2024-nji
ýylyň 20-nji noýabrynda Duşenbe şäherinde Türkmenistan bilen Täjigistan
Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler
geçirildi.
Türkmen tarapyna Daşary işler ministriniň
orunbasary Ahmet Gurbanow, täjik tarapyna Daşary işler ministriniň orunbasary Imomi
Sodik Aşurboýzada ýolbaşçylyk etdi.
Geňeşmeleriň dowamynda iki ýurduň arasyndaky
hyzmatdaşlygyň syýasy-diplomatik ugry ara alnyp maslahatlaşyldy, ýokary
derejedäki yzygiderli gatnaşyklaryň ähmiýeti nygtaldy. Sebitleýin we halkara
gurluşlaryň, hususan-da BMG-niň çäklerindäki özara gatnaşyklara aýratyn üns
berildi.
Söhbetdeşler Daşary işler ministrlikleriniň
ugry boýunça alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň netijelidigini bellediler. Şu
nukdaýnazardan diplomatlar hereket edýän iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň
arasynda häzirki wagtda hereket edýän Hyzmatdaşlyk Maksatnamasynyň çäklerinde
gatnaşyklaryň derejesine ýokary baha berdiler. Şol bir wagtyň özünde
ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny kämilleşdirmek bilen
baglanyşykly meselelere garaldy.
Taraplar söwda-ykdysady we maýa goýum
hyzmatdaşlygynyň barşyna baha berdiler. Eksport-import amallaryny artdyrmak
hem-de hödürlenýän harytlaryň we hyzmatlaryň sanawyny giňeltmek ýaly meseleleri
nazara almak bilen, bu ugurdaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine
ýardam berýän şertleri kämilleşdirmegiň zerurdygy nygtaldy.
Mundan başga-da, wekiliýet agzalary
gatnaşyklaryň medeni-ynsanperwer uguruna üns çekdiler. Ylym we bilim
pudaklarynda özara gatnaşyklaryň oňyn tejribesi nygtaldy. Taraplar medeni we ylmy alyş-çalyşlaryny guramak
tejribesini dowam etdirmek barada ylalaşdylar.
Täjigistana saparynyň çäklerinde
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow Täjigistan
Respublikasynyň Daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin bilen hem duşuşdy.
Duşuşygyň barşynda
taraplar türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp
maslahatlaşdylar, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän halkara we sebit
meselelerine garadylar.
mfa.gov