Geçen
hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzy
hemmetaraplaýyn ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de
ýokarlandyrmak, gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen
gatnaşyklary yzygiderli pugtalandyrmak boýunça netijeli başlangyçlarynyň
üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň beýany boldy.
8-nji
ýanwarda döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň
gün tertibine ýurdumyzyň oba hojalyk toplumyny ösdürmek we sebitlerde ýerine
ýetirilýän işleriň barşy bilen bagly meseleler girizildi. Bellenilişi ýaly,
welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda
ideg işleri alnyp barylýar. Gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm, tekizleýiş, geriş
çekmek, şeýle-de oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme taýýarlamak, pagtaçy
daýhanlary ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek işleri dowam edýär.
Şunuň bilen birlikde, ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişini
guramaçylykly geçirmek boýunça degişli çäreler görülýär.
Hormatly
Prezidentimiz öňümizdäki ekiş möwsümine talabalaýyk taýýarlyk görmegiň
möhümdigine ünsi çekip, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalarynyň, gurallaryň
möwsüme doly taýýar edilmelidigini, ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň
ekişine ykjam taýýarlyk görülmelidigini tabşyrdy. Şunuň bilen bir hatarda,
döwlet Baştutanymyz medeni-durmuş maksatly binalardaky ýyladyş ulgamlarynyň
kadaly işledilmegi, ilatyň elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen
bökdençsiz üpjün edilmegi babatda degişli tabşyryklary berdi.
8-nji
ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň
Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet
Demiroky kabul etdi. Diplomat döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşuryp,
Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň mähirli salamyny
ýetirdi.
Duşuşygyň
dowamynda ýurtlarymyzyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hemişe hormat
goýmak, birek-birege goldaw bermek ýörelgeleri esasynda ýola goýulýandygy,
halkara syýasatyň özara gyzyklanma bildirilýän meseleleri, aýratyn-da, dünýäde
parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek
boýunça garaýyşlaryň meňzeşdigi ýa-da gabat gelýändigi bellenildi. Söhbetdeşler
syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ýola goýlan
ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň
bardygyna ünsi çekip, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk
toparyna we Işewürlik geňeşine aýratyn ornuň degişlidigini bellediler.
12-nji
ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly
Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda resminamalaryň
taýýarlanan taslamalary, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meseleleri
ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň dowamynda kanunçylygy kämilleşdirmegiň, iri
halkara guramalaryň we abraýly sebit düzümleriniň, hususan-da, Garaşsyz
Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde köptaraply pudaklaýyn hyzmatdaşlygy
giňeltmegiň möhüm meselelerine garaldy.
Ýangyç-energetika
toplumynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, möwsümleýin oba hojalyk
işleri, suw serişdelerini tygşytly we netijeli peýdalanmak boýunça görülýän
çäreler barada habar berildi. Döwlet we hususy tarapyň gatnaşmagynda dürli
ölçegdäki polat turbalaryny öndürýän döwrebap kärhanany döretmek babatda
durmuşa geçirilýän işler barada habar berildi. Daşary ýurtlardan getirilýän
harytlaryň ornuny tutýan we eksport ugurly bu önümler öňdebaryjy
tehnologiýalardyr enjamlaryň ulanylmagy arkaly öndüriler. Şeýle hem mejlisde
telekeçiligi mundan beýläk-de ösdürmek, 2024-nji ýylda aspirantura,
doktorantura, kliniki ordinatura kabul etmek, sirk sungatyny kämilleşdirmek
bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Döwlet
Baştutanymyzyň garamagyna Daşary işler ministrliginiň 2024-nji ýyl üçin iş
meýilnamasynyň taslamasy hödürlenildi. Resminamada ýurdumyzda şanly seneler
mynasybetli birnäçe çäreleri geçirmek hem-de daşary ýurt döwletleri bilen
hyzmatdaşlygy ösdürmek, ikitaraplaýyn saparlary we syýasy geňeşmeleri guramak
göz öňünde tutulýar. Ulag-kommunikasiýa toplumynyň 2024-nji ýyl üçin iş
meýilnamalarynda birnäçe iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek
meýilleşdirilýär. Döwrebap demir ýol, awtomobil we howa menzilleriniň, ýük
terminallarynyň, deňiz gämileriniň, telefon beketleriniň gurluşygyna aýratyn
üns berler.
Şu
ýylyň 29-30-njy ýanwarynda Belgiýa Patyşalygynyň Brýussel şäherinde geçiriljek
Ýewropa bilen Merkezi Aziýanyň arasynda durnukly ulag arabaglanyşygy boýunça
«Global Gateway» maýa goýum forumyna türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagyna
görülýän taýýarlyk işleri barada-da aýdyldy. Çäräniň çäklerinde Ýewropanyň
birnäçe kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we ulag ulgamynda
bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga gönükdirilen gepleşikleri, işewürlik
duşuşyklaryny geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet
Baştutanymyz forumyň çäklerinde «Türkmenistanyň ulag toplumynyň maýa goýum
mümkinçilikleri» atly plenar ýygnagy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi
tabşyrdy.
Mejlisde
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Döwlet sirklerine, aýry-aýry
professional sirk döredijilik toparlaryna «Milli» hukuk derejesini bermegiň
tertibini we şertlerini tassyklamak hakynda Karara gol çekdi. Şeýle hem geçen
hepdede döwlet Baştutanymyz Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Bokurdak
şäherçesinde 1200 orunlyk döwrebap umumybilim berýän mekdebi we 120 orunlyk
umumy ýaşaýyş jaýyny gurmak hakynda Karara gol çekdi.
Geçen
hepdede türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş
saparyny amala aşyrdy. Welaýatyň häkiminiň we onuň bilim, medeniýet, saglygy
goraýyş, sport boýunça orunbasarynyň gatnaşmagynda geçirilen iş maslahatynyň
dowamynda sebiti ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hususan-da,
oba hojalyk pudagyna häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryny ornaşdyrmak,
ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, topragyň hasyllylygyny artdyrmak,
pagtanyň we bugdaýyň öndürilýän möçberini ýokarlandyrmak, önümçilik, durmuş
maksatly binalaryň gurluşygyny yzygiderli gözegçilikde saklamak boýunça alnyp
barylýan işler barada aýdyldy. Ýaşlaryň watançylyk terbiýesi, Magtymguly
Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäreleri yzygiderli guramak
bilen bagly meselelere aýratyn üns çekildi.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedow Mary şäheriniň Gurbanguly hajy metjidine bardy. Hajy Arkadagymyz
metjidiň ymamy we din wekilleri bilen söhbetdeşligiň dowamynda ýurdumyzda
mähriban halkymyzyň parahat, abadan, bagtyýar durmuşynyň, döwletimiziň
rowaçlygynyň bähbidine giň möçberli işleriň amala aşyrylýandygyny belledi. Şol
bir wagtyň özünde, sebitlerimiziň ählisinde döwrebap metjitleriň gurulmagyna
uly üns berilýär.
Hajy
Arkadagymyz din wekillerine ýüzlenip, ýaş nesilleriň watansöýüji, edep-ekramly,
zähmetsöýer bolup ýetişmeklerinde uly işleri bitiren mähriban käbesi Ogulabat
ejäniň hem-de öz manyly ömrüni Watanymyza bagyş eden kyblasy Mälikguly aganyň
hatyrasyna Oraza aýynyň belli günleriniň arasynda gelýän anna gününde belli gün
sadakasyny bermek baradaky teklibini ýaşulular bilen geňeşip görmeklerini haýyş
etdi.
Şol
gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet
Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, harby howa menziline baryp, menziliň
işi, bu ýerde bar bolan uçarlaryň we dikuçarlaryň tehniki aýratynlyklary, harby
uçarmanlaryň gulluk hem-de durmuş şertleri bilen gyzyklandy. Gahryman
Arkadagymyz Watanymyzyň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasyndan
gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň wajypdygyna, şahsy
düzümiň hünär derejesini, nazaryýet, jemgyýetçilik-syýasy hem-de beden
taýýarlygyny ýokarlandyrmak, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini döwrüň
talabyna laýyk derejede guramak bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekdi.
Şeýle
hem türkmen halkynyň Milli Lideri welaýatyň Murgap etrabynyň Garagum sährasynyň
jümmüşinde ýerleşýän «Maldar» maldarçylyk hojalygynyň öri meýdanlaryna bardy.
Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz 550-den gowrak dowary bolan çopanyň işleri, onuň
maşgala durmuşy, süriniň we öri meýdanlaryň ýagdaýy bilen gyzyklandy.
Daýhanlaryň,
maldarlaryň ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine mynasyp goşant
goşmaklary ugrunda döwlet tarapyndan ähli zerur işleriň mundan beýläk-de ýerine
ýetiriljekdigini belläp, Gahryman Arkadagymyz kärendeçi çopana alyp barýan
işlerinde uly üstünlikleri, maşgala abadançylygyny arzuw etdi, çopan
maşgalasyna hormatly Prezidentimiziň adyndan ýörite sowgatlary gowşurdy, şeýle
hem çopanyň haýyşy boýunça onuň maşgalasy bilen ýadygärlik surata düşdi.
Soňra
Gahryman Arkadagymyz Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň
gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan Tejen — Mary böleginiň
gurluşygynyň dowam edýän ýerine bardy. Türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde
işleýän ýol gurluşykçylar bilen gürrüňdeş bolup, olaryň iş şertleri, ulanylýan
tehnikalaryň aýratynlyklary bilen gyzyklandy.
Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşykçylara hormatly
Prezidentimiziň adyndan sowgatlary gowşurdy hem-de olar bilen ýadygärlik surata
düşdi.
Gahryman
Arkadagymyz täze ýoluň ýol belgileriniň döwrebap bolmagy, ulaglaryň hereketini
gözegçilige alýan ulgamyň sazlaşykly işiniň ýola goýulmagy bilen baglanyşykly
meseleleriň hemişelik gözegçilikde saklanylmalydygyny belläp, bu babatda
degişli ýolbaşçylara birnäçe maslahatlaryny berdi.
12-nji
ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Mary welaýatyna
iş saparynyň jemleri jemlenildi hem-de sebiti durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň
esasy ugurlary kesgitlenildi. Gurbanguly hajy metjidiniň degişli binasynda
Gahryman Arkadagymyzyň adyndan toý sadakasy berildi.
Şeýle
hem Mary şäherinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşiniň
agzalarynyň gatnaşmagynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç
çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular
geňeşiniň nobatdan daşary mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda ýerlerde geňeşiň
alyp barýan işleri barada pikir alşyldy, öňde durýan möhüm wezipeleri
üstünlikli ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Mejlisiň
agzalary Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň we kyblasy Mälikguly
aganyň Oraza aýynda belli günleriniň aralygyna düşýän anna gününde belli gün
sadakasyny bermek baradaky teklibini biragyzdan goldadylar.
Şeýlelikde,
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň her bir täze gününde Watanymyz
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda toplumlaýyn
durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýoly bilen ynamly öňe barýar we belent
ynsanperwer ýörelgelere üýtgewsiz ygrarlydygyny dünýä äşgär edýär.
tdh.gov