PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY
Baş sahypa

Täzelikler

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçisiniň GDA-nyň Baş sekretary bilen duşuşygy

12.01.2024
Card image cap

2024-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Moskwadaky edarasynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçisi Esen Aýdogdyýew bilen GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedewiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäginde integrasiýa hyzmatdaşlygyna gatnaşmagy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şunuň bilen birlikde, taraplar şu ýyl geçiriljek bilelikdäki çäreleriň tertibine seredip geçdiler. Hususan-da, S.Lebedew GDA-nyň Hemişelik wekiller geňeşiniň we GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň Ykdysady meseleler boýunça komissiýasynyň şu ýylyň ýanwar aýynda Minskde geçiriljek mejlisleriniň gün tertibi barada durup geçdi. Bu duşuşyklrada Russiýa Federasiýasynyň GDA-da başlyklygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hödürlenjekdigi bellenildi.

mfa.gov


Bulary hem okaň