Ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli
ählihalk baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandyryldy. Olar bu şanly senä bagyşlanan
çäreleriň ajaýyp jemlenmesine öwrüldi. Baýramçylygyň çäklerinde sergiler,
maslahatlar, alabaýlaryň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty
eserlerinde çeper beýan etmek boýunça döredijilik bäsleşikleri, aýdym-sazly
çykyşlar, beýleki medeni çäreler geçirildi.
Paýtagtymyzda
Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň üçünji mejlisi geçirilip, onuň
barşynda assosiasiýanyň düzümine täze agzalar kabul edildi, şeýle hem
ýurdumyzyň iň gowy kinologlaryna «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen
hormatly atlar dakyldy. 28-nji oktýabrda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba
hojalyk uniwersitetinde itşynaslygyň möhüm wezipelerine bagyşlanan ylmy
maslahat geçirildi.
Şu
gün Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň toplumynda geçirilen esasy
dabaralara köp sanly ildeşlerimiz we paýtagtymyzyň myhmanlary gatnaşdylar. Bu
ýerde köpöwüşginli baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Ol halkyň ruhy galkynyşyny,
giň möçberli dabaralary özünde jemläp, ýokary döwlet derejesine eýe boldy
hem-de türkmen toýuna mahsus milli däpleriň özboluşlylygyny, gözelligini açyp
görkezdi. Halkymyzyň gadymy geçmişiniň, şu gününiň we geljekki rowaçlyklarynyň
çeper beýanyna öwrüldi.
Toplumyň
çäginde ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden milli
amaly-haşam, şekillendiriş sungatynyň eserleriniň, fotosuratlaryň, halk
senetçiliginiň, neşir, haly hem-de heýkeltaraşlyk önümleriniň sergisi
ýaýbaňlandyryldy. Olarda tebigatyň ajaýyp peşgeşi bolan türkmen alabaýlary
esasy gahrymanlar boldy. Toplumyň girelgesinden merkezine çenli uzap gidýän
ýerde guralan sergide halkymyzyň milli baýlyklary, döredijilik zehini öz
beýanyny tapdy.
Dabara
gatnaşyjylaryň hatarynda Hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň hem-de
pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, daşary
ýurtlaryň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary,
şeýle hem Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň agzalary,
itşynaslar, ugurdaş edaralaryň hünärmenleri, köpçülikleýin habar beriş
serişdeleriniň wekilleri bar.
Toplumyň esasy
girelgesiniň öňündäki meýdançada folklor we tans toparlarynyň aýdym-sazly
baýramçylyk çykyşlary guraldy.
Milli
taryhy-medeni mirasymyzy dünýäde tanatmak, ony gorap saklamak hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň üstünlikli durmuşa geçirýän döwlet
syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Alabaýlaryň tohumçylyk işini ösdürmek we
gaýtalanmajak bu tohumy mundan beýläk-de kämilleşdirmek bu babatda alnyp
barylýan giň gerimli işleriň esasy ugurlarydyr. Pederlerimiz daşky gurşaw bilen
sazlaşykly hereket etmegiň asylly ýörelgelerini, tebigata aýawly çemeleşmek däplerini
kemala getirip, häzirki güne miras galdyrypdyrlar. Ýüzýyllyklaryň dowamynda
kämilleşdirilen we halkymyzyň aňynda pugta orun alan bu ýörelgeler häzirki
döwürde täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar.
Türkmenler
doga zehinli seçgiçiler bolmak bilen, ahalteke bedewi, türkmen alabaýy, aw
tazysy ýaly gaýtalanmajak tohumlary döretdiler hem-de olarda iň gowy
häsiýetleri kemala getirip, biziň günlerimize çenli üýtgewsiz görnüşde saklap
galmagy, ösdürip ýetişdirmegiň tärlerini hem ýitirmän saklamagy başardylar. Galyberse-de,
hünärmenler alabaýy beýleki tohumlaryň täsirine sezewar bolmadyk hem-de özüniň
gadymy genotipini arassa görnüşde saklap galan ýeke-täk tohum hasaplaýarlar.
Türkmenistanyň
gadymy oturymly mekanlarynda alabaýlaryň mesgen tutan ýerleri duş gelýär. Mysal
üçin, arheologlar Ahal welaýatynyň çägindäki gadymy Jeýtunda biziň eýýamymyzdan
öňki IV müňýyllykda ýaşap geçen, uly kelleli hem-de kuwwatly äňli äpet alabaýyň
galyndylaryny ýüze çykardylar. Munuň özi 6 müň ýyl mundan ozal hem gadymy
ata-babalarymyzyň alabaýlary ýetişdirendiklerine şaýatlyk edýär. Üstünden uzak
döwürleriň geçendigine garamazdan, wepalylyk, gaýduwsyzlyk, ynamdarlyk ýaly
alabaýlara mahsus häsiýetler saklanyp galypdyr. Tejribeli itşynaslar alabaýlary
ösdürip ýetişdirenlerinde güýç ulanmak arkaly temmi çärelerine ýol bermeli
däldigine oňat düşünýärler. Bu işde olaryň hormatyna mynasyp boljak derejede
çemeleşmeli, şonda ol seniň hakyky wepaly dostuňa öwrülýär. Asyrlaryň dowamynda
geçirilen seçgi işleri alabaýlarda bu häsiýetleri terbiýelemäge ýardam etdi.
Olar türkmen halkynyň sazlaşyk, gözellik, maddy we ruhy gymmatlyklar baradaky
düşünjeleriniň jemlenmesi bolup, halk medeniýetiniň aýrylmaz bölegini emele
getirýär.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedow «Türkmen alabaýy» atly kitabynda: «Alabaý ata-babalarymyzyň
döreden milli gymmatlygydyr, ony gorap saklamak, ähli ajaýyplygy bilen geljek
nesillerimize ýetirmek biziň borjumyzdyr» diýip belleýär. Halkymyz seçgiçilik
işiniň gaýtalanmajak nusgasyny dünýä bagyş etmek bilen çäklenmän, olarda iň
gowy häsiýetleri terbiýelemek we kämilleşdirmek arkaly gadymy tohumyň arassa
ganlylygyny, onuň genofonduny ýüzýyllyklaryň dowamynda gorap saklapdyrlar.
Häzirki döwürde biz halkymyzyň buýsanjy we bahasyz gymmatlygy bolan ajaýyp
alabaý tohumynyň şan-şöhratynyň belende galýandygynyň şaýady bolýarys.
Mälim bolşy
ýaly, ýurdumyzyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy
(ÝUNESKO) bilen ýakyn hyzmatdaşlygynyň netijesinde bu guramanyň Bütindünýä
mirasynyň sanawyna Gadymy Merw, Köneürgenç we Gadymy Nusaý taryhy-medeni
ýadygärlikleri girizildi. «Görogly» dessançylyk sungaty, «Küştdepdi» aýdym-saz
sungaty, türkmen milli halyçylyk sungaty, dutar ýasamak senetçiligi, dutarda
saz çalmak we bagşyçylyk sungaty, türkmen keşdeçilik sungaty Adamzadyň maddy
däl medeni mirasynyň sanawyna goşuldy. Häzirki wagtda ýurdumyz alabaýlary
ösdürip ýetişdirmek boýunça milli däpleri ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl
medeni mirasynyň sanawyna girizmek başlangyjyny öňe sürýär.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, türkmen alabaýy dünýäniň
iň gadymy tohumlarynyň biri bolmak bilen, merdana halkymyzyň genji-hazynasydyr
we asyrlardan gözbaş alýan milli mirasydyr. «Türkmen itşynaslary tarapyndan
milli buýsanjymyz bolan alabaýlarymyzyň tohum arassalygyny gorap saklamak
hem-de baş sanyny artdyrmak, şan-şöhratyny dünýä ýaýmak boýunça uly işler alnyp
barylýar. Geljekde-de ýurdumyzda itşynaslygy ösdürmäge, bu ugurda dünýä
döwletleri bilen özara tejribe alyşmaga, netijeli halkara hyzmatdaşlygy ýola
goýmaga hem-de itşynaslarymyzyň ýaşaýyş-durmuş, iş şertlerini has-da
gowulandyrmaga döwletimiz tarapyndan uly üns berler» diýlip, Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Garaşsyz, hemişelik Bitarap
ýurdumyzyň itşynaslaryna, olaryň janköýerlerine we mähriban halkymyza iberen
Gutlagynda nygtalýar.
...«Ýylyň
türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň we türkmen alabaýyna
bagyşlanan döredijilik gözden geçirilişleriniň jemleriniň jemlenilmegi adamyň
wepaly dostlarynyň şanyna geçirilen baýramçylyk dabaralarynyň ýatda galyjy
wakalarynyň biri boldy.
Syn ediş
meýdançasyna bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda saýlanyp alnan ýurdumyzyň dürli
sebitlerinden iň gowy alabaýlaryň 10-sy çykaryldy. Emin agzalaryna we
tomaşaçylara alabaýlaryň atlary, olaryň ýaşy, nesil ugry, eýesi baradaky
maglumatlar mälim edilýär. Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna çykan alabaýlar belli
bir nesil ugurlaryna degişlidir, olary synlan köp sanly janköýerler arassa
ganly alabaýlara mahsus aýratynlyklara baha bermäge mümkinçilik aldylar.
Milli
itşynaslygyň iň oňat däplerini ösdürmegi, höweslendirmegi maksat edinýän
bäsleşik bu tohum itleriň köpeldilmegi, arassa ganlylygynyň saklanylmagy,
dünýäde wagyz edilmegi bilen baglanyşykly usullary ylmy esasda kämilleşdirmäge
täze itergi bermäge gönükdirilendir.
Ynsanyň wepaly
dostlary özleriniň buýsançly daşky keşplerini we eýeleriniň öwreden endiklerini
tomaşaçylara görkezdiler. Alabaýlaryň janköýerleri olaryň täsin daşky keşbi
bilen birlikde, bäsleşigiň dowamynda görkezen edermenligine we başarjaňlygyna
baha berdiler. Kinologyň ussatlygy iti päsgelçiliklerden geçmegine
gönükdirmeginde jemlenýär. Şol päsgelçiliklerden geçilende, tizlik we takyklyk
göz öňünde tutulýar.
Bäsleşikleriň
netijelerini jemlemek hem-de düzümine tejribeli, bilimli hünärmenler giren
eminler toparynyň çözgüdini yglan etmek pursady gelip ýetdi. Eminler toparynyň
başlygy Saragt Babaýewe söz berilýär. Ol bu ýere ýygnananlaryň adyndan
ýurdumyzda itşynaslyk sungatyny ösdürmekde, halkymyzyň taryhy-medeni mirasynyň
aýrylmaz bölegi bolup durýan alabaý itlerini dünýä ýaýmakda durmuşa geçirýän
ägirt uly işleri üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa we Gahryman
Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hoşallyk bildirdi.
«Ýylyň türkmen
edermen alabaýy» adyna Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrligine degişli
Akhan atly türkmen alabaýy mynasyp boldy. Ony ösdürip ýetişdiren hem-de bu
bäsleşige taýýarlan B.Bakeýew, idedijisi esger M.Annamyradowdyr.
Halkara
bäsleşigiň ýeňijisine Türkmenistanyň Prezidentiniň Baş baýragy — awtoulagyň
açary, ýörite medal, göçme kubok we diplom gowşuryldy.
Itşynas gymmat
bahaly sowgat we ajaýyp tohum bolan alabaýlary ösdürip ýetişdirmek babatda
berýän aýratyn ünsi üçin döwlet Baştutanymyza çuňňur hoşallygyny beýan etdi. Ol
türkmen itşynaslarynyň bu ugurdaky işleri mundan beýläk-de mynasyp dowam
etdirjekdiklerine ynandyrmak bilen, hormatly Prezidentimize berk jan saglyk,
alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra türkmen
alabaýynyň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde,
neşir önümlerinde, fotosuratlarda we teleýaýlymlarda çeper beýan etmek boýunça
suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, fotosuratçylaryň, neşirýat
işgärleriniň we teleoperatorlaryň arasyndaky döredijilik bäsleşiginiň
ýeňijileri yglan edildi. Türkmen alabaýynyň halkymyzyň durmuşynda eýeleýän
möhüm ornuny döredijilikli we çeper beýan etmek bäsleşigiň baş maksadydyr.
Bäsleşige öz
işine ussat halypalar bilen birlikde, döredijilik ýoluna täze gadam basan
ýaşlar hem gatnaşdylar. Türkmen alabaýynyň keşbi şekillendirilen iň nepis haly,
iň gowy çeperçilik şekili, iň gowy heýkeli, alabaýyň şekili ýerleşdirilen iň
gowy neşir önümi, türkmen alabaýynyň batyrgaýlygyny açyp görkezýän telewizion
sýužet ugurlary boýunça iň gowy işler saýlanyp alyndy.
Şunlukda,
ýeňijilere — «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň önümçiligi guramak bölüminiň baş
hünärmen-suratkeşi A.Gulberdiýewe türkmen alabaýynyň daşky keşbi
şekillendirilen «Türkmen alabaýy» atly haly eseri; Türkmenistanyň Döwlet
çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş sungaty fakultetiniň nakgaşçylyk
kafedrasynyň 4-nji ýyl talyby B.Artykowa «Türkmeniň guwanjy — asyrlaryň
buýsanjy» atly surat eseri; Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş
sungaty fakultetiniň heýkeltaraşlyk kafedrasynyň 2-nji ýyl talyby S.Jumadurdyýewa
«Wepaly maşgala» atly heýkel eseri; Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Metbugat
merkeziniň çapdan öňinçä işleri ýerine ýetirýän sehiniň surat dizaýneri
M.Ataberdiýewa «Türkmeniň nusgalyk alabaýy» atly žurnalyň bezeg işleri;
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky
döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň önümçilik
bölüminiň çeper filmleriň ýokary derejeli goýujy-kinooperatory D.Hudaýberdiýewe
«Wepadar» atly wideoşekili üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň
adyndan degişli şahadatnamalar we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Bäsleşigiň
ýeňijileri işlerine ýokary baha berlendigi üçin hormatly Prezidentimize tüýs
ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler hem-de döredijiliklerinde türkmen
alabaýynyň keşbini janlandyrmak bilen, onuň dünýäde şöhratyny artdyrmak ugrunda
ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar. Olar döwlet Baştutanymyza berk
jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň we ýurdumyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp
barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler.
Şeýlelikde, şu
gezekki baýramçylyk dabaralary halkymyzyň taryhynda we medeniýetinde möhüm orny
eýeleýän alabaýlara ýurdumyzda belent hormat bilen garalýandygyny ýene-de bir
gezek aýdyň görkezdi. Türkmen alabaýy özüniň gaýtalanmajak häsiýetleri bilen
müňýyllyklaryň synaglaryna mynasyp döz geldi. Ähli döwürlerde bolşy ýaly, häzirki
döwürde-de ol türkmeniň wepaly ýoldaşydyr. Olary ösdürip ýetişdirmegiň gadymy
däpleri ylmyň we seçgiçiligiň öňdebaryjy gazananlarynyň, tehnologik işläp
taýýarlamalaryň işjeň ulanylmagy bilen döwrebap usulda kämilleşdirilýär.
...Türkmen
alabaýynyň baýramy mynasybetli dabaralar ýurdumyzyň ähli şäherlerinde we
obalarynda hem ýaýbaňlandyryldy. Şol çäreleriň medeni maksatnamalaryna
baýramçylyk konsertleri, sergiler, edebi-sazly, şahyrana duşuşyklar, ýurdumyzyň
itşynaslaryny sylaglamak ýaly çäreler girizildi.
tdh.gov