Türkmen halkynyň
gadymdan gelýän däp-dessurlaryndan, ata-babalarymyzyň dost-doganlyk, hoşniýetli
goňşuçylyk, ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alyp, Aşgabat şäherinde Owgan
harytlarynyň sergisini we Türkmen-Owgan işewürlik maslahatyny guramaçylykly
geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama
laýyklykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine, Söwda-senagat edarasyna
hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine 2024-nji ýylyň 3 — 5-nji marty
aralygynda Aşgabat şäherindäki Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
binasynda owgan harytlarynyň sergisini we Türkmen-Owgan işewürlik maslahatyny
ýokary derejede, guramaçylykly geçirmek tabşyryldy.
tdh.gov