2023-nji
ýylyň 12-nji noýabrynda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Adatdan daşary we
Doly ygtyýarly ilçisi M.Seýitmämmedowyň Katar Döwletiniň Daşary işler
ministrliginiň Baş sekretary Ahmad Hassen Al-Hammadi bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň
barşynda taraplar iki ýurduň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer
ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň has hem ösdürilmegine ygrarlydyklaryny
nygtadylar. Diplomatlar döwletara gatnaşyklaryny has-da ilerletmek maksady
bilen, iň ýokary we ýokary derejelerdäki saparlary guramagyň möhümdigini
bellediler. Hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadynyň kämilleşdirilmegi ugrunda
hem bilelikdäki işleriň sazlaşykly alnyp barylmagynyň zerurlygy nygtaldy.
Taraplar
medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna
ygrarlydyklaryny tassykladylar.
mfa.gov