«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň ajaýyp kenarýakasynda şanly sene — Hazar deňziniň güni dabaraly bellenildi.
Bu halkara baýramçylyk her ýyl ähli kenarýaka ýurtlary, şol sanda Türkmenistan tarapyndan gol çekilen Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýanyň (Tähran konwensiýasynyň) güýje giren gününde geçirilýär. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary bilen geçýän şu ýylda bu resminamanyň gol çekilenine 20 ýyl doldy. Munuň özi Awazadaky şol günki çäreleriň ähmiýetini artdyrdy.
Baýramçylyk çäreleriniň çäklerinde ylmy-amaly maslahat, sergi, sport ýaşlary, döredijilik bäsleşikleri, şeýle hem welaýatyň aýdym-saz toparlarynyň çykyşlary guraldy.
Hormatly Prezidentimiz «Hazar deňzi – parahatçylyk we dostluk deňzi» atly ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagynda Türkmenistanyň özüniň halkara derejesinde ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna ygrarly bolmak bilen, Hazar deňziniň parahatçylygyň, ylalaşygyň we hyzmatdaşlygyň deňzi bolmagy ugrunda tagallalaryny dowam etdirjekdigini aýtdy.
Günüň ikinji ýarymynda «Daýanç» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda amaly sungat we deňiz materiallaryndan bezeg işlerinde iň oňat çagalar eserleriniň awtorlaryna baýrak gowşurylyş dabarasy geçirildi.
Baýram agşamynyň soňky nokady, Balkan welaýatynyň Döwlet drama teatrynyň, deňizýaka şäheriniň çagalar döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda geçirilen konsert boldy. Onuň maksatnamasyna Hazarýaka ýurtlarynyň halklarynyň tanslary we aýdymlary hem goşuldy.
Ol ýere ýygnananlar maslahaty geçirmek üçin döredilen ajaýyp şertler we Hazar deňziniň daşky gurşawyny gorap saklamak baradaky ýadawsyz aladalary üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk sözlerini aýtdylar.
www.tdh.gov.tm.