Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Monako saparynyň
dowamynda 20-nji ýanwarda Monako Knýazlygynyň Şazadasy Alber II bilen duşuşyk
geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda
amala aşyrýan bu sapary döwletara dialogy pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete
eýedir.
Mälim bolşy, Türkmenistan bilen Monakonyň
arasynda diplomatik gatnaşyklar 2015-nji ýylda ýola goýuldy. Döwletimiziň
hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy bellenilýän şu ýylda ýurtlarymyzyň
arasyndaky diplomatik gatnaşyklara 10 ýyl dolýar. Şunuň bilen baglylykda,
Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynda ählumumy parahatçylygyň we
durnukly ösüşiň bähbidine öňe sürýän başlangyçlaryny Monakonyň yzygiderli goldap
gelýändigini bellemek gerek.
...Milli Liderimiziň awtoulag kerweni
Monakonyň Şazadasynyň köşgüne bardy. Bu ýerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygyny resmi garşylamak dabarasy boldy. Köşgüň “Hormat garawuly” otagynda
türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Monako
Knýazlygynyň Şazadasy Alber II-niň hem-de Şagyzy Stefaniýanyň bilelikde
ýadygärlik surata düşmek dabarasy boldy.
Soňra Gahryman Arkadagymyz bilen Şazada Alber
II-niň ikiçäk duşuşygy geçirildi.
Alber II türkmen halkynyň Milli Liderini
mübärekläp, Monako gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi
hem-de Türkmenistanyň ählumumy gün tertibiniň meselelerini çözmekde başlangyçly
orny eýeleýändigini, munuň bolsa iki ýurduň arasyndaky dialogy özara bähbitlilik
we uzak möhletleýinlik esasynda işjeňleşdirmek üçin möhüm şert bolup
durýandygyny belledi.
Söhbetdeşler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri
tutulýan ugurlary, halkara syýasatyň gyzyklanma bildirilýän wajyp meseleleri
boýunça pikir alşyp, iki ýurduň özara hyzmatdaşlygyny, şol sanda ony abraýly
halkara guramalaryň çäklerinde giňeltmäge ygrarlydygyny tassykladylar. Şeýle
hem taraplar ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegiň, iki ýurduň mümkinçiliklerini
nazara almak bilen, medeniýet, sport, syýahatçylyk ulgamlarynda gatnaşyklary
çuňlaşdyrmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, sirk sungaty
babatda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigi bellenildi. Nygtalyşy ýaly, dünýä
syýahatçylygynyň Türkmenistana barha artýan gyzyklanmasy nazara alnanda,
Monakonyň syýahatçylyk ulgamynda ýeten sepgitleri bu ugurda gatnaşyklary
işjeňleşdirmäge hem-de özara bähbitli tejribe alyşmaga itergi berip biler.
Türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de Şazada
Alber II iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň
bardygyny belläp, döwrüň talabyna hem-de dostlukly halklaryň bähbitlerine laýyk
gelýän gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykarylmalydygyny nygtadylar.
Soňra duşuşyk iki ýurduň wekiliýetleriniň
gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.
Monako Knýazlygynyň Şazadasy Alber II belent
mertebeli myhmany hem-de ýurdumyzyň wekiliýetini mähirli mübärekläp, çakylygy
kabul edip, sapar bilen gelendigi üçin Gahryman Arkadagymyza ýene-de bir gezek
hoşallyk bildirdi hem-de Monakonyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge
uly ähmiýet berýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, bu saparyň
ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ajaýyp mümkinçilikleri
döredýändigi nygtaldy. Alber II Türkmenistanyň häzirki döwrüň möhüm
meselelerini çözmekde öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň ähmiýetini nygtap,
ýurdumyzyň parahatçylyk döredijilikli syýasatynyň Monakoda goldanylýandygyna
ünsi çekdi.
Milli Liderimiz Şazada Alber II-ä Monako
Knýazlygyna gelmäge çakylygy hem-de türkmen wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik
we hormat üçin minnetdarlygyny beýan edip, hormatly Prezidentimiziň salamyny,
hormat goýýandygy baradaky sözlerini ýetirdi. Gahryman Arkadagymyz 2015-nji
ýylyň aprelinde Koreýa Respublikasynda Bütindünýä suw forumynyň çäklerinde
Şazada Alber II bilen geçiren duşuşygyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny,
onuň örän peýdaly bolup, netijeli pikir alyşmaga mümkinçilik berendigini
belledi. Nygtalyşy ýaly, şol duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri
ara alnyp maslahatlaşyldy we ony ösdürmek üçin mümkinçilikler kesgitlenildi.
Halk Maslahatynyň Başlygy 2015-nji ýylyň awgustynda Türkmenistan bilen Monako
Knýazlygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak baradaky karara
gelinmeginiň şol gepleşikleriň möhüm netijeleriniň biri bolandygyny aýtdy.
Şeýlelikde, şu ýyl bu möhüm kararyň kabul
edilmegine 10 ýyl dolýar we meniň pikirimçe, bu ikitaraplaýyn gatnaşyklary
has-da ösdürmek, iki halkyň bähbidine anyk işler bilen onuň üstüni ýetirmek
üçin gowy sebäp bolup durýar diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we halkara
guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmek, howpsuzlygy, durnuklylygy üpjün
etmek, täze howplara garşy göreşmek ugrunda bilelikde işlemek babatda
mümkinçilikleriň bardygyna ynam bildirdi.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň dürli ýyllarda
Birleşen Milletler Guramasynda öňe süren halkara başlangyçlaryny goldaýandygy
üçin Monako Knýazlygyna minnetdarlyk bildirip, munuň ählumumy ösüşiň möhüm
meselelerine iki ýurduň garaýyşlarynyň meňzeşdigini görkezýändigini, özara
düşünişmäge, hyzmatdaşlygy ilerletmäge ýardam edýändigini belledi. Şunuň bilen
baglylykda, hormatly Arkadagymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş
Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýyly “Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek hakynda Kararnamasyna ünsi
çekip, ýurdumyz tarapyndan bu döwürde dünýä syýasatynda parahatçylyk
ýörelgeleriniň ornaşdyrylmagyna, dartgynlylygy peseltmek üçin şertleri
döretmäge, möhüm meseleleri çözmekde jogapkärli hem-de netijeli çemeleşmelere
geçmäge gönükdirilen birnäçe wekilçilikli halkara forumlaryň geçiriljekdigini
aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, Şazada Alber II-ni Halkara parahatçylyk we
ynanyşmak ýylyna bagyşlanan foruma gatnaşmak üçin Aşgabada çagyrdy. Gahryman
Arkadagymyz bu forumyň Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli
geçiriljekdigine ünsi çekip, türkmen halkynyň gadyrly we hormatly myhmanlarynyň
hatarynda Şazada Alber II-ni görmäge şat boljakdygyny aýtdy.
Halk Maslahatynyň Başlygy bu duşuşygyň birnäçe
möhüm ugurlardaky özara hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak
babatda amatly pursat hasaplanýandygyny, şolaryň hatarynda daşky gurşawy
goramak meselesini aýratyn belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Monakonyň “ýaşyl
başlangyjy” durmuşa geçirip, Monako Knýazlygynyň Şazadasy Alber II-niň
ýolbaşçylygyndaky gaznanyň suw gurşawynda ummanlary we biodürlüligi goramak
ugrunda köp işleri durmuşa geçirýändigini nygtady hem-de Türkmenistanyň bütin
dünýäde howanyň ýagdaýy boýunça gün tertibiniň şu we beýleki ugurlarynda
hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini öwrenmäge taýýardygyny tassyklady.
Hyzmatdaşlygyň ýene bir ugry
medeni-ynsanperwer ulgam bolup biler diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam
etdi hem-de Şazada zenan Greýsiň gaznasy bilen Gurbanguly Berdimuhamedow
adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat
gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň uly geljeginiň bardygyny
belledi. Milli Liderimiz söwda-ykdysady ulgam barada aýdyp, hususy
telekeçilikde, syýahatçylyk, maliýe babatda uly mümkinçilikleriň bardygyny
aýtdy hem-de hyzmatdaşlyk we iş gatnaşyklary üçin usullary döretmek
mümkinçiligine seretmegi teklip etdi.
Hyzmatdaşlygyň möhüm bölegi älem giňişligidir.
10 ýyl mundan ozal Monako Knýazlygy «TürkmenÄlem52oE» türkmen emeli hemrasynyň
kosmosa çykmagy üçin uçjak ugruny beripdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri
ikitaraplaýyn şertnamanyň möhletiniň 2030-njy ýylda dolýandygyny aýdyp, oňyn
tejribä esaslanyp, ýurdumyzyň hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň mümkinçiliklerini
ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny tassyklady. Gahryman Arkadagymyz häzirki
wagtda Türkmenistanyň ikinji emeli hemrany döretmegiň üstünde işleýändigini aýtdy
we ony älem giňişligine çykarmaga taýýarlamakda bilelikde işlemek
mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga gyzyklanma bildirýändigini belledi.
Medeni hyzmatdaşlygyň wajypdygyna we ony
ösdürmäge uly üns berýäris. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary şu
günler Monte-Karloda dowam edýän halkara sirk sungaty festiwalyna gatnaşýar.
Munuň özi Türkmenistan bilen Monako Knýazlygynyň arasyndaky medeni
gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilýändigine şaýatlyk edýär diýip, Halk
Maslahatynyň Başlygy aýtdy we ýurdumyzyň bu gatnaşyklary has-da ösdürmäge, täze
ugurlar bilen giňeltmäge taýýardygyny nygtap, başga-da özara gyzyklanma
bildirilýän ugurlaryň bardygyna ynam bildirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri sporty geljegi uly ugurlaryň hatarynda
kesgitledi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda sporta uly üns berilýär.
Ýurdumyzda iri sport çäreleri yzygiderli geçirilýär we sportuň dürli görnüşleri
bilen meşgullanmak üçin ençeme döwrebap toplumlar, desgalar guruldy. Aşgabat
“Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri” diýlip yglan edildi.
Gahryman Arkadagymyz Şazada Alber II-niň sport hereketiniň we giň halkara
hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň tarapdarydygyny, onuň tagallalary bilen Monako
Knýazlygynyň 2025-nji ýylda “Dünýäniň sport paýtagty” diýen hormatly ada eýe bolandygyny
nygtady hem-de bu möhüm ugurdaky tagallalary birleşdirmek üçin ýurtlarymyzda
bar bolan mümkinçilikleri we tejribäni sporty ösdürmek babatda ulanmagy teklip
etdi.
Sözüniň ahyrynda Milli Liderimiz duşuşmaga
döredilen mümkinçilik üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip,
Türkmenistanyň Monakonyň taryhyna, medeniýetine uly hormat goýýandygyny we
halkara syýasat boýunça döredijilikli garaýyşlaryna ýokary baha berýändigini
belledi hem-de ýurdumyzyň ýakyn gatnaşyklara, özara bähbitli hyzmatdaşlyga taýýardygyny
tassyklady.
Şazada Alber II çuň manyly çykyşy hem-de öňe
süren teklipleri üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallygyny beýan edip,
ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdi. Ol
ýurtlarymyzyň arasynda gatnaşyklar üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny belledi
hem-de öz ýurdunyň ony täze ugurlar boýunça ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklady.
Giňişleýin düzümdäki duşuşyk tamamlanandan
soňra, sowgatlary alyşmak dabarasy boldy. Munuň özi iki ýurduň arasyndaky
medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň täze tapgyryna özboluşly badalga bermek bilen,
birek-biregiň medeni mirasyna, däp-dessurlaryna gyzyklanma bildirmegiň hem-de
özara hormat goýmagyň nyşanyna öwrüldi. Bu dabara beýleki ugurlar bilen bir
hatarda, medeni gatnaşyklaryň hem giňeldilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini
görkezdi.
Soňra Gahryman Arkadagymyz we Şazada Alber II
resmi wekiliýetleriň agzalary bilen tanyşdylar. Türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Monakonyň
Şazadasynyň köşgüniň Hormatly myhmanlar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.
Günüň ikinji ýarymynda Gahryman Arkadagymyz
Monakonyň Okeanografiýa muzeýine baryp gördi. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli
Lideri mähirli garşylanyldy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, ilki
bilen, Okeanografiýa muzeýiniň taryhy, Monako Knýazlygynyň ozalky Şazadasy
Alber I-niň okeanografiýa boýunça geçiren taryhy we ylmy işleri bilen
tanyşdyryldy.
Monakonyň Okeanografiýa muzeýi 1910-njy ýylda
Şazada Alber I tarapyndan döredildi we ol dünýäniň öňdebaryjy okeanografiýa hem
biologiýa ugurly muzeýleriniň biri bolup durýar. Muzeý Ortaýer deňziniň
kenaryndaky kert gaýada, 85 metr belentlikde ýerleşýär. Onuň içinde dürli
ýöriteleşdirilen bölümler bar. Ummanlaryň ösümlik we haýwanat dünýäsini
öwrenmek hem-de goramak bu muzeýiň esasy maksadydyr.
Şazada Alber I öz döwrüniň görnükli alymy
bolupdyr. Onuň ylmy-barlag işleri köp ulgamlary, şol sanda okeanografiýany,
geografiýany, tebigy ylymlary öz içine alýar. Ol 1889-njy ýylda Monakoda
Okeanografiýa stansiýasyny esaslandyrýar. Soňra bu stansiýa deňiz biologiýasyny
we okeanografiýany ylmy taýdan öwrenmek üçin merkez bolýar. Şazada Alber deňiz
çuňluklaryny öwrenmäge gönükdirilen ekspedisiýalary işjeň goldapdyr we olaryň
birnäçesine özi hem gatnaşypdyr.
Soňra Gahryman Arkadagymyza muzeýiň akwarium
bölüminde dünýäniň dürli ýerlerinden getirilen balyklar, suwda ýaşaýan beýleki
jandarlar we deňiz ösümlikleri barada gürrüň berilýär. Bu ýerde olaryň 6 müňden
gowrak görnüşi bar. Deňiz ekoulgamlary bölüminde dürli ekoulgamlar, olaryň
birek-birek hem-de daşky gurşaw bilen özara baglanyşygy barada gürrüň berýän
eksponatlar ýerleşdirilipdir. Şeýle-de muzeýde birnäçe sergi zallary, şol sanda
deňiz ekoulgamlarynyň köpdürlüligi barada maglumat berýän, daşky gurşawy
goramak, howanyň üýtgemegi ýaly meselelere bagyşlanan sergi zallary bar. Muzeý
ylmy-barlag işlerine işjeň gatnaşyp, deňiz biologiýasyny öwrenmek, deňiz
gurşawyny goramak meselelerine aýratyn üns berýär. Bu ýerde ýaş alymlar üçin
ummanlaryň haýwanat we ösümlik dünýäsini içgin öwrenmäge gönükdirilen açyk
umumy sapaklar, okuw maslahatlary, ussatlyk sapaklary yzygiderli geçirilýär.
...Daşky gurşawy goramak hem-de tebigy
serişdelerden rejeli peýdalanmak ýurdumyzda türkmen halkynyň Milli Lideri
tarapyndan binýady goýlan we hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli
durmuşa geçirilýän ekologiýa syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Türkmenistan bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň yzygiderli esasda ösdürilmegi
ugrunda tagalla edýär. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan häzirki we geljek
nesilleriň bähbidine ählumumy ekologiýa meselelerini, şol sanda Hazar deňzi
bilen baglanyşykly meseleleri netijeli çözmek başlangyçlary bilen çykyş edýär.
Ýurdumyz bu ugurda parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, milli we
umumy bähbitleri nazara almak, sebitde deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyk
etmek, Hazarýaka döwletleriň köpasyrlyk taryhy-medeni gatnaşyklar bilen
baglanyşan halklarynyň arasynda dost-doganlygy pugtalandyrmak ýörelgelerine
esaslanýan syýasaty amala aşyrýar.
Tebigatyň täsinligi bolan Hazar deňzi dünýäde
umman gelip çykyşy bolan iň iri içerki suw howdanydyr. Ol biziň günlerimize
çenli öz ajaýyp gözelligini, tebigy künjekleriniň köpdürlüligini, baý ösümlik
we haýwanat dünýäsini saklap gelen genji-hazynadyr. Hazar deňziniň ösümlik hem
haýwanat dünýäsiniň köp görnüşleri endemik, ýagny diňe şol ýere degişli bolup,
sebitiň biologik dürlüliginiň gymmatly genofondyny düzýär. Hazar deňziniň
sebitinde ýaşaýan halklaryň, tutuş adamzadyň abadançylygynyň bähbidine
tebigatyň beren bu peşgeşini gorap saklamak, ýurdumyzda amala aşyrylýan
ekologiýa maksatnamalarynyň hem-de taslamalarynyň esasyny düzýär.
Türkmenistanyň Hazar deňziniň kenarýaka
zolagynyň tebigatyny goramak boýunça çäreleri düzgünleşdirýän birnäçe
resminamalara, şol sanda BMG-niň suwda ýüzýän guşlaryň ýaşaýan ýerleri hökmünde
halkara ähmiýeti bolan suw-batgalyk ýerler hakynda Konwensiýasyna (Ramsar
Konwensiýasy), Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly
konwensiýa (Tähran Konwensiýasy) goşulandygyny bellemek gerek. Ýurdumyzyň
BMG-niň Baş Assambleýasynyň we beýleki iri forumlaryň münberinden beýan eden
hem-de daşky gurşawy, şol sanda Hazar deňziniň ekologiýasyny goramagyň
ygtybarly ulgamyny döretmäge gönükdirilen netijeli başlangyçlary halkara
bileleşigiň giň goldawyna eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň bu
ugurda öňe süren teklipleriniň hatarynda Hazar deňziniň daşky gurşawyny, onuň
bioserişdelerini gorap saklamak, birnäçe ekologiýa meselelerini çözmek bilen
baglanyşykly wezipeleriň giň toplumy boýunça hyzmatdaşlyk etmäge halkara
meýdança boljak «Hazar ekologik başlangyjyny» döretmek baradaky teklibiň
bardygyny nygtamak gerek. Şeýle hem ýurdumyz deňiz gurşawynyň ekologik
howpsuzlygyny üpjün etmek, Hazar deňziniň bioserişdelerini oýlanyşykly
peýdalanmak baradaky garaýyşlarynyň, bu ugurda bilelikde işlemegiň
netijeliligini artdyrmak maksady bilen, Hazarda ylmy barlaglary geçirmek
hakynda ylalaşygy işläp taýýarlamak başlangyjyny öňe sürdi.
Hazaryň kenarynda dünýä derejesindäki şypahana
toplumynyň — «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň döredilmegi sebitiň
mineral-çig mal, biologiýa, şypahana-dynç alyş, syýahatçylyk mümkinçilikleri
peýdalanmaga toplumlaýyn hem-de oýlanyşykly çemeleşmegiň nusgasy bolup hyzmat
edýär. Halkara ekologik talaplara laýyk gelmegi «Awaza» milli syýahatçylyk
zolagyndaky şypahanalaryň we myhmanhanalaryň, senagat kärhanalarynyň esasy
aýratynlyklarynyň biridir. Bu ýerde täze seýilgähleriň, ýaşyl zolaklaryň
döredilmegi netijesinde has amatly howa gurşawy emele gelýär.
...Gahryman Arkadagymyz muzeýiň ýolbaşçylaryna
işlerinde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden Nissa şäheriniň Halkara howa
menziline ugrady. Bu ýerde Milli Liderimiz Monte-Karlodaky halkara sirk sungaty
festiwalynda çykyş eden «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň
agzalary bilen duşuşdy.
Hormatly Arkadagymyzyň Monakoda saparda bolýan
günlerinde at üstündäki oýunlar topary halkara sirk festiwalynda üstünlikli
çykyş edip, Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp boldy. Munuň özi
ýurdumyzda Milli Liderimiziň başlangyjy bilen täzeden dikeldilen türkmen sirk
sungatynyň dünýä derejesine çykýandygynyň aýdyň güwäsine öwrüldi.
Gahryman Arkadagymyz «Galkynyş» toparynyň
agzalaryna ýüzlenip, Türkmenistanyň dünýä ýurtlary, şol sanda Monako Knýazlygy
bilen medeni hyzmatdaşlygy giň gerim bilen ösdürýändigini, milli atçylyk
sportuny ösdürmek ugrunda giň möçberli işleriň alnyp barylýandygyny belledi.
Milli Liderimiz Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk sungaty
festiwalyna «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň gatnaşmagynyň
türkmen halkyny diýseň buýsandyrýandygyny, behişdi bedewlerimiziň ençeme
asyrlaryň dowamynda halkymyzyň ýakyn syrdaşy bolmak bilen, ýurdumyzyň
ösüşleriniň beýanyna öwrülendigini aýtdy.
Bellenilişi ýaly, ata-babalarymyzyň «At —
myrat», «Atym bar — ganatym bar» diýen parasatly sözleri halkymyzyň bedewlere
goýýan hormatyndan nyşandyr. Häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň
baştutanlygynda ahalteke bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende
götermek, olaryň baş sanyny artdyrmak ugrunda giň möçberli işler alnyp
barylýar. Mälim bolşy ýaly, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary 2007-nji
ýylda döredildi. Toparyň işi bu günki günde has-da kämilleşdi. «Galkynyş»
toparynyň agzalary ahalteke bedewlerinde çylşyrymly hereketleri ýerine
ýetirýärler. At üstünde täsin oýunlary görkezýärler.
Milli Liderimiz bu toparyň ençeme halkara
ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, baş baýraklara mynasyp bolandygyny, dünýäniň
çar künjünde türkmen tuguny belende göterendigini, dürli ýurtlarda geçirilen
halkara sirk festiwallarynda 5 gezek baş baýraga mynasyp bolup, dünýä çempiony
diýen belent derejä eýe bolandygyny kanagatlanma bilen belledi. Ynha, bu gün
hem Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda türkmen
tuguny belentde parladyp, baş baýraga mynasyp bolduňyz. Ahalteke bedewlerimiziň
şan-şöhratyny dünýä ýaýdyňyz. Siziň geljekde hem halkara bäsleşiklerde
üstünlikli çykyş edip, milli atçylyk sungatymyzyň şan-şöhratyny
beýgeltjekdigiňize berk ynanýaryn diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.
Gahryman Arkadagymyz «Galkynyş» toparynyň
agzalaryny täze ýylyň — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ilkinji
aýynda gazanan uly üstünligi, beýik ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlap, olara
berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de
uly üstünlikleri arzuw etdi.
Milli Liderimiz tarapyndan 2007-nji ýylda
döredilen “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýolbaşçysy bolup
işlän, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty, Türkmenistanyň halk atşynasy, Aba
Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory P.Baýramdurdyýew
toparyň dünýäniň dürli ýurtlarynda çykyş edip, ýeňişleri gazanandygyny hem-de
bu ýeňişleriň Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip
berýän mümkinçilikleriniň aýdyň netijesidigini buýsanç bilen belledi.
Nygtalyşy ýaly, “Galkynyş” topary birnäçe
ýyllap Monte-Karloda geçirilýän halkara sirk sungaty festiwalyna gatnaşyp, onda
ýeňiş gazanmagyň arzuwynda bolupdy. Bu gün bolsa yzygiderli yhlasyň, irginsiz
türgenleşigiň netijesinde şol arzuw hasyl boldy hem-de Türkmenistanyň ýaşyl
tugy belentde parladyldy. Gahryman Arkadagymyzyň toparyň agzalary bilen
duşuşyp, olary gazanan ýeňşi bilen gutlamagy toparyň türgenlerini uly
üstünliklere ganatlandyryp, çäksiz buýsanç döretdi.
P.Baýramdurdyýew pursatdan peýdalanyp, toparyň
ähli agzalarynyň adyndan Milli Liderimizi hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzy
gazanylan ýeňiş bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de hoşallyklaryny beýan etdi.
Gahryman Arkadagymyz “Galkynyş” milli at
üstündäki oýunlar toparynyň agzalaryny gazanan ajaýyp ýeňşi bilen ýene-de bir
gezek gutlady hem-de olara üstünlikleri arzuw etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygy Nissa şäheriniň Halkara howa menzilinden Watanymyza
ugrady.
Birnäçe sagatdan soňra, Gahryman Arkadagymyzyň
uçary Aşgabadyň Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde Milli Liderimizi
ýurdumyzyň resmi adamlary garşyladylar.
Bu ýerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen
söhbetdeş bolup, Monako Knýazlygyna amala aşyran saparynyň hem-de onuň
dowamynda geçirilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň ähmiýetini belledi. Gahryman
Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, bu sapar Ýewropa ýurtlary, şol sanda Monako
Knýazlygy bilen gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam eder
hem-de Türkmenistanyň we Monakonyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze tapgyryny
açar. Gahryman Arkadagymyz şular barada aýtmak bilen, bu saparyň hem-de onuň
dowamynda geçirilen gepleşikleriň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde
giňden beýan edilmelidigini aýdyp, bu babatda metbugat wekilleriniň öňünde
möhüm wezipeleriň durýandygyny aýratyn nygtady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz hemmelere üstünlikleri arzuw
edip, bu ýerden ugrady.
tdh.gov