Mary
welaýatynyň edara ediş merkezi Mary şäherinde «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy»
ady bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň forumy öz işine
başlady.
Mälim
bolşy ýaly, bu forumy geçirmek teklibi şu ýylyň maý aýynda Hytaýyň Sian
şäherinde «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynda geçirilen döwlet Baştutanlarynyň
birinji sammitinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan öňe
sürüldi. Bu başlangyç Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe
türkmen ýaşlarynyň dünýäniň dürli ýurtlaryndaky deň-duşlary bilen dostlukly
gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, giň dünýägaraýyşly, öz halkynyň
däp-dessurlaryna, milli mirasyna belent sarpa goýýan, bilimli, zehinli ýaş
nesli terbiýelemek babatda köpugurly işleriň durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň
beýanydyr.
Giň
möçberli çäre Merkezi Aziýa sebitiniň döwletleriniň we HHR-iň halklarynyň
arasynda däp bolan gatnaşyklary giňeltmek hem-de çuňlaşdyrmak maksady bilen
geçirilip, onuň guramaçylygy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasy, degişli ministrlikler we pudak edaralary, Mary welaýat häkimligi
tarapyndan ýola goýuldy. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň möhüm
wakalarynyň birine öwrülen, üç günläp dowam edýän foruma ykdysadyýetiň ähli
ugurlarynda zähmet çekýän ýaş hünärmenler, talyplar, meýletinçiler, işjeň
agzalar, Hytaý Halk Respublikasynyň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň — Gazagystanyň,
Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Türkmenistanyň bilim, ylym, medeniýet,
sungat ulgamlarynyň, parlament düzümleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Forumyň
köp sanly wekiliýet agzalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň
iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. «Bu forumyň esasy maksady
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň arasynda bilim, ylym, medeniýet, ýaşlar
syýasaty meseleleri boýunça mümkinçilikleri birleşdirmäge gönükdirilendir. Bu
bolsa ählumumy parahatçylygy, bähbitleri göz öňünde tutup, halklaryň we
döwletleriň arasynda hoşniýetli hyzmatdaşlygyň kemala gelmegine gönükdirilen
täze mazmunly gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik döreder» diýip, döwlet
Baştutanymyz Gutlagynda belledi we forumyň ýaşlar syýasaty babatda halkara
hyzmatdaşlygy ösdürmegiň anyk ýollaryny kesgitlemekde möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna
ynam bildirdi.
Çykyş
edenleriň belleýişleri ýaly, biziň ýurtlarymyzyň halklaryny köpasyrlyk
dost-doganlyk gatnaşyklary, ähli ugurlardaky hyzmatdaşlykda gazanylan oňyn
tejribeler baglanyşdyrýar. «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatyndaky dialog her bir
ýurduň milli bähbitlerini hasaba almak bilen guralýan, ynanyşmaga we özara
hormat goýmaga esaslanýan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin netijeli
gurallaryň biri hökmünde meşhurlyga eýe boldy. Ilkinji nobatda, öz halklarynyň
bähbitlerine eýerýän Merkezi Aziýa sebitinde geografik taýdan amatly ýerleşen
döwletleriň Baştutanlary umumy maksatlara we wezipelere — durnukly
durmuş-ykdysady ösüşe we abadançylyga ýetmek, bar bolan ägirt uly
mümkinçilikleri bilelikde durmuşa geçirmek üçin tagallalary işjeň
birleşdirýärler.
«Dialog
— parahatçylygyň kepili» ýörelgesine üýtgewsiz eýerip, Türkmenistan dünýä
döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýmagy, gadymdan gelýän ynanyşmak
däplerini gorap saklamagy, irki döwürden bäri medeniýetiniň, taryhynyň, ruhy
gymmatlyklarynyň umumylygy bilen baglanyşýan doganlyk halklaryň arasynda özara
hormat goýmagy goldamagyň möhümdigini hemişe nygtap gelýär. Şunuň bilen
baglylykda, şu gezekki forumyň Mary şäherinde geçirilmeginiň özboluşly manysy
bardyr. Irki döwürde “Merkezi Aziýanyň derwezesi” adyny alan bu şäher Beýik
Ýüpek ýolunyň başlangyç nokady bolan Hytaýyň gadymy paýtagty Sianyň doganlaşan
şäheridir.
Mälim
bolşy ýaly, Merkezi Aziýanyň çäginden geçip, Ýewropa uzan bu taryhy ýol möhüm
ähmiýete eýe bolan köp sanly medeni we söwda merkezleriniň emele gelmegine
hyzmat edip, dünýä medeniýetiniň ösmegine, rowaçlanmagyna şert döredipdir.
Beýik Ýüpek ýolunyň galkynmagynyň we bu işe jemgyýetiň hereketlendiriji güýji,
Ýer ýüzünde bagtyýar geljegi gurmakda ähmiýetli orny bolan ýaşlaryň işjeň
gatnaşmagynyň şu gezekki forumyň gün tertibiniň esasy mazmuny hökmünde
kesgitlenilmegi tötänden däldir. Hut döwrebap dünýägaraýşa eýe bolan ýaşlar
häzirki zamanyň derwaýys meseleleriniň çözülmeginde çuň many-mazmun bilen üsti
ýetirilýän köptaraply gatnaşyklary gurmaga, düýbünden täzeçil, kabul ederlikli
çemeleşmeleri öňe sürmäge hem-de durmuşa ornaşdyrmaga ukyplydyrlar.
Ýurdumyzda
üstümizdäki ýylyň çuň many-mazmuna eýe bolan “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar
ýyly” şygary astynda geçmegi öňlerinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň
Galkynyşy döwrüniň beýik özgertmelerini dowam etdirmek wezipesi duran ýaş nesle
bildirilýän uly ynamyň aýdyň nyşanydyr. Bu gün ýaş türkmenistanlylar halk
hojalygynyň dürli pudaklarynda yhlasly zähmet çekip, milli we döwlet
maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýarlar, ylym-bilim,
jemgyýetçilik işi bilen meşgullanyp, Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň
hemmetaraplaýyn ösüşine goşantlaryny goşýarlar.
Ýaş
nesliň durmuş we zähmet işjeňligini ýokarlandyrmak, olaryň telekeçilik
başlangyçlaryny ösdürmek, häzirki zaman önümçilikleriniň döredilmegine
hemmetaraplaýyn goldaw bermek ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ýaşlar syýasatynyň
möhüm ugurlarydyr. Şeýlelikde, döwletimiz ýaş türkmenistanlylaryň
hemmetaraplaýyn ösmekleri, olaryň aň, döredijilik we ruhy kuwwatlyklaryny
netijeli ulanmaklary üçin ähli şertleri döredýär. Mälim bolşy ýaly, bu ugurda
alnyp barylýan işleriň hukuk binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen,
binýatlaýyn resminama — «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň
Kanunynyň rejelenen görnüşi işlenip taýýarlanyldy we kabul edildi. Onda göz
öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin «Türkmenistanda
ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet
maksatnamasy» we ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasy
tassyklanyldy.
Türkmenistanyň
Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet
meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Bütindünýä ýaşlar jemgyýetiniň resmi
agzalygyna kabul edilmegi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bu
ugurda alyp barýan özgertmeler syýasatynyň dabaralanýandygynyň aýdyň nyşany
boldy. Şu ýylyň iýun aýynda kabul edilen «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara
hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasy» nurana geljegi
gurmagyň bähbidine beýleki ýurtlaryň ýaşlary bilen gatnaşyklary pugtalandyrmagy
maksat edinýär. Şu günki forumyň geçirilmegi hem bu Strategiýany durmuşa
geçirmegiň ýolunda möhüm ähmiýetli waka boldy.
Bilim,
ylym, innowasiýa, medeniýet we sungat ýaly ugurlarda altytaraplaýyn
hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek gün tertibine girizilen esasy meseleleriň
hataryndadyr. Bellenilişi ýaly, görnükli alymlary, oýlap tapyjylary,
akyldarlary dünýä beren Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň halklary baý medeniýetiň, ylmy
däpleriň mirasdüşerleridir hem-de goraýjylarydyr. Şunuň bilen baglylykda, bar
bolan özara gyzyklanmalary giňeltmegiň, toplumlaýyn esasda giň ugurda
medeni-ylmy alyşmalary işjeň ösdürmegiň wajypdygy nygtaldy. Köptaraplaýyn
duşuşyga gatnaşyjylar ýurtlaryň we olaryň halklarynyň arasynda dostluk,
hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny yzygiderli pugtalandyrmagyň, gadymdan gelýän
goňşuçylyk, özara hormat goýmak däplerini aýawly saklamagyň möhümdigini
biragyzdan bellediler.
Nygtalyşy
ýaly, şeýle çäreler ýaşlaryň durmuş işjeňliginiň, halkara gatnaşyklaryň
giňeldilmegine, ýaş raýatlaryň watansöýüjilik däpleri esasynda
terbiýelenilmegine, ýakyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge şert döredýär. Şu gezekki
ýaşlar forumynyň netijeli halkara dialogy pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm waka boljakdygyna
ynam bildirip, duşuşyga gatnaşyjylar hormatly Prezidentimize we türkmen
halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza
parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge, halkara, şol sanda ýaşlaryň
arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen köptaraply tagallalary üçin
tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.
Umumy
mejlis tamamlanandan soňra, Mary welaýat kitaphanasynda aýratyn mazmunly
mejlisler, kiçi düzümdäki duşuşyklar, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary
boýunça wekiliýetleriň ýolbaşçylarynyň gepleşikleri geçirildi.
Forum
öz işini dowam edýär. Onuň çäklerinde möhüm çäreleriň hatarynda Türkmenistanyň
Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň yglan eden, bu
guramanyň döredilen güni mynasybetli zähmetde we döredijilikde aýratyn
tapawutlanan ýaşlary Türkmenistanyň ýaşlar baýragy bilen sylaglamak dabarasy,
Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda bolsa Merkezi Aziýa
ýurtlarynyň we Hytaýyň medeniýet, sungat ussatlarynyň ýaşlar festiwaly geçiriler.
Şeýle
hem foruma gatnaşyjylar üçin ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna
girizilen, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda häzirki güne çenli saklanyp galan gadymy
şäher oazisleriniň biri bolan «Gadymy Merw» döwlet taryhy-medeni goraghanasyna
gezelenç guralar.
tdh.gov