PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY
Baş sahypa

Täzelikler

Türkmenistanda ýazky bag ekmek möwsümine badalga berildi

17.03.2024
Card image cap

  Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzda ählihalk bag ekmek çäresiniň nobatdaky tapgyryna badalga berildi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň günortasyndaky gözel künjekde ýaýbaňlandyrylan ählihalk bag ekmek dabarasyna Gahryman Arkadagymyz bilen bilelikde gatnaşdy.

  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe tebigata aýawly çemeleşmek babatda gadymdan gelýän däp-dessurlarymyza laýyklykda, ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklary rejeli ulanmak, «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär.

  Ýurdumyzda ýagşy dessura öwrülen köpçülikleýin bag ekmek dabarasy täze seýilgähleriň, tokaý zolaklarynyň döremegini şertlendirýär. Bu bolsa türkmen topragynyň ösümlik dünýäsiniň baýlaşmagyny üpjün etmek bilen bir hatarda ýakymly howa gurşawynyň emele gelmegine oňyn şert döredýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen topragynyň ähli ýerinde kemala getirilýän ýaşyl zolaklar ekologiýa howpsuzlygynyň, ilatyň saglygynyň we abadançylygynyň möhüm şerti bolup durýar.

  Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan ekologiýa syýasaty netijesinde bagy-bossanlyklaryň eýeleýän ýerleri barha giňeýär. Diýarymyz bereketli baglyklaryň we meýdanlaryň, täzelenişiň hem-de ösüşiň nyşanlary bolan owadan we gür tokaýlyklaryň mekanyna öwrülýär.

 tdh.gov


Bulary hem okaň