Gadyrly Medeniýet hepdeligine
gatnaşyjylar!
Eziz watandaşlar!
Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly
Pyragy» ýylynda Arkadag şäherinde geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň dabaraly
açylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala
abadançylygyny, döredijilik üstünliklerini arzuw edýärin.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy
döwründe bedew batly ösüşlere beslenýän Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda
iri möçberli döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň
welaýatlarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde senagat-önümçilik toplumlary,
medeni-durmuş maksatly binalar, döwrebap ýaşaýyş jaýlary yzygiderli gurlup,
halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi barha ýokarlanýar. Türkmen halkynyň Milli
Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan beýik özgertmeler ähli
ulgamlarda üstünlikli dowam etdirilýär. «Watan diňe halky bilen Watandyr!
Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgämizden gelip çykýan wezipeler
ilatyň bagtyýar we abadan ýaşaýşyny üpjün etmekde, Diýarymyzy hemmetaraplaýyn
sazlaşykly ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe bolýar.
Eziz watandaşlar!
Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de
Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli türkmen milli toýy görnüşinde
guralmagy asylly däbe öwrülen Medeniýet hepdeligi ýurdumyzyň welaýatlarynda,
Aşgabat şäherinde yzygiderli geçirilip gelinýär. Gündogaryň beýik akyldary we
nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden
bellenilýän ýylynda bu giň gerimli medeni forumyň «akylly» şäher konsepsiýasyna
laýyklykda gurlan Arkadag şäherinde ilkinji gezek geçirilmegi aýratyn
many-mazmuna eýedir. Hormatly Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan, halkymyza hem-de
Watanymyza bolan beýik söýgüsinden kemala gelen Arkadag şäheri bagtyýarlygyň,
rowaçlygyň, sazlaşykly ösüşleriň şäheridir. Arkadag şäheri dana Pyragynyň
dürdäne şygyrlarynda arzuw eden döwlet berkararlygynyň, il agzybirliginiň
nusgalyk şäheridir.
Gadyrly medeniýet we sungat işgärleri!
At-owazasy dünýä dolan Arkadag şäherinde
dürli maksatly desgalar bilen birlikde, Döwletmämmet Azady adyndaky kitaphana,
Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki, Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama
teatry, Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi, Sahy Jepbarow adyndaky ýörite sungat mekdebi,
Şükür bagşy adyndaky çagalar sungat mekdebi ýaly birnäçe medeni aň-bilim
edaralarynyň döwrebap binalary guruldy. Milli medeniýetimizi, sungatymyzy
ösdürmekde we kämilleşdirmekde örän ähmiýetli bolan bu binalar «akylly» şähere
gelýän myhmanlary haýran galdyrýar. Arkadag şäherinde geçirilýän Medeniýet
hepdeliginiň dowamynda guraljak çäreler hem bu ajaýyp künjekde medeniýeti,
sungaty ösdürmek üçin ähli mümkinçilikleriň döredilendigini nobatdaky gezek
giňden açyp görkezer.
Häzirki döwürde biz ýurdumyzyň
şekillendiriş we amaly-haşam, aýdym-saz, teatr, kino sungatyny ösdürmäge,
köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmäge aýratyn üns
berýäris. Şoňa görä-de, Medeniýet hepdeliginiň çäginde sungatyň bu ugurlaryna
degişli çäreler baý many-mazmunly we döredijilikli guralyp, bu ugurda alnyp
barylýan işleriň netijeleri aýdyň şöhlelenmelidir. Şahyrlaryň şygryýet agşamy
il içinden täze zehinleriň ýüze çykarylmagynda, türkmen edebiýatynyň kämil
eserler bilen baýlaşmagynda möhüm ähmiýete eýe bolmalydyr. Çünki dana Pyragynyň
doglan gününiň 300 ýyllygy hem-de bu şanly sene mynasybetli Köpetdagyň ajaýyp
dag eteginde nusgawy şahyrymyzyň ýadygärliginiň we onuň adyny göterýän
medeni-seýilgäh toplumynyň gurulmagy ýurdumyzyň ähli döredijilik işgärleriniň,
şol sanda ýazyjy-şahyrlarymyzyň ylhamyny has-da joşdurýar.
Hormatly Medeniýet hepdeligine
gatnaşyjylar!
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy
döwründe biz ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny ösdürmäge, medeni edaralaryň
maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmäge, döredijilik işgärleriniň çekýän
asylly zähmetini höweslendirmäge uly ähmiýet berýäris. Bagtyýar
watandaşlarymyzy halal hem netijeli zähmet çekmäge ruhlandyrmakda, döwletimiziň
dünýädäki belent at-abraýyny giňden wagyz etmekde ýazyjy-şahyrlaryň,
žurnalistleriň, suratkeşleriň, teatr we kino işgärleriniň, kompozitorlaryň,
bagşy-sazandalaryň alyp barýan döredijilikli işine ýokary baha berýäris.
Döredijilik işgärleriniň kämil, döwrebap eserleri döretmekleri, bagtyýar
durmuşda ýaşamaklary, öndürijilikli zähmet çekmekleri üçin olary mundan
beýläk-de ähli zerur şertler bilen üpjün ederis.
Arkadag şäherinde geçirilýän Medeniýet
hepdeliginiň hem türkmen medeniýetini we sungatyny has-da kämilleşdirmek, onuň
köpöwüşginliligini giňden açyp görkezmek babatda baý mazmunly medeni çärä
öwrüljekdigine berk ynanýaryn.
Hormatly medeniýet we
sungat işgärleri!
Gadyrly Medeniýet hepdeligine
gatnaşyjylar!
Siziň ähliňizi Arkadag şäherinde Medeniýet
hepdeliginiň dabaraly açylmagy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden
gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, döredijilik üstünliklerini arzuw
edýärin.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar
BERDIMUHAMEDOW.
tdh.gov