Düýn
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň
Başlygy D.Gulmanowa Oman Soltanlygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly
ygtyýarly ilçisi Saif bin Raşid bin Saif Al-Jahwariden ynanç hatyny kabul etdi.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet
Baştutanymyzyň adyndan ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki
ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek
babatda alyp barjak asylly işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk
bildirip, diplomat Oman Soltanlygynyň ýolbaşçylarynyň hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedowa iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Şunda ýurdumyzyň dünýäde parahatçylygyň, durnuklylygyň, abadançylygyň binýadyny
berkitmek boýunça öňe sürýän döredijilikli başlangyçlarynyň möhüm ähmiýetine
aýratyn üns çekildi. Duşuşygyň dowamynda diplomata Mejlisiň düzümi we onuň
ýurdumyzyň hukuk binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde alyp
barýan köptaraply işleri barada giňişleýin gürrüň berildi.
Saif bin Raşid bin Saif Al-Jahwari öz ýurdunyň
Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge, şol sanda söwda, işewürlik we
medeni gatnaşyklary ýola goýmaga gyzyklanma bildirýändigini belledi.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen-oman
hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlarda ösdüriljekdigine ynam bildirildi. Şeýle hem
ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň berkidilmeginiň möhüm şerti bolup hyzmat edýän
parlamentara gatnaşyklary giňeltmäge taýýarlyk beýan edildi.
*
* *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Ýurtlarymyzyň arasyndaky hoşniýetli
gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmek maksady bilen, men jenap Saif bin Raşid
bin Saif Al-Jahwarini Oman Soltanlygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we
Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldim. Onuň ýokary hünär
derejesi we ukyp-başarnyklary özüne ynanylan wezipäni Siziň Alyhezretiňiziň
ynamyna, hormatyna mynasyp derejede ýerine ýetirjekdigine ynam döredýär. Şunuň
bilen baglylykda, jenap Saif bin Raşid bin Saif Al-Jahwarini hoşniýetli kabul
etmegiňizi we meniň adymdan ähli beýan etjeklerine, hususan-da, Siziň
Alyhezretiňize abadançylyk, bagtyýarlyk, ýurduňyza rowaçlyk baradaky
arzuwlarymy ýetirende, oňa doly ynanmagyňyzy Sizden haýyş edýärin.
Haýsam bin Tarik,
Omanyň Soltany.
tdh.gov