2023-nji ýylyň 31-nji
oktýabrynda ÝHHG-niň Baş sekretarynyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary
syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň
Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler
ministri Bahtiýor Saidow bilen duşuşygy geçirildi.
Söhbetdeşligiň
dowamynda iki ýurduň ministrleri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň işjeň we depginli
ösüş häsiýetini belläp, ýakyn wagtda geçiriljek çäreleriň we sammitleriň
meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Diplomatlar
Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleriniň kömegi bilen iki
dogan döwletiň giň ugurlarda netijeli we täsirli köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy
durmuşa geçirýändigini mälim etdiler. Şol bir wagtyň özünde, Gahryman
Arkadagymyzyň Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky özara bähbitli
gatnaşyklary ösdürmäge goşýan ägirt uly goşandy aýratyn nygtaldy.
Şunuň bilen birlikde,
iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň işi türkmen-özbek gatnaşyklaryny
pugtalandyrmagyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde görkezilýär.
Sebit meseleleri
boýunça ýakyn hyzmatdaşlygyň möhümligini belläp, R.Meredow Türkmenistanyň,
Özbegistanyň we Täjigistanyň liderleriniň gatnaşmagynda şu ýylyň awgust aýynda
Aşgabatda geçirilen üçtaraplaýyn sammitiň ähmiýetini sebitara hyzmatdaşlygyň
mundan beýläk-de ösmegine itergi beren we gatnaşýan ýurtlaryň özara peýdaly
hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin esas döredendigini belläp geçdi.
Ministrler taraplaryň
arasynda özara düşünişmegiň ýokary derejesini we halkara guramalardaky işleriň
çäklerinde garaýyşlaryň meňzeşligini bellediler. Şeýle hem diplomatlar «Merkezi
Aziýa+» hyzmatdaşlyk formatlarynyň, şol
bir wagtda ýakynda Lýuksemburgda geçirilen Merkezi Aziýanyň Daşary işler
ministrleriniň we Ýewropa Bileleşiginiň duşuşygyny, şeýle hem şu günler
Aşgabatda geçirilýän Merkezi Aziýa
döwletleriniň weÝHHG-niň Daşary işler ministrleriniň mejlislerini ähmiýetini
bellediler.
mfa.gov