PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY
Baş sahypa

Täzelikler

«Akylly» şäher Arkadag» atly halkara maýa goýum forumy öz işine başlady.

01.07.2023
Card image cap

Düýn sagat 15:00-da Arkadag şäherinde «Akylly» şäher Arkadag» atly halkara maýa goýum forumy öz işine başlady. Oňa halkara guramalaryň we kompaniýalaryň wekilleri, bilermenler, şeýle hem Türkmenistanyň söwda we ykdysady pudagyndaky kärhanalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Halkara maýa goýum forumyna gatnaşyjylara iberen Gutlagynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Halkara forum maýa goýumlary çekmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek we ösdürmek barada özara pikir alyşmakda, teklipleri öwrenmekde netijeli bolar. Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň depginini ýokarlandyrmakda, milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge maýa goýumlary çekmekde, dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän önümleriň öndürilişini artdyrmak boýunça ileri tutulýan maksatnamalary durmuşa geçirmekde bu forumyň ähmiýeti örän uludyr» diýip belledi.

Forumyň çäklerinde «Şäherlerde durnukly ösüşiň we täze tehnologiýalaryň geljegi», «Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçilikleri», «Akylly» şäherleriň sanly infrastrukturasy we sanly innowasiýa tehnologiýalary» ýaly mowzuklarda çykyşlar boldy.

Forumyň çäginde ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi, hyzmatdaşlyk resminamalaryna gol çekildi.

Daşary ýurtly wekiliýetler üçin kärhanalardyr zawodlara tanyşlyk saparlary guraldy.

Bu barada "Turkmenportal" web sahypasynda habar berildi.


Bulary hem okaň