2024-nji ýylyň 17-nji
ýanwarynda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Ilçisi M.Seýitmämmedowyň Katar
Döwletiniň Içeri işleri boýunça Döwlet ministri Şeýh Abdulaziz bin Faisal bin
Mohammed Al Tani bilen duşuşygy boldy.
Duşuşykda özara gyzyklanma bildirilýän
ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hususan-da, taraplar konsullyk meselelerine
degip geçdiler we migrasiýa ugry boýunça aragatnaşyk gurmagyň mümkinçiliklerine
garadylar. Şeýle hem şertnama-hukuk binýadyny giňeltmegiň maksadalaýyklygy
bellenildi.
mfa.gov