2023-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ÝHHG) Başlyklyk edýän, Demirgazyk Makedoniýa Respublikasynyň Daşary işler ministri Buýar Osmani bilen duşuşygy bolup geçdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy, ykdysady we ynsanperwerlik ölçegleriniň çäklerinde Türkmenistan bilen ÝHHG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň meselelerini, şeýle hem taslamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmekde bilelikdäki işiň ileri tutulýan ugurlaryny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
ÝHHG bilen energetika howpsuzlygy, ulag aragatnaşygy we ekologiýa ýaly ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň zerurdygy bellendi.
mfa.gov.tm