2024-nji
ýylyň 9-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet
Gurbanow Gazagystanyň Ilçisi Askar Täjibaýew bilen duşuşdy.
Duşuşygyň
barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň gerimi boýunça Türkmenistan
bilen Gazagystanyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmagyň geljegini ara alyp
maslahatlaşdylar.
Diplomatlar
ýokary derejeli saparlarda gazanylan ikitaraplaýyn şertnamalaryň iş ýüzünde
durmuşa geçirilişine syn berdiler we 2024-nji ýyl üçin türkmen-gazak
gatnaşyklarynyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Şu nukdaýnazardan,
taraplar daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeleriň ähmiýetini,
şeýle hem ýokary derejeli yzygiderli ikitaraplaýyn saparlary we gatnaşyklary guramagyň
zerurdygyny bellediler.
Taraplar
parlamentara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň we iki ýurduň parlamentarlarynyň
arasynda yzygiderli ýygnaklary we geňeşmeleri geçirmegiň möhümdigini bellediler.
ÝHHG,
BMG, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy we beýlekiler ýaly abraýly halkara
guramalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň we özara goldawyň oňyn tejribesi beýan
edildi.
mfa.gov