23-nji
oktýabrda Lýuksemburgda geçirilen Merkezi Aziýa - ÝB-niň ministrler duşuşygynyň
çäklerinde Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy R.Meredow Ýewropa Bileleşiginiň
Halkara hyzmatdaşlygy boýunça komissary Ýutta Urpilaýnen bilen ikitaraplaýyn
gepleşik geçirdi.
Esasy üns
«Ýewropa Topary» maksatnamasynyň sebitleýin başlangyçlaryna gönükdirildi. Bu
çekişmeler energetika we ulag pudagynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiligi barada çuň
gepleşikler üçin esas döretdiler. Şeýle hem Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda
Guramasyna (BSG) goşulmagyndaky öňegidişligi görkezildi. Türkmenistanyň daşary
syýasy edarasynyň ýolbaşçysy türkmen tarapynyň ÝB-niň bu ugurdaky goldawyna ýokary
baha berjekdigini aýtdy.
Ýewropa
komissary Urpilainen, Türkmenistanyň BSG agzalygyna bolan islegini we bu ugurda
alnyp barylýan özgertmeleri göz öňünde tutup, tehniki kömek bermäge
taýýardygyny aýtdy.
Duşuşygyň
barşynda esasy ara alnyp maslahatlaşylan meseleler energetika pudagyna,
hususan-da wodorod energiýasyna, metanyň zyňyndylaryny azaltmaga we tebigy gazy
gaýtadan dikeltmäge gönükdirildi. DIM-niň ýolbaşçysy wodorod we metan
gözleginde Türkmenistan bilen «GIZ»-iň arasyndaky bilelikdäki taslamalara mysal
getirdi.
Taraplar
energetika taslamalaryna yzygiderli çemeleşmegiň zerurdygyny bellediler we bu
ugurda hyzmatdaşlyk üçin hereket Meýilnamasyny bilelikde işläp düzmegiň
möhümdigini aýtdylar.
R. Meredow,
şeýle hem halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge we Türkmenistanyň Global Metan
borçnamasyna goşulmak meselesini öwrenmäge gönükdirilen 2023-2024-nji ýyllar
üçin Ýol kartasynyň işlenip düzülmegi barada Ýewropa Komissaryna habar berdi.
Ý.Urpilainen,
Ýewropa Bileleşiginiň bu ugurda başlangyçlary ösdürmäge gönükdirilen ýaşyl
energetika pudagynda «GIZ» taslamasy bilen şertnama baglaşmak mümkinçiligine
seredýändigini belledi.
«Ýewropa
Topary» taslamasynyň işlerini we başlangyçlaryny utgaşdyrmak üçin
ýöriteleşdirilen mehanizmi döretmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäginde
Ýewropa gurluşynyň başlygy Türkmenistany bu täze mehanizmiň çäginde ÝB bilen
işjeň işleşmäge çagyrdy.
Soňky
meseläniň sebit üçin ýerliklidigini göz öňünde tutup, sanly aragatnaşyk we suw
serişdeleriniň dolandyrylyşy pudagynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri hem ara
alnyp maslahatlaşyldy. ÝB-niň Komissary «Ýewropa Topary» maksatnamasynyň sanly
integrasiýa ugrundaky täsirine ýokary baha berdi we bu ugurda Türkmenistan
bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge taýýardygyny tassyklady.
Duşuşygyň
barşynda Ý.Urpilaýnen 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda Brusselde geçiriljek
maýadarlar Forumyna türkmen wekiliýetine çakylyk iberdi.
mfa.gov