2023-nji ýylyň 31-nji
oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Ýewropada
Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretarynyň we Merkezi Aziýa
döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň mejlisi geçirildi.
Onda sebitleýin howpsuzlygyň, ösüşiň we durnuklylygyň iň möhüm temalary boýunça
düýpli pikir alşyldy. Duşuşyga gatnaşyjylar serhet howpsuzlygy, howanyň
üýtgemegi we ekologiýa, şeýle hem ulag aragatnaşyklary meselelerine aýratyn üns
berdiler.
Duşuşykda çykyş eden
ÝHHG-niň Baş sekretary Helga Şmid bu forumyň ýokarda agzalan ölçegleriň her
biri boýunça sebitdäki möhüm meseleleri çözmekde özara gatnaşyklary giňeltmäge
we berkitmäge gönükdirilendigini aýtdy. Şu nukdaýnazardan, Merkezi Aziýa
ýurtlarynyň we degişli halkara düzümleriniň bilelikdäki işleriniň zerurlygy
nygtaldy. Şol bir wagtyň özünde, bu ugurdaky taslamalary we çäreleri ýerine
ýetirmekde ÝHHG-niň möhüm orny beýan edildi.
Duşuşygyň dowamynda
ministrler hyzmatdaşlygyň anyk meseleleri we wezipeleri barada pikir alyşdylar,
Merkezi Aziýa döwletleriniň hersiniň bu ugurlarda ädýän ädimlerini beýan
etdiler, şeýle hem sebiti howpsuzlyk we durnuklylyk bilen üpjün etmek ugrundaky
tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen birnäçe möhüm pikirleri we teklipleri
öňe sürdüler.
Türkmenistanyň Daşary
işler ministri R.Meredow öz çykyşynda ygtybarly serhet howpsuzlygynyň sebitde
parahatçylygy we abadançylygy saklamak üçin esas bolup durýandygyny belledi.
Howanyň üýtgemegi we
ekologiýa meselelerini ara alyp maslahatlaşmagyň çäginde duşuşyga gatnaşyjylar
bu ugurda özara hyzmatdaşlyk üçin bilelikdäki çäreleri amala aşyrmagyň
zerurlygy barada umumy pikiri beýan etdiler.
Türkmen tarapy,
ekologiýa howpsuzlygynyň döwletimiziň halkara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan
ugry bolup durýandygyny, ilkinji nobatda, daşky gurşawy we suw serişdelerini
rejeli dolandyrmak boýunça taslamalaýyn çärelerine degişlidigini aýtdy. Şunuň
bilen baglylykda, R.Meredow türkmen tarapynyň ÝHHG-niň bitewi daşky gurşaw
maksatnamasynyň taslamasyny işläp düzmek baradaky teklibiniň iş ýüzünde durmuşa
geçirilmeginiň möhümdigini belläp, mejlise gatnaşyjylary bu başlangyjy
goldamaga çagyrdy.
Şeýle hem ministr duşuşyga
gatnaşyjylary ýöriteleşdirilen gurluş bolup durýan Sebitiň howa tehnologiýalary
merkezi döretmek baradaky Türkmenistanyň pikirini goldamaga çagyrdy. Şunuň
bilen baglylykda, Howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalary boýunça
ÝHHG-niň forumyny geçirmek teklip edildi.
Şeýle hem, Türkmenistan
ÝHHG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşky gurşawy goramak
ministrleri bilen yzygiderli duşuşyklaryny geçirmek baradaky başlangyjyny
goldaýar. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň iýul aýynda Howa maslahatynyň çäginde
geçirilen ilkinji duşuşyk bu formatyň öz wagtyndalygyny we gyzyklanma
bildirilýändigini görkezdi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy bu formatyň
nobatdaky duşuşygyny 2024-nji ýylda Türkmenistanda geçirmäge taýýardygyny mälim
etdi.
Gün tertibindäki ýene
bir möhüm mesele, ählumumy ösüşiň esasy ugrunda - durnukly ulagda hyzmatdaşlygy
güýçlendirmek bolup durýar. Duşuşyga gatnaşyjylar bu ugurda jebisleşdirilen
hereketler üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny bellediler, ilkinji nobatda, bu
Gündogar-Günbatar ugurlary boýunça ulag aragatnaşyklaryny işjeňleşdirmek
meselelerine degişlidir.
Türkmen tarapy,
gatnaşyjylaryň ünsüni şu ýylyň sentýabr aýynda Duşenbe şäherinde geçirilen
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýolbaşçylarynyň bäşinji Konsultatiw duşuşygynda öňe sürlen
Merkezi Aziýanyň ulag we logistika platformasyny döretmek baradaky başlangyjyna
aýratyn ünsi çekdi. Bu platforma ugurlary we proseduralary ýeňilleşdirmäge,
harytlaryň we ýolagçylaryň daşalmagyny çaltlaşdyrmaga ýardam eder. Şunuň bilen
baglylykda, tutuş sebit üçin umyt döredýän bu pikiri durmuşa geçirmekde
ÝHHG-niň mümkinçiliklerinden peýdalanmak teklip edilýär.
Duşuşyga gatnaşyjylar
sebitde durnukly we howpsuz ösüşi üpjün etmek meseleleri boýunça işjeň hem-de
netijeli gepleşikleri dowam etdirmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.
mfa.gov