2023-nji
ýylyň 22-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri B.Mätiýewiň
ýolbaşçylygyndaky Türkmen wekiliýeti Saud Arabystany Patyşalygyna saparynyň
çäklerinde Er-Riýad şäherinde Türkmenistanyň we Saud Arabystany Patyşalygynyň
Daşary işler ministrleriniň arasynda ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleri
geçirildi. Saud tarapynyň wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary Walid
El Hereýji ýolbaşçylyk etdi.
Geňeşmeleriň
barşynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer
ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň derejesine ýokary baha bermek
bilen, köpugurly türkmen-saud gatnaşyklaryny mundan beýläk hem ösdürmekligiň
ýollaryny ara alyp maslahatlaşmalar geçirdiler.
Şeýle
hem, diplomatlar halkara we sebit gün tertibiniň meseleleri boýunça pikir
alyşdylar.
Mundan
başga-da, Türkmen wekiliýeti Saud Arabystany Patyşalygynyň Energetika
ministrliginde gepleşikleri geçirdi. Duşuşykda taraplar iki ýurduň arasynda
nebit-gaz we himiýa, şol sanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri
ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şol
gün, Türkmen wekiliýetiniň saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet daşary
ykdysady iş bankynyň başlygy R.Jepbarow bilen Saud Ösüş Gaznasynyň ýerine
ýetiriji müdiri Sultan Al Marşadyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda Saud Ösüş Gaznasy tarapyndan Türkmenistandaky durmuş taslamalaryny
maliýeleşdirmek boýunça meseleler giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle-de,
saparyň çäklerinde türkmen wekiliýeti Saud Arabystany Patyşalygynyň «Saudi
Arabia Global Pipeline Company»şereketiniň wekilleri bilen duşuşyk geçirdi.
mfa.gov