PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY
Baş sahypa

Täzelikler

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň 16 ýyllygy mynasybetli sergi geçiriler

18.02.2024
Card image cap

2024-nji ýylyň 17-18-nji martynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergi merkezinde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygy mynasybetli sergi geçiriler. Sergide Türkmenistanyň obasenagat toplumynda, senagat ulgamynda, himiýa önümçiliginde, söwda hem-de hyzmatlar pudagynda, milli senetçilikde, haly önümçiliginde iş alyp barýan kärhanalaryň önümleri görkeziler.

Her ýylda geçirilmegi däbe öwrülen sergi hususy pudagyň alyp barýan öndürijilikli hem-de döwrebap işini köpçülige ýetirmekde, täze önümler bilen tanyş etmekde, şeýle-de söwda-ykdysady gatnaşyklarda işewürlik hyzmatdaşlygynyň täze ugurlarynyň açylmagyna giňden ýardam eder. Bu giň gerimli sergide 2024-nji ýylda öndürilen önümlere we ýola goýlan hyzmatlara hem uly orun berler.

Köpugurly sergä öz önümleri we hyzmatlary bilen gatnaşmaga isleg bildirýän taraplar Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine hat üsti bilen ýüz tutmalydyr. Olar hatda öz önümçilik ugurlaryny, sergi diwarlyklary üçin gerek bolan ýeriň meýdanyny (m2) görkezip, diwarlyklarynyň şekil nusgasyny tabşyrmalydyr. Sergä gatnaşmak üçin arzalar we teklipler 2024-nji ýylyň 25-nji fewralyna çenli kabul edilýär.

turkmenportal.com


Bulary hem okaň