Sizi Halkara parahatçylyk we
ynanyşmak ýylynyň ilkinji günlerinde bellenilýän Watan goragçylarynyň güni
mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu baýram eziz Watanymyzyň mukaddes
Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny,
döwlet serhedimiziň mizemezligini goraýan, ýurdumyzyň howpsuzlygyny,
jemgyýetçilik asudalygyny, milli kanunçylygymyzy hem-de hukuk tertibini üpjün
edýän harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylaryna, işgärlerine
bildirilýän uly ynamy, belent sarpany, olar hakynda edilýän çuňňur aladany
giňden dabaralandyrýar.
2025-nji
ýylda halkymyz Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen
hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyny uludan toýlaýar. Şunuň bilen
baglylykda, şu ýyl ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgesine daýanýan
daşary syýasat strategiýasynyň özenini düzýän Bitaraplygymyzyň many-mazmunyny,
ähmiýetini giňden wagyz etmäge gönükdirilen tutumly işler durmuşa geçiriler,
dünýä jemgyýetçiliginiň wekillerini bir ýere jemlejek halkara derejeli iri
çärelere giň gerim berler. Taryhy jähetden wajyp ähmiýete eýe bolan şanly
senäni mynasyp dabaralandyrmak maksady bilen, biz 2025-nji ýyly «Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip atlandyrdyk. Bu buýsançly şygarda
parasatly pederlerimiziň parahatçylyk söýüjilik, raýdaşlyk, ynanyşmak,
ynsanperwerlik ýörelgeleri öz beýanyny tapýar. Bu ýylda biziň öňümizde dünýäde
parahatçylyk hem-de ynanyşmak ýörelgelerini pugtalandyrmak ugrundaky
tagallalary işjeňleşdirmek ýaly möhüm wezipeler durýar.
Eziz Watanymyzyň edermen ogullary!
Watan
— bu şöhratly pederlerimiziň iň gymmatly mirasydyr. Onuň goragynda sak durmak
her bir türkmen perzendi üçin mukaddes borçdur, belent mertebedir.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň altyn güýzünde Türkmenistanyň
Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen
harby mekdebiniň täze binalar toplumynyň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga
berilmegi bu borja jany-teni bilen berlen, ýurt goragyna ykbalyny baglan harby
hünärmenleri kemala getirmekde uly ähmiýete eýe boldy. Harby mekdebiň bu döwrebap
binalar toplumy Watanymyzyň asudalygyny, abadan durmuşyny pugta goramaga hemişe
taýýar edermen gerçekleri ýetişdirmek, bilimli-sowatly, harby hünäre wepaly
nesilleri taýýarlamak ýaly möhüm wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmäge
mümkinçilik berer. Bu harby bilim ojagynyň kämil, ýokary taýýarlykly, watançy
serkerdeleri ýetişdirmäge hem-de ýurt parahatçylygyny pugtalandyrmaga saldamly
goşant goşjakdygyna pugta ynanýaryn.
Merdana Watan goragçylary!
Siz
mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli geçirilen dabaraly
harby ýörişden buýsançly gadamlar bilen geçip, Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň
goragynyň ygtybarly gollardadygyny, Oguz han, Baýram han, Togrul beg, Çagry
beg, Alp Arslan, Soltan Sanjar, Soltan Jelaleddin ýaly merdana gerçekleriň
mynasyp nesilleridigiňizi dünýä äşgär etdiňiz. Siz geljekde-de Watany goramak
borjuny ähli zatdan belentde tutup, harby ylmyň we sungatyň gazananlaryny
birkemsiz özleşdirmelisiňiz, watansöýüjiligiňiz, harby kasama wepalylygyňyz
bilen belent mertebä mynasyp bolmalysyňyz. Siziň mukaddes Garaşsyzlygymyzy,
döwletimiziň halkara derejede iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk
ýagdaýyny, milli gymmatlyklarymyzy goramak ýaly belent borçlara wepaly
boljakdygyňyza, gerek bolsa, bu mukaddeslikler üçin şirin janyňyzy hem
gaýgyrmajakdygyňyza berk ynanýaryn.
Watanymyzyň wepaly ogullary!
Döwletimiziň
hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan goranyş häsiýetli Harby
doktrinamyza laýyklykda hereket edýän Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleri Garaşsyz
Watanymyzyň sarsmaz galasydyr, polat galkanydyr. Taryh üçin uzak bolmadyk
döwürdäki harby özgertmeleriň netijesinde, milli Ýaragly Güýçlerimiz kämil
söweşjeň ýaraglar, harby tehnikalar, sanly ulgamyň mümkinçilikleri bilen
yzygiderli üpjün edilip, kuwwatly goşuna öwrüldi. Häzirki wagtda ýurdumyzda
Watan goragçylarynyň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş, gulluk we iş
şertleriniň gowulandyrylmagy hemişe üns merkezinde saklanylýar. Harby we hukuk
goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek, döwrebaplaşdyrmak,
Watan goragçylarynyň gulluk etmegi, dynç almagy üçin has oňaýly şertleri
döretmek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem Türkmenistanyň döwlet
syýasatynyň, amala aşyrýan harby özgertmeleriniň ileri tutulýan ugurlarynyň
biri bolmagynda galar.
Garaşsyz Türkmenistanyň merdana gerçekleri!
Sizi
Watan goragçylarynyň güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Siziň ähliňize berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, mukaddes we jogapkärli
gullugyňyzda uly üstünlikleri arzuw edýärin.
Türkmenistanyň Prezidenti,
Türkmenistanyň
Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy
Serdar
Berdimuhamedow.
tdh.gov