2024-nji ýylyň
5-nji iýunynda Wenada Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 12-nji mejlisi
geçirildi. Mejlisde türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
başlygy Mergen Gurdow başlyklyk etdi. Mejlise iki ýurduň hökümet we işewür
toparlarynyň 70-den gowrak wekilleri gatnaşdy.
Mejlisiň gün tertibine laýyklykda, taraplar
senagatda innowasion tehnologiýalar, energetika, energiýanyň gaýtadan
dikeldilýän çeşmeleri, ekologik taslamalar we galyndylaryň dolandyrylyşy,
gurluşyk hem-de ulag infrastrukturasy, hyzmatlar ulgamy, saglygy goraýyş,
derman senagaty, oba hojalygy we oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek ýaly
ugurlarda döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek meselelerini ara
alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşyga gatnaşyjylar mejlisiň dowamynda
täze gazanylan ylalaşyklaryň özara bähbitli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de
ösdürilmegini üpjün etjekdigine ynam bildirdiler.
Mejlisiň jemleri boýunça degişli Teswirnama
gol çekildi.
Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň
işiniň çäklerinde iki ýurduň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň
ýolbaşçylarynyň, şeýle hem Türkmenistanyň işewür toparlarynyň agzalarynyň we
Awstriýa Respublikasynyň kompaniýalarynyň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn
gepleşikler geçirildi.
mfa.gov