2023-nji ýylyň 2-nji
noýabrynda BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň binasynda Birleşen Milletler
Guramasynyň döredilmeginiň 78 ýyllygyna bagyşlanan duşuşyk geçirildi.
Duşuşyga Türkmenistanyň
DIM-niň ýolbaşçylary we işgärleri, şeýle hem BMG-niň Türkmenistandaky
ýöriteleşdirilen edaralarynyň we agentlikleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Çäräni açmak bilen,
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy D.Şlapaçenko Türkmenistanyň
parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini ösdürmekde alyp barýan yzygiderli
işlerini belledi. Şunuň bilen bilelikde, döwletimiziň durnukly ösüşiň ählumumy
maksatlaryna gönükdirilen başlangyçlarynyň we teklipleriniň möhüm ähmiýeti
nygtaldy.
Türkmenistanyň daşary
işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa, öz gezeginde, BMG-niň ählumumy
parahatçylygy we durnukly ösüşi berkitmäge gönükdirilen garaýyşlary we
teklipleri beýan etmek üçin köptaraplaýyn platforma bolup durýandygyny aýtdy.
BMG-niň döredilen döwründen bäri dünýä syýasatynyň möhüm meselelerini çözmekde
köptaraplaýyn we bitewi çemeleşmäni ulanmak bilen, ygtybarly hyzmatdaş hökmünde
çykyş edýändigi nygtaldy.
Türkmenistanyň
Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji
mejlisiniň münberinden çykyş edip, halkara parahatçylygy we howpsuzlygy
berkitmek, durnukly ösüşi üpjün etmek, howanyň üýtgemegi we daşky gurşawy
goramak, saglygy goraýyş ulgamlaryny hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary
hökmünde kesgitländigi we bu babatda häzirki syýasy we durmuş-ykdysady şertlerde
wajyp bolup durýan birnäçe anyk çözgütleri teklip edendigi bellendi.
Duşuşyga gatnaşyjylar
häzirki wagtda Türkmenistanyň halkara we sebitleýin gün tertibindäki möhüm
meseleleriň giň toplumyna işjeň gatnaşýandygy barada umumy pikiri beýan
etdiler. Özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary hökmünde parahatçylygy we
howpsuzlygy üpjün etmek, durnukly ulag we «ýaşyl» energetika, ekologiýa we
daşky gurşawy goramak, sanly özgertmeler we ýokary tehnologiýalar ýaly pudaklar
bellenildi.
mfa.gov