2024-nji
ýylyň 9-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet
Gurbanow bilen Täjigistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly wekili Wafo
Niýatbekzodanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda
taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda
ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
2023-nji
ýylyň 10-11-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň
Täjigistana amala aşyran döwlet saparynyň öndürijilikli häsiýeti beýan edildi,
onuň dowamynda taraplaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga
ygrarlydyklary tassyklanyldy.
Munuň
bilen birlikde, taraplar söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna üns
berdiler. Şunuň bilen baglylykda ýurtlaryň arasyndaky söwda dolanyşygyny
ýokarlandyrmagyň zerurlygy bellendi. Şol bir wagtyň özünde, 2023-nji ýylyň
noýabr aýynda Duşenbe şäherinde geçirilen Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki
hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara toparynyň mejlisiniň kararlaryny çözgütlerini
durmuşa geçirmegiň gidişini seredilip geçildi.
Diplomatlar
medeni we ynsanperwer ugurda ýakyn gatnaşyklary dowam etdirmegiň zerurdygyny
bellediler. Bu nukdaýnazardan, Aşgabatda we Duşenbe şäherinde Türkmenistanyň we
Täjigistanyň Medeniýet günlerini geçirmek tejribesini dowam etdirmegiň
wajyplygy bellendi.
Parlamentleriň
arasynda mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi we iki ýurduň parlamentarlarynyň
saparlaryny alyşmagyň geljegi barada pikir alşyldy.
mfa.gov