
döwletleriň bilelikdäki Medeniýet gününi guramagy teklip edýärin.
Şol bir wagtda, Türki medeniýetiň halkara guramasy bolan TÜRKSOÝ-nyň
çäklerinde gatnaşyklarymyz ýokary derejede dowam etdirilýär. TÜRKSOÝ-nyň medeni-ynsanperwer
ugurda möhüm işleri alyp barýandygyny nygtamak bilen, onuň çäklerinde bilelikde
geçirilýän çäreleriň giňeldilmegini maksadalaýyk hasaplaýaryn. Şunuň bilen
baglylykda, 2024-nji ýylda belleniljek meşhur türkmen nusgawy şahyry Magtymguly
Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi hem-de Türkmenistanyň gadymy Änew şäheriniň
«Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli halkara
derejede birnäçe çäreleri geçirmegi meýilleşdirýäris. Biz bu ugurda halkara
hyzmatdaşlyga, hususan-da, türki halklar bilen bilelikdäki işleriň durmuşa
geçirilmegine uly ähmiýet berýäris. Mümkinçilikden peýdalanyp, Sizi öňümizdäki
ýylda ýurdumyzda geçiriljek dabaralara gatnaşmaga uly hormat bilen çagyrýaryn.
Şeýle hem biz ylym-bilim, saglygy goraýyş, sport we beýleki ugurlarda
amala aşyrylýan işleri has-da berkitmegi maksadalaýyk hasaplaýarys. Hususan-da,
ylmy-barlag institutlarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, öňdebaryjy ylmy
merkezleriň arasyndaky gatnaşyklary depginli ösdürmegi teklip edýärin.
Şu günki sammitiň örän ähmiýetli waka bolmak bilen, türki dilli
döwletleriň özara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge itergi berjekdigine
berk ynanýaryn. Sözümiň ahyrynda siziň ähliňize jogapkärli döwlet işiňizde uly
üstünlikleri, doganlyk halklarymyza bolsa abadançylyk we gülläp ösüş arzuw
edýärin.
tdh.gov