2023-nji
ýylyň 29-njy noýabrynda Aşgabatda hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý Hökümetara
komitetiniň 6-njy mejlisi geçirildi.
Mejlisde
türkmen wekiliýetine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler
ministri Raşid Meredow, HHR-nyň wekiliýetine bolsa, Hytaý Halk Respublikasynyň
Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň orunbasary, Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň
Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy Din Sýuesýan
ýolbaşçylyk etdi.
Hökümetara
komitetiň ýolbaşçylary türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň netijeli we
hemmetaraplaýyn ösmeginde esasy faktor bolup, ýokary döwlet derejesindäki açyk,
ynamly, netijeli we dostlukly dialogyň çykyş edýändigini bellediler.
Şeýle hem
taraplar 2021-nji ýylyň noýabr aýynda onlaýn görnüşde geçirilen 5-nji mejlisden
bäri geçen döwürde iki ýurduň Liderleriniň arasynda gazanylan şertnamalaryň
bilelikdäki tagallalar arkaly durmuşa geçirilýändigini bellediler. Syýasy, söwda-ykdysady
we medeni-ynsanperwer ugurlarda türkmen-hytaý gatnaşyklaryny giňeltmek we
berkitmek maksady bilen, Komitetiň mejlisiniň netijeleri boýunça iki ýurt
tarapyndan ylalaşylan köp tabşyryklar ýerine ýetirildi.
Energetika
we ulag-logistika ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň
geljegi bar bolan ugurlary hökmünde kesgitlenildi.
Mejlise
gatnaşyjylar söwda, energetika, ulag, infrastruktura, oba hojalygy ýaly
ugurlarda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň, şeýle hem ylmy we
tehnologiki üstünlikleri alyşmak, medeni-ynsanperwer baglanyşyklary giňeltmek
üçin iki ýurduň telekeçileri üçin amatly iş şertleri döretmegiň zerurlygy
barada biragyzdan pikir aýtdylar.
Türkmenistanyň
we HHR-nyň tehnologiki ugurda hyzmatdaşlygyny ösdürmek we iki ýurduň
ykdysadyýetiniň durnukly ösüşine itergi bermek üçin täze mümkinçilikler
tapmakda uly geljeginiň bardygy mälim edildi.
Mejlisiň
dowamynda söwda, energetika, ulag we logistika, medeniýet, bilim, ylym we
ýokary tehnologiýalar ugurlaryndaky ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary
berkitmäge taraplaryň özara taýýarlygy tassyklanyldy.
Mejlisiň
netijeleri boýunça şu aşakdaky resminamalara gol çekildi:
-
Hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý Hökümetara komitetiniň 6-njy mejlisiniň
Teswirnamasyna;
-
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Ylym we
tehnologiýalar ministrliginiň arasynda ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak
barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
-
Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda halkara
awtomobil gatnawlary hakynda Ylalaşyga.
mfa.gov