2023-nji
ýylyň 13-nji dekabrynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda BMG-niň Ilatly
nokatlar boýunça maksatnamasy (BMG-HABITAT) bilen hyzmatdaşlyga bagyşlanan
tegelek stol maslahaty geçirildi.
Maslahatyň
işine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M. Bäşimowa,
BMG-HABITAT-yň Merkezi Aziýa we Gündogar Ýewropa boýunça sebitleýin geňeşçisi
K. Şefer, şeýle-de Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak
edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Çäräniň
dowamynda taraplar Türkmenistanda BMG-HABITAT-yň wekilhanasyny açmagyň
mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar we hyzmatdaşlygyň hukuk esaslaryny
döretmegiň wajyplygy barada pikir alyşdylar.
Taraplar
Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň BMG-HABITAT
bilen hyzmatdaşlygynyň ösüş häsiýeti eýedigini hem bellediler.
mfa.gov