23-nji
oktýabrda «Merkezi Aziýa - Ýewropa Bileleşigi» ministrler duşuşygynyň
çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Kipr Respublikasynyň
Daşary işler ministri Konstantinos Kombos bilen duşuşdy.
Gepleşikleriň
dowamynda ministrler syýasy-diplomatik gatnaşyklary güýçlendirmegiň möhümdigini
bellediler. Hususan-da, iki ýurtdaky ilçileriň parallel akkreditirlenmeginiň
ähmiýeti nygtaldy. Mundan başga-da, daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary
döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin esas hökmünde halkara guramalarynyň
meýdançalarynda hyzmatdaşlygyň ähmiýetini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşykda
degişli şertnama-hukuk binýadyny döretmegiň zerurlygy hem nygtaldy. Bu maksat
bilen, iki tarap hem ýakyn wagtda gol çekmek niýeti bilen Türkmenistanyň we
Kipriň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler boýunça özara
düşünişmek hakynda Ähtnamany işläp taýýarlamak meselesine özara gyzyklanma
bildirdiler.
Ykdysady
ugurda ministrler söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy güýçlendirmek mümkinçiligini
bellediler. Bu ugurda işewür wekiliýetleriň alyş-çalşygy we söwda-ykdysady
hyzmatdaşlygyň anyk ugurlaryny kesgitlemek boýunça jikme-jik geňeşmeleri
geçirmek teklip edildi.
mfa.gov