2024-nji ýylyň 12-nji sentýabrynda
Türkmenistanyň DIM-nde «Aşgabat şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlary üçin Howa
tehnologiýalary boýunça sebit merkezini döretmek» we «Türkmenistanda gaýtadan
dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek» boýunça brifing geçirildi.
Çärä Türkmenistanyň degişli pudak
edaralarynyň, Türkmenistanda akkreditlenen daşary ýurtlaryň hem-de halkara
guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň
orunbasary M.Bäşimowa öz çykyşynda Merkezi Aziýa ýurtlary üçin Howa
tehnologiýalary boýunça sebit merkeziniň geljekki işiniň esasy ugurlaryny we
agzalan pudakda Türkmenistanyň Prezidentiniň öňe süren başlangyjynyň ähmiýetini
nygtady. Merkeziň esasy maksadynyň Merkezi Aziýa ýurtlary sebitinde howanyň
üýtgemegi babatda tehnologiýalary ornaşdyrmakdan we işe girizmekden hem-de
sebitiň bu ugurda tehnologik ösüşine ýardam bermekden ybarat boljakdygy
bellenildi.
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik
utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko agzalan başlangyjyň daşky gurşawy goramak
babatynda öňde goýulan bilelikdäki maksatlara ýetmek üçin tagallalary
birleşdirmekde möhüm ädime öwrülendigini nygtady.
Brifingiň dowamynda daşky gurşawy goramak,
howanyň üýtgemegi we ekologiýa ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary we
geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem çäräniň gün tertibine tebigy
baýlyklardan rejeli peýdalanmak, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak we
Türkmenistanda alternatiw «ýaşyl» energiýa çeşmelerini işjeň ulanmak bilen
baglanyşykly meseleler degişli edildi.
mfa.gov