PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY
Baş sahypa

Täzelikler

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Germaniýa bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

02.09.2023
Card image cap

2023-nji ýylyň  1-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýanyň Bundestag agzasy Piter Baýeriň ýolbaşçylygyndaky nemes delegasiýasy bilen gepleşik geçirdi.

Duşuşykda taraplar döwletara hyzmatdaşlygyň häzirki gün tertibine garadylar. Bu kontekstde iň ýokary we ýokary derejedäki aragatnaşyklaryň ähmiýeti nygtaldy.

Syýasy, söwda we ykdysady ugurlarda mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň möhüm taraplary hem görkezildi. Saglygy goraýyş, sanlaşdyrmak, oba hojalygy we suw baýlyklaryny tygşytly peýdalanmak ugurlary geljegi uly ugurlar hökmünde kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, R.Meredow Bilelikdäki Türkmen-German iş toparynyň ykdysady hyzmatdaşlyk we iş forumlaryny guramak boýunça işini güýçlendirmek arkaly söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigini aýtdy.

Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasyndaky parlamentara gepleşiklere-de üns berildi.

 

www.mfa.gov.tm


Bulary hem okaň