Düýn «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda
Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň ýokary
derejeli duşuşygy öz işine başlady.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedow Hazaryň kenarynda geçirilýän ýokary derejede duşuşyga gatnaşmak
üçin Balkan welaýatyna ugrady. Şeýle hem täze taryhy eýýamyň möhüm wakasyny
özünde jemleýän syýasy çärä gatnaşmak üçin Azerbaýjan Respublikasynyň
Prezidenti Ilham Aliýew hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat
Mirziýoýew ýurdumyza sapar bilen geldiler. Bu halkara çäre sebitiň ýurtlarynyň
arasyndaky gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykýandygyny alamatlandyrdy.
Häzirki
döwürde Türkmenistan, Azerbaýjan Respublikasy we Özbegistan Respublikasy
syýasy-diplomatik ulgamda bolşy ýaly, beýleki ugurlarda netijeli hyzmatdaşlyk
edýär. Bu bolsa sebitde ählumumy parahatçylygyň we durnukly ösüşiň üpjün
edilmeginiň baş şerti bolup durýar.
Goňşy döwletleriň arasyndaky ýokary derejeli duşuşygyň Hazar deňziniň kenarynda
geçirilmeginde çuňňur many bar. Munuň özi “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň
ýokary derejeli halkara çäreleriniň geçirilýän merkezi hökmündäki derejesini
pugtalandyrýar.
tdh.gov