2024-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda
Stambulyň welaýat häkimliginiň binasynda Türkmenistanyň Türkiýe
Respublikasyndaky Baş konsuly Muhammetnur Öwezow bilen Stambulyň Gubernatory
Dawut Güliň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar
söwda-ykdysady, bilim, medeni-ynsanperwer ugurlardaky meseleleri ara alyp
maslahatlaşdylar.
Iki ýurduň şäherleriniň arasynda
doganlaşan gatnaşyklary ýola goýmak, şol sanda Arkadag we Stambul şäherleriniň
arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi. Bulardan
başgada, söhbetdeşler Stambulda kowçum bolup ýaşaýan türkmenler bilen bilelikde
geçiriljek dürli medeni çäreleri hem ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmen diplomaty ýurdumyzda doganlyk
halklaryň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryny has-da ilerletmäge aýratyn
üns berilýändigini hem nygtady, şeýle hem duşuşygyň dowamynda M.Owezow
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň täze «Ýaşlar – Watanyň
daýanjy» atly kitaby bilen tanyşdyrdy.
Şeýle hem duşuşykda Türkmenistanda
2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip yglan
edilmegi mynasybetli geçiriljek çäreleriň meýilnamasy babatda hem pikir
alyşyldy.
mfa.gov