Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Baş sahypa

Täzelikler

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli sergä hem-de «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara foruma gatnaşyjylara

17.03.2025
Card image cap

Hormatly sergä we foruma gatnaşyjylar!

 Gadyrly myhmanlar!

 Sizi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy hem-de bu sene mynasybetli guralýan serginiň we «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forumyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

 Ýurdumyzyň hususy pudagyny ösdürmek milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şu gün öz işine başlaýan giň gerimli çäreler hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň döwlet goldawyndan netijeli peýdalanyp, berkarar Watanymyzyň ykdysadyýetiniň hereketlendiriji güýjüne öwrülendigine şaýatlyk edýär.

 Hormatly Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary!

 Garaşsyz Watanymyzyň ykdysadyýetiniň ýokary depginde ösmegini üpjün etmek we işjeň maýa goýum syýasatyny dowam etdirmek, ýurdumyzyň sebitleriniň ykdysady kuwwatyny berkitmäge gönükdirilen çäreleri yzygiderli durmuşa geçirmek, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak maksady bilen, biz giň möçberli döwlet maksatnamalaryny, ýurt we sebit maksatly iri taslamalary durmuşa geçirýäris. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» döwlet-hususy hyzmatdaşlygyna, hojalygy ýöretmegiň netijeli usullarynyň giňden ornaşdyrylmagyna, bazar gatnaşyklary şertlerinde telekeçileriň bu işlere işjeň çekilmegine uly ähmiýet berilýär.

 Häzirki döwürde döwletiň ylmy-tehnologik özgertmeler syýasatyny amala aşyrmakda, sanly ykdysadyýetiň giň mümkinçiliklerinden peýdalanmakda, senagatyň, oba hojalygynyň, hyzmatlar ulgamynyň häzirki zamanyň talaplaryna laýyklykda ösdürilmeginde türkmen telekeçileriniň alyp barýan işleri guwandyryjydyr. Täze ykdysady ugrumyzyň hereketlendiriji güýjüne öwrülen hususyýetçilerimiz möhüm ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirip, ykdysadyýetimiziň ösdürilmegine, halkymyzyň maddy hal-ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagyna saldamly goşant goşýarlar. Hususy ulgamda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, bäsdeşlige ukyply, eksport ugurly önümleri öndürmäge niýetlenen döwrebap önümçilikler işe girizilýär, bu kärhanalarda täze iş orunlary döredilýär, ýurdumyzda azyk we haryt bolçulygy pugtalandyrylýar.

 Işewürlik gurşawyny döwrebaplaşdyrmak, kiçi, orta we iri telekeçiligiň gerimini giňeltmek boýunça amala aşyrylýan işleriň netijesinde ykdysadyýetde hususy bölegiň paýy yzygiderli ýokarlanýar. «Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda» kiçi we orta telekeçiligi mundan beýläk-de döwlet tarapyndan goldamak, işewürlik ulgamyny kämilleşdirmegiň hasabyna ykdysadyýetde hususy taraplaryň paýyny artdyrmak we jemi içerki önümiň möçberindäki döwlete dahylsyz bölegiň paýyny 71,6 göterime ýetirmek meýilleşdirilýär. Bu Maksatnama ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmekde, ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmakda, sanly ykdysadyýete uýgunlaşdyrylan bazar ykdysadyýetiniň özgertmelerini üstünlikli amala aşyrmakda, täze iş orunlaryny döretmekde möhüm ähmiýete eýedir. Biz döwletimiziň ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde, döwrebap özgertmeleri ilerletmekde hususy eýeçiligiň ornuny düýpli ýokarlandyrmakdan ugur alyp, telekeçilere berilýän döwlet goldawlaryny mundan beýläk-de dowam etdireris.

 Hormatly sergä we foruma gatnaşyjylar!

 Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň geçen 17 ýylda ýeten sepgitleri, ýurdumyzyň ösüşine goşýan mynasyp goşantlary, gazanýan üstünlikleri bizi buýsandyrýar. Türkmen telekeçileriniň önümleri we hyzmatlary döwrebaplygyň hem-de kämilligiň nusgasy bolmalydyr. Täzeçillik, ylma we ösen tehnologiýalara daýanmak, durnukly ösüş, «ýaşyl» ykdysadyýetiň ýörelgelerine eýermek hususyýetçilerimize mahsusdyr. Düýpli taslamalaryň başyny başlamak, badalga berlen işleri dowam etdirmek üçin telekeçilerimiziň yhlaslaryny gaýgyrman, mundan beýläk hem tutanýerli zähmet çekjekdiklerine berk ynanýaryn.

 Sizi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy hem-de bu sene mynasybetli guralýan serginiň we halkara forumyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, ýurdumyzda özgertmeleri we maksatnamalary durmuşa geçirmekde alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

 Türkmenistanyň Prezidenti

 Serdar BERDIMUHAMEDOW.

tdh.gov


Bulary hem okaň