2024-nji ýylyň 22-nji
ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýaponiýanyň
Ykdysadyýet, söwda we senagat ministri Ken Saýto bilen duşuşdy. Duşuşygyň
barşynda taraplar Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda söwda-ykdysady
gatnaşyklary ösdürmäge bolan gyzyklanmany beýan etdiler. Şunda uzakmöhletleýin
hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ähmiýeti nygtalyp, bu babatynda taraplaryň syýasy
erkiniň hem-de giň ykdysady mümkinçilikleriniň barlygyna üns çekildi.
Duşuşykda himiýa zawodlarynyň, gaz turbinaly elektrik stansiýalaryň
gurluşygy, şeýle-de tehnikanyň we awto ulaglaryň getirilmegi boýunça
bilelikdäki taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi barada nygtaldy. Ozal
gazanylan üstünlikler bilen birlikde, taraplar energetika geçişi, ilkinji
nobatda, wodorodyň önümçiligi we daşalmagy bilen bagly hyzmatdaşlygyň täze
mümkinçilikleriniň peýdalanylmagyna taýýardygyny bellediler.
Şeýle-de, “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” Dialogynyň çäklerinde nobatdaky
energetika ykdysadyýeti boýunça Ministrler maslahatynyň geçirilmegine,
dekarbonizasiýa boýunça Ýol kartasynyň taýýarlanylmagyna, bilelikdäki karz
beriş guralynyň (Joint Crediting Mechanism - JCM),söwda gatnaşyklaryny
pugtalandyrmaga gönükdirilen elektron söwdasynyň ulgamynyň ornaşdyrylmagyna,
wodorodyň önümçiligi we daşalmagy bilen bagly tehnologiýalar babatynda
bilelikdäki işleriň alnyp barylmagyna degişli bolan meselelere üns çekildi. Bu
başlangyçlar Ýaponiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky ykdysadyýet, söwda,
senagat, energetika we beýleki geljegi uly bolan ugurlardaky hyzmatdaşlygy
ösdürmäge gönükdirilendir.
Duşuşygyň jemleri boýunça taraplar degişli ugurdaky taslamalary we
başlangyçlary işjeňleşdirmäge gönükdirilen resminamalaryň toplumyna gol
çekdiler:
- Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Ýaponiýanyň Ykdysadyýet,
söwda we senagat ministrliginiň arasynda energetika geçişi amala aşyrmak
boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama;
- Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň
binýadynda onuň ikinji toplumynyň taslamasynyň
we gurluşygynyň amala aşyrylmagy boýunça
özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
- “Marykarbamid” zawodynyň taslama kuwwatlylygyny artdyrmak boýunça
tehniki hyzmatlaryň amala aşyrylmagy we üpjün edilmegi boýunça özara düşünişmek
hakynda Ähtnama;
- Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň tehniki hyzmatlaryň amala aşyrylmagy we üpjün edilmegi babatynda Çarçuwaly ylalaşyklar boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama.
mfa.gov