2023-nji
ýylyň 7-nji noýabrynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly
ygtyýarly ilçisi D.Seýitmämmedowyň Gruziýanyň daşary işler ministri
I.Darçiaşwili bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň
dowamynda diplomatlar türkmen-gruzin hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan
ugurlarynyň we geljegi uly bolan giň gerimli ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň
meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bellenilişi ýaly, soňky ýyllaryň
dowamynda döwletara hyzmatdaşlyk birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak we
aç-açanlyk ýörelgelerine esaslanýan özara bähbitli we uzak möhletleýin esasda
gurulýar hem-de üstünlikli ösdürilýär.
Söhbetdeşler
Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan alnyp barylýan hemişelik Bitaraplyk
syýasaty hemmetaraplaýyn ösüşiň, halkara hyzmatdaşlygy berkitmegiň we
giňeltmegiň täze geljegini we mümkinçiliklerini açmak bilen, häzirki döwür üçin
wajyp we ýerlikli bolup durýandygyny bellediler.
Duşuşygyň
dowamynda taraplar ýokary derejedäki saparlary guramak, şeýle-de ýakyn wagtda
Aşgabatda Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary syýasy edaralarynyň arasynda
nobatdaky syýasy geňeşmeleri geçirmek meselesini hem ara alyp maslahatlaşdylar.
mfa.gov