Şu gün paýtagtymyzda Maslahat
köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň nobatdaky mejlisi öz işine başlady.
Şanly senäniň – eziz Watanymyzyň mukaddes
Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçirilýän umumymilli forumyň gün
tertibine mähriban halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge, şeýle
hem ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk ýoly bilen üstünlikli öňe
gitmegine gönükdiriden möhüm meseleler girizildi.
Hakyky
halk häkimiýetiniň gadymdan gelýän milli däplerinden hem-de häzirki türkmen
jemgyýetiniň demokratik kadalaryndan ugur alyp, ýurdumyzyň ýokary wekilçilikli
edarasynyň mejlisine gatnaşmak üçin jemgyýetiň ähli gatlaklarynyň we dürli
nesilleriň wekilleri –talyp ýaşlar, hormatly ýaşulular we kümüş saçly eneler
çagyryldy.
tdh.gov